Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Geçen ýylyň soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany 1,2 esse artdy
Jemgyýet
Geçen ýylyň soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany 1,2 esse artdy
Çap edildi 11.01.2018
1870

Aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köp şahaly ulgamy hereket edýär. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurudumyzda bütin dünýä ulgamdan peýdalanyjylaryň sany yzygiderli artýar. 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 31-nji dekabryna çenli bütin dünýätora birikdirilen adamlaryň sany 1,2 esse, ulgamlaýyn hyzmatlary etmekden alnan girdejiler bolsa 2 million manada çenli artdy. Muny milli nternet –prowaýderleriň sowatly marketing strategiýasynyň hem-de ilat üçin bahalaryň ortaça 35 göterime çenli peseldilmeginiň hasabyna gazanmak başartdy. Internet ulgamyny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda degişli düzümi kemala getirmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Aragatnaşykçylar öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberlerini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirýär. Şunda giň zolakly Internet ulgamy ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerine hem aralaşýar. Sarp edijilere telekommunikasiýa hyzmatlaryny bökdençsiz hem-de ýokary derejede hödürlemek, maglumatlary bermegiň tizligini ýokarlandyrmak üçin ministrlikler, häkimlikler we pudak edaralary tarapyndan optiki –süýümli kabelleri Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde ýerleşen binalara, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna çekmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri boýunça maglumatlary bermegiň tizligi ortaça sekuntda 20 gigabite barabardyr, ýöne ýakyn geljekde maglumatlary alyşmagyň tizliginiň bäş esse ýokary – 100 gbit/s derejedäki ulag geçelgesini döretmek meýilleşdirildi; welaýat merkezlerinde maglumatlary bermegiň tizligi 40 gbit/s golaý bolar, etrap merkezleriniň we daýhan birleşikleriniň arasynda bu görkeziji 4 gbit/s çenli bolar. Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory raýatlarymyzy öýjükli aragatnaşygyň esasy görnüşleri, şol sanda 3G, 4G, ýakyn şeljekde bolsa 5G bilen doly we hemmetaraplaýyn üpjün etmek derejesine çykýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyz boýunça bu hyzmatlaryň üpjünçiligi 100 göterime barabar bolar. Şeýle hem Türkmenistanda internetbanking we mobilbanking hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Olar nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berip, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirýär hem-de ýurdumyzyň çäginde we onuň çäklerinden daşarda olaryň howpsuzlygyny artdyrýar. Häzirki zaman dünýä ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda bütindünýä ulgama elýeterli bolan okuw mekdepleriniň sany barha artýar. Okuw edaralarynyň okatmagyň iň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly sapaklary geçirmäge ýardam edýän kompýuter, multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, Internet ulgamyna elýeterliliginiň üpjün edilmegi okuwy hem-de hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda guramak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasyny tassyklady. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde Innowasiýa magloumatlar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Onuň wezipesi elektron okuwyň usullaryny, şol sanda sanly okuw kitaplaryny, gollanmalary, wideo hem-de audiomateriallary, interaktiw we multimediýa programmalaryny toplumlaýyn işläp taýýarlamakdan ybarat bolar.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow