Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda arheologik gözlegleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda arheologik gözlegleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy
Çap edildi 24.11.2017
2034

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer A. Garajaýewe hem-de ylym we bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewe Türkmenistanyň çäklerinde halkara arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, şu maksatlar bilen dünýä belli institutlar bilen gepleşikleri geçirmeli. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şeýle ekspedisiýalar näçe köp guralsa, şonça-da edermen türkmen halkynyň şöhratly taryhyny açyp görkezýän täze açyşlar köp bolar. Döwlet Baştutanymyz biziň topragymyz taryhy gadymyýete uzaýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýär, geçen asyrlaryň köpsanly syrlaryny we wakalaryny özünde saklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu syrlaryň, wakalaryň üstüni açmak bilen, özüniň örän baý taryhyna bütin dünýäniň gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi hem-de geçirlen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow