Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Oňaýly ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň abadançylygy barada döwlet aladasydyr
Jemgyýet
Oňaýly ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň abadançylygy barada döwlet aladasydyr
Çap edildi 10.05.2018
2331

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynda öýlere göçüp baranlara açarlary gowşurmak dabarasy boldy. Dört gatly jaýlaryň taslamalary olaryň binýadynyň, üçeginiň we diwarlarynyň sazlaşykly çözgütleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Binalaryň gurluşygynda döwrebap ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy. Goşmaça kömekçi otaglary bolan uly ýaşaýyş meýdanly öýleri gurmak indi kada öwrüldi. Öýleriň her birinde ýaşaýjylaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin şertler we oňaýlyklar döredildi. Täze desgalar toplumy her biri 32 öýden ybarat bolan jaýlaryň 5-sini özünde jemleýär. Bu binalar Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşigi tarapyndan hem-de “Beýik bina” we “Çynar gurluşyk” hususy kärhanalarynyň güýji bilen guruldy. Bina edilen jaýlaryň umumy meýdany 5 müň 110 inedördül metre barabardyr. Olaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýler ýerleşýär. Olarda ýaşaýjylar üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Täze ýaşaýyş toplumlaryny ösdürmegiň meýilnamasynda degişli ýaşaýyş-durmuş düzümi, ýaşaýjylaryň boş wagtlaryny işjeň hem-de peýdaly geçirmekleri üçin şertler göz öňünde tutuldy. Ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga aýratyn üns berildi: agaç nahallary we dürli bezeg gülleri ekildi, oturgyçlar, daşaryny yşyklandyrmak üçin çyralar ornaşdyryldy, ýanýodalar hem-de amatly ýollar çekildi. Bu ýerde köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin hem desga bar. Änew şäherinde döwrebap ýaşaýyş toplumynyň açylyşy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Döredijilik toparlary ýygnananlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular täze öýleriň eýelerini tüýs ýürekden gutladylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylary ähli oňaýlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Täze jaýlara göçüp baranlar milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş toplumynyň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýedigini, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň astynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli häsiýetlidigine şaýatlyk edýändigini buýsanç bilen bellediler. Soňky ýyllarda Änewde şeýle dört gatly binalaryň taslamalary yzygiderli düzülýär, gurulýar hem-de ulanylmaga berilýär. Gozgalmaýan emläk üçin elýeterli şertlerde karz bermegiň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem kottej görnüşli has oňaýly ýaşaýyş jaýlary-da gurulýar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow