«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly toýuna guwanç we buýsanç duýgulary, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.
Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.
Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim.
Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Egsilmez ylham-joşgun paýlaýan bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ähli doganlyk özbek halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.