Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
01.10 2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy.
01.10 2020
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanan dabaralaryň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyzyň hem-de tutuş halkymyzyň bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde şöhraty dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
30.09 2020
Şu gün DIM-nde wideomaslahat görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen duşuşyk geçirildi.
30.09 2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
30.09 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
30.09 2020
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Fransiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
29.09 2020
Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 pandemiýasy döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanyşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly sebitleýin dialog geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.
29.09 2020
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
28.09 2020
Hindistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
27.09 2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
827 sahypa
Soňky habarlar
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi
03.09
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine maýa goýumlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady