06.09
2015
Aşgabat-Türkmenbaşy, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary başlandy, bu ýerde möhüm binagärlik açylyşlary, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.
04.09
2015
Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriniň netijeleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
03.09
2015
Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerini netijeli çözmek maksady bilen bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
03.09
2015
Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi.
02.09
2015
Aşgabat, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ralf Andreas Breti kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
01.09
2015
Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bilim ulgamynyň täze desgalarynyň we beýleki käbir desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
01.09
2015
Türkmen wekiliýetiniň wekiline şu günler Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilýän Parlamentiň Baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatynyň münberinden çykyş etmek mümkinçiliginiň berilmegi Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde barha ýokarlanýan ornunyň, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda gender deňligi babatda netijeli syýasaty durmuşa geçirýän täze garaýyşly lider hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent halkara abraýynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.
31.08
2015
Aşgabat, 31-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň, Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça sebitlerde ýaýbaňlandyrylan çäreleriň barşyna, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan beýleki meselelerine garaldy.
28.08
2015
Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
27.08
2015
Aşgabat-Kabul-Aşgabat, 27-nji awgust (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.