Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen parlamentarileri we owgan lideriniň maşgalasy hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Jemgyýet
Türkmen parlamentarileri we owgan lideriniň maşgalasy hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 14.11.2017
2118

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Owganystan boýunça 7-nji sebitleiýn ykydsady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň maşgalasy Rula Gani bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda myhman ýurdumyzyň ýokary kanunçylyk edarasynyň möhüm wezipeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň möçberli hukuk we durmuş ykdysady özgertmeleriniň hem-de döwlet ösüşiniň özgertmeler maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň halkara hyzimatdaşlyk gatnaşyklary üçin açykdygyna we onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruna ýokary baha berip, hanym Rula Gani milli Liderimize, Türkmenistanyň Hökümetine we tutuş halkymyza Owganystan Yslam Respublikasynda durnukly durmuşyň dikeldilmegine işjeň goldaw berýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk kömekleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Sebitiň döwletleriniň işewür düzümleriniň Aşgabada bolan sapary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň ýene-de bir subutnamasydygyny nygtap, myhman Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde geçirilen işewürlik forumynyň ähmiýetini belledi. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ynsanperwer, medeni gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygy bellenildi we hukuk ulgamyndaky, şol sanda gender deňeçerligi babatda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow