Baş sahypa
\
Medeniýet
\
2018-nji ýylyň çärelereniň maksatnamasy we nyşanlary işlenip taýýarlanyldy
Medeniýet
2018-nji ýylyň çärelereniň maksatnamasy we nyşanlary işlenip taýýarlanyldy
Çap edildi 22.12.2017
2477

22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu şygar türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Maksatnama laýyklykda, 2018-nji ýylyň dowamynda maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-saz dabaralaryny we bu rowaýata öwrulen ýoluň taryhy bilen göni baglanyşygy bolan ýerlerdäki döwlet taryhy-medeni goraghanalarynda arheologik tapyndylaryň sergisini geçirmek we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda beýan edilýän maglumatlar hakynda duşuşyk guramak meýilleşdirildi. Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna 2018-nji ýylyň nyşanlarynyň taslamalaryny hödürledi, olarda Türkmenistanyň parahatçylygyň, milletimiziň ruhy ösüşiniň ýolunda örän baý milli mirasy we ýeten sepgitleri öz çeper beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de degişli maksatnamany we nyşanlaryny tassyklap, milletiň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, ony giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Biz ýaşlarymyzyň şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik däpleri esasynda terbiýelenmegi, halkymyzyň täsin mirasynyň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow