Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Medeniýet
Heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Çap edildi 01.01.2018
2425

Şu gün Medeniýet ministrliginiň maslahat zalynda meşhur heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanynydaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragat Babaýewe “Hormatly Il ýaşulusy” diýen ady dakmak dabarasy boldy. Ussada hormat goýmaga hökümetiň agzalary, görnükli medeniýet we sungat işgärler, onuň şägirtleri we döredijiliginiň janköýerleri ýygnandylar. Ýygnananlar S.Babaýewiň türkmen halkynyň döredijilik däplerini ösdürmäge, bagtyýarlyk döwrümizi sungatyň dilinde wasp etmäge, paýtagtymyzyň binagärlik gözelligini artdyrmaga, zehinli ýaşlary terbiýelemäge, şägirtleri ýetişdirmäge goşan aýratyn goşandyny belläp, sungat ussadyna iň gowy gutlaglaryny aýtdylar. Oňa geljekde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “It ýyly-gut ýyly, bagt ýyly” diýlip düşündirilýän bu täze ýylyň ilkinji gününde, häzirki zaman türkmen sungatynyň görnükli wekiline bu uly hormat goýluşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda medeniýet ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüne aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýewe ýapan bu şa serpaýy her bir ussat sungat adamsyna ýapylan özboluşly şa serpaý bolup görünýär. Milli Liderimiz döredijilik işgärlerini ähli taraplaýyn goldaýar. Olary biziň häzirki eýýamymyzyň beýik gazananlaryny, türkmen halkynyň ruhy baýlygyny, çeper mirasyny beýan edýän täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň döwrebap tükmen sungatyny kemal getirmekde aýdýan sargytlaryndan, berýän öwütlerinden ruhlanyp işleýän meşhur sungat ussadynyň döreden iň oňat işleriniň arasynda”Oguz han we onuň ogullary” atly suw çüwdürimli toplumy aýratyn tapawutlanýar. Bu iş jemgyýetçilik ýerinde suw çüwdürimleriniň örän uly mukdaryny özünde birleşdirýän sungat eseri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Aşgabadyň halkara howa menziline girilýän ýerde ýerleşýän bu binagärlik toplumy türkmen paýtagtyna gelýän myhmanlaryň gözleriniň ilkinji düşýän şäher ajaýyplygydyr. Ussat heýkeltaraşymyz paýtagtymyzyň binagärlik gözelligini ösdürmek işine hem uly goşant goşýar. S.Babaýewiň paýtagtymyzy has gözelleşdirmek ugrunda döreden sungat eserleriniň birnäçesi ajaýyp Garaşsyzlyk ýadygärligi howalanyp duran Garaşsyzlyk seýilgähinde türkmen taryhynyň beýik gahrymanlarynyň heýkel şekillerini bakylaşdyrdy. Sungat ussadynyň döreden belli işleriniň hatarynda Ylham seýilgähinde ýerleşdirilen görnükli alymlaryň we ýazyjylaryň ýadygärlikleri bar. Meşhur heýkeltaraş S. Babaýew Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhasmedowyň “Halypa-şägirtlik” ýörelgesini durmuşa giňden geçirmek işinde hem uly görelde görkezýär. Häzirki wagtda bu ussat halypanyň şägirtleriniň ençemesi beýik döwrümizi sungatyň dilinde wasp etmekde mynasyp işleri bitirýärler. Heýkeltaraş sungat äleminde ýiti we şowly eserleriň ençemesini döretdi. Onuň döredijiligini öwrenijilere we janköýerlere eserleriniň bir bölegi ýarasa, başgalara beýlekileri ýaraýar. Ýöne ähli sungat öwrenijileri heýkeltaraşyň döreden esasy sungat eseri hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýsançly ahalteke bedewiniň üstünde oturan, milli Lider bilen türkmen halkynyň bitewiligini aňladýan keşbini alamatlandtrýan “Arkadag” binasy ýadygärligini hasaplaýarlar.

Soňky habarlar
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow