Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi
Jemgyýet
“Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi
Çap edildi 05.05.2018
3039

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar. Biraýlygyň çäklerinde zähmet toparlarynyň, okuw mekdepleriniň işgärleri, sportuň toparlaýyn we şahsy görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşyp, futbol, woleýbol, basketbol oýunlary, ýeňil atletika, milli göreş we sportuň beýleki görnüşleri boýunça iň güýçlüleri kesgitlediler. Iň ýokary netijeleri görkezenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Welaýatlarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda paýtagtymyzyň türgenleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleri öňdäki orunlary eýelediler, Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary hem birinji orny gazandy. Okuwçylaryň arasynda guralan ýaryşlar has gyzykly we çekeleşikli boldy. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary, ýörite orta okuw mekdepleriniň arasynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabatdaky orta hünär gurluşyk mekdebiniň topary iň güýçlüler diýlip kesgitlenildi. Orta okuw mekdepleriň arasynda paýtagtymyzyň mekdep okuwçylaryň topary ýeňiji boldy. Dabaranyň dowamynda görkezme çykyşlary guraldy. Aşgabadyň sport mekdeplerinde tälim alýanlar erkin göreş we gimnastika boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary köpöwüşginli sazly sport çykyşyny tomaşaçylara hödürlediler. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sport bilen meşgullanmak häzirki wagtda jemgyýetimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütindünýä sport hereketine barha işjeň gatnaşýarlar, olaryň dürli ýaşlarda mynasyp bolan medallary we sylaglary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň ösdürilmegine, zehinlileri ýüze çykarmak hem-de türgenlerimiziň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilmegine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow