Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Jemgyýet
Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Çap edildi 28.01.2021
12614

Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlaryndan hem-de degişli ugurda Pudagara toparynyň işini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek barada döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýerine ýetirmeli işiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gün tertibine bu düzümiň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzy has-da demokratiýalaşdyrmaga hem-de döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi amala aşyryldy. Milli parlament hakynda konstitusion kadalaryň kämilleşdirilmegi munuň subutnamasy bolup durýar. Konstitusiýa girizilen üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) kanunçykaryjylyk häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolup durýar hem-de iki palatadan—Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr. Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ösüşiň düýpli ugurlarynyň birnäçesi, kanunçykaryjy häkimiýetiň bitewiligi öz beýanyny tapyp, ol ilatyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini goraýar, şeýle hem syýasy köpdürlüligiň we köppartiýalylygyň ýörelgeçi berjaý edilýär. Pudagara toparyň hasabatynda gender deňligi, şeýle hem döwlet ýaşlar syýasaty babatda kanunçylyk kepilliklerini netijeli durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň hem-de olary amala aşyrmak boýunça hereketleriň meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi. Toparyň agzalary Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolup hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esasy resminamalaryna, şol sanda hukuk ulgamyndaky resminamalara goşulmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýändigini bellediler. Munuň şeýledigi BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda, adam hukuklaryny amala aşyrmak babatda milli hasabatlary, synlary taýýarlamak hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça geçirilýän maslahatlarda, duşuşyklarda we geňeşmelerde hem öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz belleýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini nazara almak bilen, kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn hukuk özgertmeleriniň netijesi bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler. Şonda nygtalyşy ýaly, hereket edýän kanunçylygyň seljerilmegi, degişli maslahatlaryň taýýarlanylmagy, adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen milli kanunçylyk babatda ilatyň biliminiň artdyrylmagy Pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle hem Mejlisde Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2018-2020-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri jemlenildi hem-de 2021-2023-nji ýyllar üçin bu ugurda iş meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär, munuň özi adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça anyk işlerde öz beýanyny tapýar. 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen taslamalara gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF), BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanalary bilen ýerine ýetirilmeli ýyllyk iş meýilnamalary bar. Pudagara toparyň 2021-nji ýyl üçin işleriniň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ony iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow