Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlap, berk jan saglyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Ysraýyl Baştutany öz gutlagynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesinde işlemegini dowam etdirmeginiň döwletimiziň ösdürilmegine we raýatlarymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga ýetmegiň bähbidine Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde halkara giňişliginde ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýandygyny beýan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Halkara bitaraplyk güni hakynda kararnamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylan taryhy waka boldy diýip, Reuwen Riwlin nygtady. Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar köp ulgamlar boýunça ösdürilýär hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.