Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan UNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär
Medeniýet
Türkmenistan UNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär
Çap edildi 09.02.2018
3174

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. 2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke atçylyk sungatyny bu abraýly sanawa girizmek, Köýtendagyň ekoulgamyny we “Bathyz” döwlet goraghanasyny bolsa, UNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň bu guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) 2017-2020-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanandygy bellenildi. Türkmenistanda 2021-nji ýylda UNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýe we sporta jogapkär ministrleriň 7-nji halkara maslahatynyň (MINEPS VII) geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow