01.06
2020
Sizi jana şypaly tomus paslynyň nurana günlerinde dabaraly bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesillerimiz baradaky aladalar biziň beýik geljegimize tarap ädýän buýsançly ädimlerimizdir. Şoňa görä-de, bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň ähli halkymyzyň, aýratyn hem şadyýan körpelerimiziň kalbynda berkarar Watanymyza buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
01.06
2020
Gadyrly çagalar! Men siziň ähliňizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin.
31.05
2020
Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz beýik goşandydyr. Türkmen halylarynyň döwürleriň, eýýamlaryň taryhyny beýan edýän her bir çitimine zenanlarymyzyň ata Watanyna, mähriban halkyna, öý-ojagyna çäksiz söýgüsi, bimöçber yhlasy siňdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Halyçylyk pudagynyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde zähmetsöýer halyçy gelin-gyzlarymyzyň goşandy uludyr.
31.05
2020
Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
29.05
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasy hem-de onuň sebitleri, şol sanda Astrahan oblasty bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.
29.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
29.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
29.05
2020
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy.
28.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden gelip çykýan daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
28.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi.