Şu gün paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň sowgatlary gowşuryldy.
25-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şu günler Diýarymyzyň ähli künjegi barha ýakynlaşýan Täze ýylyň şatlyk-şowhunly dabaralaryna beslenýär.
Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, şol sanda dünýäde koronawirus ýokanjy boýunça emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, oňaýly arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy.
Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.