02.03
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi. Resminama bilen ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmen boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
02.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýew şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
01.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Ýaragly Güýçleriň dürli bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
01.03
2018
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy – Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Begenç Ataýewiç Çündogdyýewe general-maýor harby ady, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowa polkownik harby ady dakyldy.
01.03
2018
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
01.03
2018
Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, kanunylygy we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.
01.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Myhman EYR-nyň harytlarynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip, paýtagtymyza geldi.
28.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
26.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, belli fransuz türgeni, awtomobil ulaglaryndaky ýaryşlarda dünýäniň iki gezek çempiony, päsgelçiliklerden geçmek boýunça awtoralliniň Dünýä kubogynyň birnäçe gezek eýesi, “Pariž-Dakar” we “Africa Eco Race” ralli –marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseri kabul etdi.
26.02
2018
22-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.