Главная
\
Спорт
\
Türkmenistanly ýetginjekler boks boýunça Aziýa çempionatynda medallaryň ikisini eýelediler
Спорт
Türkmenistanly ýetginjekler boks boýunça Aziýa çempionatynda medallaryň ikisini eýelediler
Опубликовано 08.08.2019
4765

Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 1-nji awgustdan 9-njy awgust aralygynda Kuweýtde geçirilýän ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatyna gatnaşýar. Wekilçilikli ýaryşa dünýä döwletleriniň 21-sinden türgenleriň 150-si geldi. Şu güne çenli türkmen türgenleri 35 kg we 70 kilogramdan agyr agramlarda medallaryň ikisine mynasyp boldular. Daşoguz şäherinden 8-nji synp okuwçysy Daniýar Rozmetow we paýtagtymyzdan sekizinji synp okuwçysy Bogdan Konstantinow bürünç medal eýelediler. Türkmenistanly ýetginjeklerden ýedinji synp okuwçysy Döwlet Nurmyradowyň we 8-nji synp okuwçysy Alyşir Orazbaýewiň hem baýrakly orunlary eýelemäge mümkinçilikleri bar. Olaryň ikisi-de öz agramlarynda – degişlilikde 43 we 40 kilogram agramlarda ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna çykdylar.

Последние новости
09.06
Новые шаги на пути развития конструктивного международного партнёрства
09.06
Президент Туркменистана поздравил Президента Португальской Республики
09.06
Президент Туркменистана выразил соболезнования Президенту Республики Филиппины
08.06
Президент Туркменистана провёл рабочее совещание по цифровой системе
08.06
Президент Туркменистана принял Исполнительного секретаря Организации по Договору о всеобъемлющем запрещении ядерных испытаний
07.06
В основе наших достижений – стратегия мира, созидания и развития
07.06
Письмо на имя Президента Туркменистана
07.06
Утверждён Национальный план действий по гендерному равенству в Туркменистане на 2026–2030 годы
06.06
Президент Туркменистана поздравил Короля Швеции
05.06
Заседание Кабинета Министров Туркменистана
top-arrow