Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Çap edildi 31.03.2015
1238

Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Sapar bilen türkmen paýtagtynda bolýan Şweýsariýanyň suw serişdeleri meseleleri boýunça ýörite wekili jenap Wilgelm Maýer we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Paskal Ebişer şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy meseleleri, şeýle hem ýurdumyzda amal edilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Suw serişdelerini rejeli ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ulgamda milli suw syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň mejlisiniň milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmagy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy. Kanagatlanmak bilen bellenilişi ýaly, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri forumlarda beýan eden oňyn halkara başlangyçlary netijeli sebit we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, onuň özi serhetýaka suw serişdelerini toplumlaýyn we deňagramly ulanmagyň özara kabul ederlikli gurallaryny işläp taýýarlamaga degişlidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu meseleler umumy ykrar edilen kadalaryň we halkara hukugyň ýörelgeleriniň esasynda sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir. Myhmanlar iki ýurduň dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Türkmenistan—Ýewropa Bileleşigi görnüşinde mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. *** Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we ýurdumyzyň käbir beýleki ministrliklerinde hem-de pudak edalarynda kabul edildi, olarda uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň geljegi barada pikir alşyldy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow