Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatlylar Mikelanželo Merizi de Karawajonyň eserleri bilen tanşarlar
Medeniýet
Aşgabatlylar Mikelanželo Merizi de Karawajonyň eserleri bilen tanşarlar
Çap edildi 07.02.2018
2639

Paýtagtyň medeniýet durmuşynyň aýdyň wakasy “Karawajo Türkmenistanda” sergisiniň açylyşy bilen boldy, ony Türkmenistanyň Medeniýet we Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem ýurdumyzdaky Italiýanyň Ilçihanasy gurady. Sergi şol bir wagtyň özünde iki ýerde: Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem-de Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda, beýik italýan suratkeşi Mikelanželo Merizi de Karawajonyň (1571-1610) eserleri bilen tanyşdyrylar. Sergide Karawajonyň sungatyny sanly tehnologiýanyň şöhleleri arkaly görüp bolar. Ajaýyp reproduksiýalar eseriň hakyky ölçegi bilen deň geler, ýörite şöhlelendirmeler ýagtylyk-kölegesini gecirip, tomaşaçylarda örän uly tasir galdyrar. Karawajo XVII asyr Ýewropa suratçylygynyň realistik akymynyň düybüni tutujy hasap edilýär. Eýýäm onuň irki işleri – “Hassa Wakh”, “Lýutnýaçylar” ýaly eserleri täzeçillik hasap edilipdir. Reňkleriň sazlaşygy onuň suratlaryna beýiklik berýär, onuň gahrymanlary durmuşa söygüden doludyr we tomaşaça aýratyn lezzet berýär. Sergi 25-nji fewrala çenli dowam eder.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow