Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
26.09 2018
Şu gün paý­tag­ty­myz­da halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iň go­wy iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, özyg­ty­ýar­ly Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na şah­sy go­şant go­şan mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, dü­züm­le­riň we gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne, dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri­ne ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­ny we hor­mat­ly at­la­ryň ber­len­di­gi­ni aň­lad­ýan ny­şan­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.
21.09 2018
Her bir taryhy döwürde halkyň, zamananyň ruhuny, gazanylýan üstünlikleri, ýeňişleri doly derejede äşgär edýän mukaddeslik bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri iň gowy arzuw-hyýallary, belent ýörelgeleri özünde jemleýän mukaddeslik bedew at hasaplanylýar. Gadymy ýyl ýazgylary we köp sanly ylmy çeşmeler iň gadymy we dünýä belli atşynaslyk merkeziniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşendigine şaýatlyk edýär.
21.09 2018
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
21.09 2018
Şu gün Mukamlar köşgünde hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, ylmyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
21.09 2018
Şu gün Kaka etrabynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.
20.09 2018
Türkmen wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV Hazar mediaforumynda Hazar redaksiýasynyň iş maslahatyny (Hazarýaka ýurtlarynyň žurnalistleriniň resmi däl birleşiginiň) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek barada teklip öňe sürüldi. Foruma gatnaşyjylaryň köpüsi bu ýerde bolup görmek islegini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin hem ajaýyp şertler döredildi.
19.09 2018
Paý­tag­ty­myz­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty geç­irildi. Däp bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne — äh­lu­mu­my baý­ra­ma ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän mas­la­ha­tyň işi­ne da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan hem-de Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­den ge­len we­kil­ler gat­naş­dy­lar.
19.09 2018
Şu gün­ler Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň As­t­ra­han ob­las­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de IV Ha­zar me­diafo­ru­my geç­ýär. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we il­kin­ji ge­zek Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri gat­naş­ýar­lar.
19.09 2018
Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki Pa­ra­hat — 7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da gurlan tä­ze köp gat­ly jaý­la­ryň iki­si umu­my­mil­li baý­ram­çy­ly­gyň — ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da aş­ga­bat­ly­la­ra aja­ýyp sow­gat bol­dy.
18.09 2018
Aş­ga­ba­da ne­mes luk­man-pro­fes­sor­la­ry­nyň no­bat­da­ky to­pa­ry gel­di. Ola­ryň ýur­du­my­za ýy­gy-ýy­gy­dan gel­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
173 sahypa
Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry