Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada pikir alşyldy
Jemgyýet
Pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada pikir alşyldy
Çap edildi 27.01.2018
1846

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlsiniň we birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda toparyň 2017-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi we bu düzümiň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp masllahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary boýunça esasy resminamalara goşulmak bilen, Türkmenistan olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda anyk çäreleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hukuk özgertmeleri we onuň çäklerinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini nazara almak bilen kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyga gözegçiligi amala aşyrmak we degişli teklipleri taýýarlamak bu toparyň işiniň esasy ugurlary bolup durýar Toparyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, mejlise gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen tassyklanan “2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny”, “2016-2018-nji ýyllarda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek baradaky hereketleriň milli meýilnamasyny”, şeýle hem “2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berdiler. Şunlukda, bu resminamalaryň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, ýurdumyzyň kanunçylygyny we hukuk tejribesini halkara ynsanperwer hukuklarynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG hem-de onuň düzümleýin bölümleri bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary we milli hasabatlary, synlary taýýarlamak, adam hukuklary ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek meseleleri boýunça geňeşleri guramagy dowam etmek barada aýtdylar. Pudaraga toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow