08.01
2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
08.01
2021
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi.
08.01
2021
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny iberip, jenap Şin Sung-çuly Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belländigini habar berdi.
07.01
2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuli kabul etdi.
07.01
2021
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
06.01
2021
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
06.01
2021
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFС) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi.
04.01
2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.
01.01
2021
Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasaty we onuň orny” atly Halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.
01.01
2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Rejepow Batyr Durdymuratowiç Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Nur-Sultan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik derejäsi bilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi wezipesine bellenildi.