Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi.
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we onuň üsti bilen ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe hem-de ýurduň ähli halkyna Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Millere telegrammalary iberdi. Olarda döwlet Baştutanymyz täze, 2022-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.