Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
28.06 2022

Şu gün ýurdumyzyň DIM-nde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.

27.06 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


27.06 2022

Şu gün tutuş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň möçberli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.


27.06 2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

27.06 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

27.06 2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.


27.06 2022

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

27.06 2022

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň duşuşygy boldy.

27.06 2022

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

26.06 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär.

827 sahypa
Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady