Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar
Jemgyýet
2018-nji ýyldan Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” žurnaly neşir edilip başlanar
Çap edildi 24.11.2017
2861

Türkmenistanda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnaly döredildi. Ol geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen, iňlis, rus dillerinde çap ediler. Hökümetiň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň işini bes edip, olaryň binýadynda “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalyny hem-de ministrligiň merkezi edarasynda žurnalyň redaksiýasyny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi. Täze žurnal 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, iki aýda bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir ediler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugyna “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýokary hilli we wagtynda neşir edilmegini üpjün etmek, Aragatnaşyk ministrligine bolsa žurnala döwürleýin abuna ýazylyşygyny guramak tabşyryldy. Resminamada bellenilişi ýaly, täze žurnal ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maliýe-ykdysady özgertmeleri we ýetilen sepgitleri giňden beýan etmek, ykdysadyýetimizi özgertmäge täze çemeleşmeleri ýaýratmak hem-de oňyn halkara tejribeleriniň giňden peýdalanylmagyny gazanmak maksady bilen döredildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow