Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler
Jemgyýet
Krakowda geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda TDU-nyň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler
Çap edildi 22.11.2017
2754

13-18-nji noýabrynda Krakow şäherinde (Polşa Respublikasy) geçen matematika boýunça Halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň hatarynda amaly matemetika we informatika kafedrasynyň mugallymy Pälwan Agamyradow we adybir fakultetiň bäşinji ýyl talyplary Agaserdar Ýollyýew, Ilşat Weliýew we Döwran Nurgeldiýew ikinji orna hem-de agzalan fakultetiň üçünji ýyl talyby Murat Çäşemow üçünji orna mynasyp boldular. Toparlaýyn hasapda biziň ýokary okuw mekdebimiziň ýygyndysy ýigrimi toparyň arasynda öňe saýlanyp, olimpiadanyň guramaçylary tarapyndan ýörite diplom bilen sylaglandy. Türkmen matematikaçylary Polşadan, Russiýa Federasiýasyndan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Makedoniýadan we Rumyniýadan, Belarus Respublikasyndan, gelen bäsdeşleri bilen ýaryşdylar. Ildeşlerimiziň halkara olimpiadasynda gazanan nobatdaky ýeňşi ýaş türkmenistanlylary okatmagyň ähli tapgyrlarynda gurşap alan giňmöçberli we innowasion many-mazmunly bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň köpsanly subutnamalarynyň biridir. Talyplarymyzyň halkara derejesindäki intellektual bäsleşiklerde alýan sylaglary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleinde berilýän ylmyň artýan mümkinçiliklerini we türkmen ýaşlarynyň zehinleriniň köpugurlydygyny aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow