02.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMGÖM-niň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
01.10
2020
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy.
28.09
2020
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.
28.09
2020
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerini Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy diýip atlandyrmak bolar. Ählihalk forumynda döwlet gurluşynyň ösüşini we häsiýetlerini kesgitleýän möhüm çözgütler kabul edildi.
27.09
2020
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilik, ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda şanly sene — Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär.
27.09
2020
26-njy sentýabr agşam Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşgini saçdy.
26.09
2020
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.
17.09
2020
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň saýlanan eserleriniň nobatdaky 13-nji jilti çapdan çykdy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň täze taryhyna «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen giren 2019-njy ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, interwýulary, halkymyza ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi.
17.09
2020
Amyderýanyň ýakasyndaky şäheriň ýaşaýjylary ýakynlaşyp gelýän baýramçylyga — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna ajaýyp sowgat aldylar.
17.09
2020
Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy gerimi (SGHÄG) meselesi COVID-19 pandemiýasyna hem-de onuň getirýän netijelerine garşy çäre görmek bilen baglylykda maliýe we saglygy goraýyş ministrleriniň onlaýn görnüşde geçirilen bilelikdäki maslahatyň gün tertibine girizildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.