Resmi
12.05 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygyny, Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edýändigini, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp bolandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Arkadag” futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy.

08.05 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

07.05 2025

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi Öwezgeldi Gurbanowiç Berdiýew Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenildi.

04.05 2025

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

27.04 2025

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

27.04 2025

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

26.04 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

25.04 2025

“Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, senagat howpsuzlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklanyldy.

24.04 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2025-nji ýylyň aprel aýynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisini 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.

23.04 2025

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

123 sahypa
Soňky habarlar
13.05
Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýär
13.05
Parahatçylyk we ynanyşmak — durnukly ösüşiň wajyp şerti
13.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine GUTLAGY
12.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine