Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Jemgyýet
Türkmenistan ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Çap edildi 09.05.2018
2133

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-nyň) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan iki günlük duşuşyk Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek meselesine bagyşlandy. Paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýän foruma ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň, Ösüş we hyzmatdaşlyk şweýsar agentliginiň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşýarlar. Bu duşuşyga gatnaşyjylar AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, soňky ýyllarda sebitiň ýurtlary tarapyndan Aral deňziniň sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen netijeli çäreleriň geçirilendigini aýratyn bellediler. Iri halkara guramalar, ozaly bilen bolsa, Birleşen Milletler Guramasy we onuň daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de edaralary bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar we giňeldilýär. Muňa şu ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” Kararnamasy şaýatlyk edýär. 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-ä Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen bu Kararnama Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan, Germaniýa we beýleki döwletler awtordaş bolup çykyş etdiler. Häzirki wagtda AHHG-nyň çäklerinde türkmen Lideri tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe sürlen oňyn başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bu başlangyçlar BMG-niň howandarlygynda hem-de işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen düzümiň — Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegine, BMG-niň Suw strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna degişlidir. Merkezi Aziýanyň suw strategiýasy bu resminamanyň esasy bolup biler, ol sebitiň suw serişdeleriniň serhetýaka döwletleriň ählisiniň bähbitleriniň we halkara hukugyň kadalarynyň hasaba alnyp, netijeli peýdalanylmagyna degişli çözgütleri kabul etmegiň esasy ýörelgelerini kesgitlär. BMG-niň Aral boýunça Ýörite maksatnamasynyň meýilnamasy gyzyklanma bildirilip, pikir alşylan mesele boldy, bu resminama hem Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tekliplerine laýyklykda taýýarlanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna (ADSM-4) ýardam bermek boýunça hereketleriň täze, dördünji Maksatnamasynyň taýýarlanandygy barada habarlar diňlenildi, onda sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, suwdan rejeli peýdalanmagyň gurallarynyň ornaşdyrylmagyna, ilatyň durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we beýlekilere gönükdirilen çäreler toplumy hem-de taslamalar göz öňünde tutulýar. AHHG-nyň döredilen wagtyndan bäri şeýle meýilnamalaryň üçüsi durmuşa geçirildi, soňky meýilnamanyň hereket ediş möhleti 2015-nji ýylda tamamlandy. ADSM-4-i işläp taýýarlamak üçin sebit we milli iş toparlary döredildi, olar AHHG-nyň düzüm bölekleriniň wekillerinden, esaslandyryjy döwletleriň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň hünärmenlerinden, halkara bilermenlerinden düzülendir, köptaraplaýyn geňeşmeler geçirilýär. BMG-niň tassyklan “Gün tertibi — 2030” hasaba alnyp, “Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň täze meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň barşy barada habar aýdyldy, onda üçünji müňýyllygyň durnukly ösüşiniň ählumumy maksatlary we howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygynyň maksatlary beýan edildi. “Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň meýilnamasyny” täzelemek baradaky degişli çözgüt AHHG-nyň durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň geçen ýylyň iýun aýynda Aşgabatda bolan mejlisinde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda halkara guramalaryň wekilleri sebitde ýörite maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmegiň toplanan tejribesini seljerdiler hem-de bu mesele boýunça geljekki meýilnamalary kesgitlediler. Milli we daşary ýurtly bilermenler Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän döwründe hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, AHHG-nyň agza ýurtlarynyň halkara hem-de sebit guramalary, daşky gurşawy goramak we Araly durnukly ösdürmek ulgamynda maliýe düzümleri bilen bilelikdäki işlerini utgaşdyrmak üçin ýörite Geňeş toparyny döretmek baradaky pikiri aýtdylar. Bu we beýleki birnäçe meseleler boýunça degişli çözgütler ertir, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşdyryjy duşuşygy tamamlanandan soňra kabul ediler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow