15.07
2020
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän öňüni alyş çäreleriniň nobatdaky tapgyry geçirilýär.
13.07
2020
Şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýäris.
12.07
2020
Soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa akymynyň aralaşmagy sebäpli,
09.07
2020
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň şu ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy.
08.07
2020
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany — 7-nji goýberilişi çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen köptaraply seljeriş makalalarynda, habarlarda we hasabat maglumatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply döwlet syýasatynyň wajyp hem-de möhüm ugurlary beýan edilýär.
06.07
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.
25.06
2020
Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habarda statistiki maglumatlara görä, Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilendigi barada aýdylýar. BMG-niň geçen ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biridir.
24.06
2020
Şu gün — 24-nji iýunda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda, dabaralaryň geçirilýän pursadynda biz ýene-de parahatçylygy hem-de azatlygy goran ata-babalarymyzyň edermenligini ýatlaýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol dabaralara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
13.06
2020
Ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy.
12.06
2020
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar dö-wletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn görnüşde geçirilýär — foruma gatnaşyjy köp sanly daşary ýurtlular oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar.