Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň täze düzüminiň mejlisleri
Jemgyýet
Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň täze düzüminiň mejlisleri
Çap edildi 06.04.2018
2678

Şu günler Türkmenistanda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» we «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary esasynda saýlanylan welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary özleriniň birinji mejlislerini geçirýärler. Mejlislerde halk maslahatlarynyň başlygy we orunbasary, Geňeşleriň arçyny we kätibi saýlanylýar. 25-nji martda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we halkara kadalara laýyklykda, köppartiýalylyk, syýasy köpdürlülik, giň bäsleşik, açyklyk, aýanlyk şertlerinde, demokratik ýörelgeler esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlary agzybirlikde guramaçylykly geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna syýasy partiýalar, raýatlaryň toparlary tarapyndan 16 müň 274 adam hödürlenildi. Saýlawlar gününde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji “Güneş” saýlaw okrugynyň 48-nji uçastogynda ilkinjileriň hatarynda ses berdi. Bu okrugda beýleki saýlaw okruglarynda bolşy ýaly, bir orna birnäçe adam dalaşgärlik etdi. Ses bermegiň netijesinde welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 240-sy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 1200-si, Geňeşleriň agzalarynyň 5900-si saýlanyldy. Saýlanylan agzalar degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alnyp, olara şahsyýetnamalar gowşuryldy. ...Türkmen halkynyň durmuşynda saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuk öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Obalarda arçynlar saýlananda adalatlylyk, açyklyk, erkinlik, meýletinlik we deňlik esasy ýörelge bolupdyr. Türkmen halkynyň Oguz han eýýamyndan başlanýan baý taryhyna nazar aýlasaň, şol döwürler her kimiň gatnaşyp bilýän saýlawlarynyň erkin we açyk ýagdaýda bolandygyny, bäsleşik esasynda hem-de maslahatlaşmak görnüşinde bolandygyny bellemek gerek. Saýlawlarda halkyň erk-islegine, il-ulsuň köňül arzuwlaryna aýratyn üns berlipdir. Şeýlelikde, türkmen halky halk demokratiýasynyň netijeli görnüşlerini peýdalanmak bilen ýokarda agzalan ýörelgelerde saýlawlary geçirmek boýunça baý tejribe toplady. Türkmenistanda jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen çäreleriň giň toplumy alnyp barylýar. Ata-babalarymyzdan arkama-arka gelýän demokratik ýörelgeleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe häzirki zamanyň halkara ölçegleri bilen sazlaşykda ulanylýar. Şu mejlislerde saýlanylýan welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary hem-de etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary Türkmenistanyň Halk maslahatynyň düzümine girýär. Bu wekilçilikli edaralara saýlanan agzalaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, olara milli Liderimiziň amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň we döwlet ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun degişlidir. Mejlisleriň barşynda ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň täze saýlanylan agzalary tutanýerli zähmet çekip, halkymyzyň özlerine bildiren belent ynamyny ödejekdiklerine ynandyrdylar. Mejlislere gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy ulgamy kämilleşdirmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan ugrunyň üstünlige beslenýändigini, türkmen milletiniň agzybirligini, jebisligini has-da berkidýändigini buýsanç bilen bellediler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow