Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl D.Higginse hem-de Irlandiýanyň ähli halkyna ýurduň milli baýramy — Keramatly Patrigiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Gudraty Güýçli Allatagaladan agyz beklemegiň düzgünlerini berjaý etmäge medet bermegini hem-de rehimdarlygyny eçilmegini dileýäris.
Şu gün paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üsti Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi bilen ýetirildi.
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy, şeýle hem bu sene mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagaty bilen doly bolan mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Bu mübärek aý dünýäniň musulmanlaryna ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmek, özara düşünişmek we mundan beýläk-de özlerini kämilleşdirmek, raýdaşlyk hem-de agzybirlik üçin ýene-de bir mümkinçilikdir. Mukaddes Oraza aýynyň tutuş musulman ymmatynyň dostlukly gatnaşyklarynyň, abadançylygynyň pugtalanmagyna ýardam berjekdigine umyt edýärin.