Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Pekinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Jemgyýet
Pekinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Çap edildi 15.11.2017
3033

Pekiniň nebit we gaz uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy. Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy tarapyndan Pekiniň nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň Geňeşi bilen bilelikde guralan çärä hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Pekine gelen Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýerli habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary, şol sanda köpasyrlyk türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmekde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny hem-de Türkmenistanyň ornuny açyp görkezmekde döwlet Baştutanymyzyň bu işiniň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Talyplar türkmen, türk, iňlis we hytaý dillerinde çykyş edip, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň mysalynda ýaş nesli ýokary ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda gürrüňi edilýän meseleleriň möhümdigini bellediler. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygy, däpleri bilen çuňňur tanyşdyrmak hem-de onuň dünýä siwilizasiýasyna goşandyna çuňňur düşünmek babatda ösüp gelýän nesil üçin ýol görkeziji bolup durýar. Çykyşlar Türkmenistanyň hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy we häzirki gatnaşyklary barada wideo filmleriň görkezilmegi bilen utgaşyp gitdi. Çäräniň ayhyrynda oňa gatnaşyjylara üç dilde çap edilen täze kitabyň nusgalary gowşuryldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow