Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
ÝeHHG-nyň bilermenleri türkmen žurnalistlerini teleradiogepleşikleri taýýarlamagyň täze usullary bilen tanyşdyrdylar
Jemgyýet
ÝeHHG-nyň bilermenleri türkmen žurnalistlerini teleradiogepleşikleri taýýarlamagyň täze usullary bilen tanyşdyrdylar
Çap edildi 22.05.2018
2815

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň guran “Teleradiogepleşikleri düzgünleşdirmek babatda halkara ölçegleri we gepleşikleri taýýarlamagyň täze usullary” temasyndan iki günlük okuw öz işini tamamlady. ÝeHHG-nyň bilermenleri Anna Kaçkaýewa (Russiýa) we Arkadiý Maýofis (Ysraýyl) milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini döwlet, jemgyýetçilik we täjirçilik telewideniýesini ösdürmegiň dünýä tejribesi bilen tanyşdyrdylar. ÝeHHG-nyň Merkeziniň baştutany Natalýa Drozd öz gutlagynda bu çäräniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda milli kanunçylygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralýan “tegelek stollar” tapgyryny dowam edýändigini belledi. Tematiki tapgyrlar degişli kanunçylygy kämilleşdirmek we ony durmuşa ornaşdyrmak jähtinden halkara we milli bilermenleriň arasynda tejribe we pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. ÝeHHG Türkmenistanyň hökümetiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kianunçylygyny kämillerdirmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýar we bu möhüm işde ýardam etmäge taýýardyr, diýip Natalýa Drozd nygtady. Mälim bolşy ýaly, Merkez şu ýylyň ýanwar aýynda kabul edilen Türkmenistanyň telewideniýe we radiogepleşikler baradaky kanunyny işläp taýýarlamaga bilermenler goldawyny berdi, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky milli kanunçylygy halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek ýolunda möhüm ädim boldy. Nygtalşy ýaly, Kanunda jemgyýetçilik we hususy guramalaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar, bu bolsa gepleşikleri taýýarlaýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň pikirleriň köpdürlüligini üpjün etmekde we bäsleşige ukyply media-bazary döretmekde möhüm ýagdaý bolar. Interaktiw görnüşde geçirilen okuwyň barşynda telegepleşikleriň dürli görnüşleriniň aýratynlyklaryna garaldy, daşary ýurtlarda hususy telekompaniýalarynyň döredilmeginiň tejribesi, olaryň kemala gelşiniň tapgyrlary, işgärleriň hünär derejesiniň bölünilmegi seljerildi, olaryň netijeli işiniň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuwa gatnaşanlaryň ünsi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da hususy telewideniýäniň işini hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ugurlaryna çekildi. Okuwyň jemleýji bölümi teležurnalistikada täze bilim ölçeglerine we çalt ösýän ählumumy maglumatlar giňişliginiň jähtinden megasenagatda hünärine ussatlary taýýarlamagyň wajyp ugurlaryna bagyşlandy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow