Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda täze maliýe-ykdysady neşir peýda bolar
Jemgyýet
Türkmenistanda täze maliýe-ykdysady neşir peýda bolar
Çap edildi 17.11.2017
2162

Türkmenistanda ykdysady ugurly täze döwürleýin neşir dörediler. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer G. Myradow habar berdi. Onuň sözlerine görä, ykdysadyýet ulgamyna girýän edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň maksatlary we wezipeleri barada düşündiriş işlerini geçirmek üçin “Altyn asyryň ykdysadyýeti” we “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnallarynyň binýadynda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň täze neşirini döretmek teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri hem-de ykdysadyýet ulgamyndaky giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlaryny giňden beýan etmegiň we ilata ýetirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere täze neşiri döretmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli işlemegi tabşyrdy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow