05.04
2015
Aşgabat, 5-nji aprel /TDH/. Şu gün, ýola goýlan asylly däbe görä, tutuş ýurdumyz boýunça her ýylyň aprel aýynyň ilkinji dynç gününde bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” umumymilli uly baýramçylyk mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu baýramçylyk asyrma-asyr aşyp, suwa bolan aýawly garaýşyny saklap, oňa mukaddeslik hökmünde sarpa goýan türkmen halkynyň gadymy däpleriniň we parasadynyň nyşanyna öwrüldi.
02.04
2015
Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Mizan» täjirçilik merkezinde «Suw damjasy — altyn dänesi» baýramçylygyna gabatlanylyp, «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri» atly halkara maslahat geçirildi.
28.03
2015
Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly maslahat boldy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 800-den gowrak wekil gatnaşdy.
27.03
2015
Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi öz işini tamamlady, onuň çäklerinde ýerleri bagy-bossanlyga büremek, ösümliklere ideg etmekde netijeli döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi.
26.03
2015
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şertidigini belläp, bu pudaga iň täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
25.03
2015
Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda açylan Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi döredijilik ylhamynyň hem-de gözelligiň baýramçylygyna öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
22.03
2015
Aşgabat, 22-nji mart /TDH/. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet işgärlerine hem-de bu ulgamyň ýolbaşçylaryna Halkara Nowruz gününi özboluşly milli däplere laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada beren tabşyrygyna jogap edip, ýurdumyzyň sungat ussatlary, suratkeşleri hem-de sazandalary, artistleri we şahyrlary, tansçylary we aýdymçylary bu ajaýyp bahar toýuna mahsus bolan aýratyn gerim bilen döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.
21.03
2015
Ahal welaýaty, 21-nji mart (TDH). Türkmenistanlylar Halkara Nowruz baýramyny ählumumy ruhy galkynyş we şadyýanlyk ýagdaýynda uly gerim bilen bellediler. Şu bahar günlerinde bütin ýurdumyzda bolup geçýän dabaralar gadymy türkmen topragyny gül-läleleriň öwüşgini bilen şuglalandyrdy, ony aýdym-saz, gadymy däpleriň gözelligi bilen baýlaşdyrdy, bagtyýar çagalaryň şadyýan gülkülerini eçildi.
20.03
2015
Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Nowruz baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde terbiýe alýanlara ýene bir sowgat gelip gowuşdy. Şu gün nobatdaky “SCANIA” awtobusy olaryň ygtyýaryna berildi.
12.03
2015
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, 2015-nji ýyl Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.