Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berlip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bellenen meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara güni — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp halkara sene mynasybetli geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan uly zähmet ýeňşiňiz — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamaňyzy ýerine ýetirip, Garaşsyz Watanymyzyň pile harmanyna 2 müň 300 tonnadan hem gowrak pile tabşyrmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.