Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşyk geçirdi
Jemgyýet
Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow saýlawçylar bilen duşuşyk geçirdi
Çap edildi 29.12.2017
2308

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň ynam bildirip saýlanlaryny-- Mejlisiň deputatlaryny ýerlerde saýlawçylar bilen işjeň gatnaşyk etmäge, olaryň gündelik iş-aladalary, islegleri we meseleleri bilen gyzyklanyp durmaga, şol meseleleri çözmäge anyk kömek bermek üçin ýagdaýlary bilmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna ýardam bermäge, raýatlary döwlet işlerini dolandyrmaga çekmäge, olaryň hukuk we syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga yzygiderli çagyrýar. Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň öz saýlawçylary bilen duşuşygy geçirildi. Deputat bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikleri arzuw edip, ýakyn döwür üçin öňde duran wezipeleri, hususan-da, Kaka etrabynda maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde meýilleşdirilen işler barada gürrüň berdi. Şol işleriň hatarynda ozal hereket edýän desgalaryň we bilim edaralaryň durkuny düýpli täzelemek, häzirki döwrüň oňaýly täze ýaşaýyş jaýlaryny, dürli durmuş we senagat desgalaryny gurmak işleri bar. Mundan başga-da, dokma fabriginiň, çagalar baglarynyň we çaga dogrulýan öýleriniň bina edilmegi göz öňünde tutulýar. Bu maksatlaryň durmuşa geçirilmegi bilen goşmaça iş orunlary hem dörediler. Duşuşyga gatnaşyjylar deputata özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler hem-de öz arzuw-islegini we tekliplerini aýtdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň halkyň durmuşynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini, ykdysady we durmuş ösüşini, Watanymyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýändigini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ösüşiň netijeli milli nusgasy döredildi. Şol nusgada döwlet gurluşynyň ýörelgeleri adamyň hukuklarynyň we erkinlikleriniň goralmagy, jemgyýetiň döredijilik güýjüniň höweslendirilmegi, raýat institutlarynyň kuwwatynyň açylmagy bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar milli Liderimiziň syýasatynyň durmuş ugurlydygyny doly beýan edýär. Çykyş edenler öz saýlaw okrugyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna mynasyp wekili saýlandyklaryny kanagatlanma bilen bellediler. Ol ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyp hem-de söhbetdeş bolup, olaryň durmuş aladalary bilen gyzyklanyp, halkyň isleg-arzuwlaryny diňläp hem-de bellige alyp ynam gazandy. Duşuşyga gatnaşyjylar durmuş meseleleriniň çözülmegine berýän kömegi üçin öz deputatyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Duşak şäherçesinde Keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň ýakynda açylyp ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow