Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçüliklýin habar berş serişdeleiniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri Şamyradow Atageldi Aşyrowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gurulýan we durky täzelenýän binalaryň hem-de desgalaryň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, möhüm we aýratyn möhüm gurluşyk işleriniň bahalaryny kesgitlemegi kämilleşdirmek hem-de gurluşyk işlerine gatnaşýanlaryň jogapkärçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatgaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.