Sizi «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu maslahatyň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana ýurduň Belujistan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
Ilki bilen, Size mähirli salamymy ýollaýaryn. Siziň 2021-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky hatyňyzy kanagatlanma bilen kabul etdim. Size Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz baradaky mähirli sözleriňiz üçin hoşallyk bildirýärin.
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Kisida Fumio Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Şu gün — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şu gün Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz goňşy ýurda resmi sapar bilen bardy.