Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Taryhy-medeni miras – milletiň ruhy baýlygynyň binýady
Jemgyýet
Taryhy-medeni miras – milletiň ruhy baýlygynyň binýady
Çap edildi 13.01.2021
11889

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgryny dowam edýär. Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna--taryhy senä bagyşlanyp, geçen ýylyň ähli çäreleri onuň nyşany astynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygy hakynda neşiriň ilkinji sahypalarynda ýerleşdirilen sözleri makalalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Žurnalyň sahabyny Türkmenistanyň Bitaraplyk binasynyň heýkeli bezeýär. “Açyşlar we täze işläp düzmeler” atly däbe öwrülen bölümde Türkiýe Respublikasynyň Atatürk uniwersitetiniň edebiýat fakultetiniň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň doktory Sinan Dinçiň “Alp Arslan—ynsanperwerligiň taryhy nusgasy” diýen makalasy ýerleşdirildi. Ol türkmenleri şöhratly taryhynyň wakalarynyň hem-de Bitarap ýurdumyzyň häzirki gazananlarynyň arasyndaky meňzeşligi deňeşdirýär. Alymyň nygtaýşy ýaly, şol gymmatlyklara diňe türkmen halky däl-de, eýsem, türk doganlarymyz hem buýsanýar. Sinan Dinçiň makalasy beýik seljuk hökümdary Alp Arslanyň döwründe bolup geçen wakany, has takygy, Malazgirt söweşini öz içine alýar. Şol söweşde beýik türkmen serkerdebaşysynyň goşuny adam sany boýunça agdyk bolan wizantiýa imperatory Roman Diogeniň goşunynyň garşysyna söweşip, ýeňiş gazanmagy başarýar. Alymyň belleýşi ýaly, Alp Arslanyň ýeňilen duşmana görkezen ynsanperwerligi, rehimdarlygy we adamkärçiligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde parahatçylyk döredijilikli bitaraplyk syýasatynyň esasyny düzýän belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryň türkmenlere gadymy döwürde hem mahsus bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu pikir žurnalyň şol bölüminde ýerleşdirilen türkmen alymynyň “Türkmen Bitaraplygy—ýaşaýşyň ynsanperwerlik ölçegi” atly makalada hem öz beýanyny tapýar. Onda türkmen bitaraplygynyň kökleriniň biziň halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, onuň ruhy gymmatlyklary bilen aýrylmazlygy nygtalýar. Şol bir wagtda awtor Türkmenistanyň energetika we ekologiýa diplomatiýasynyň amala aşyrylmagyny anyk mysallarda, birnäçe halkara konwensiýalarynyň esasynda getirmegi ýurdumyzyň bitaraplyk derejesiniň geljegi nazarlaýandygyny görkezýär. Alym türkmen bitaraplygynyň adamzadyň asuda we howpsuz durmuşynyň kepilidigini, dünýä halklarynyň dostluk we doganlyk ýoly diýip, alym nygtaýar. “Türkmenleriň horezmşalar—anuşteginliler imperiýasy we Soltan Jelaleddin” atly makalanyň awtory okyjylary taryhyň jümmüşine alyp gitmek bilen, türkmen bitaraplygynyň kökleriniň gadymdan gözbaş alýandygyny belleýär. “Türkmenistan-UNESKO: halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösüşi” atly makalada döwletimiziň Bitaraplyk derejesine döwletara gatnaşyklary ýola goýmagy we giňeltmegiň täsirli guraly hökmünde garalýar. Makalanyň awtory ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny bellemek bilen, gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet edarasy (UNESKO) bilen özara gatnaşyklary barada jikme-jik durup geçýär. Türkmenistanyň BMG-niň bu düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň belent ýörelgelerine kybap gelýär, ol parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine geçirilýär, taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak babatda işleri dowam etmek üçin giň mümkinçilikler döredýär. Makalada bu ýagdaýyň halkara giňişliginde milli medeniýetiň abraýynyň uludygyna şaýatlyk edýändigi aýdylýar. Makalanyň awtory parahatçylyk döredijilikli syýasatyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ornuny bellemek bilen, türkmenleriň medeni däpleri bilen bagly täze desgalary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň täze başlangyçlarynyň möhümdigini nygtaýar. “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” diýen bölümde “Türkmen edebiýatynda bitaraplygyň kökleri” atly makala ýerleşdirildi. Onda degişli mowzuk boýunça baý maglumatlar jemlenýär. Makala okyja türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligini, hoşniýetliligini, rehimliligini şöhlelendirýän halk döredijiliginiň, şol sanda nakyllaryň we paýhasly pähimleriň, şahyrana eserleriň ähmiýetine baha bermäge mümkinçilik döredýär. Biz türkmen bitaraplygynyň gözbaşyny beýik akyldarlarymyzyň döredijiliginden we pähimlerinden alyp gaýdýandygyny görýäris diýip, alym belleýär. “Hindistanyň Deken ýarymadasyndaky türkmen hökümdarlary” atly makala türkmen-hindi gatnaşyklaryna bagyşlanyp, taryhy geçmişiň wakalaryna salgylanýar. Onuň awtory iki ýurduň halklarynyň taryhynyň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklarynyň netijelidigine şaýatlyk edýän mälim we doly öwrenilmedik maglumatlara ünsi çekýär. Şeýle hem žurnalda ýerleşdirilen “Ynsanperwer gatnaşyklary jebisleşdirmegiň täzeçe nusgasy” atly makala Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanypdyr. Onuň awtorynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk derejesine eýe bolandan soň, geçen 25 ýylyň dowamynda parahatçylyk söýüjilik we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanmak bilen, sebit we dünýä meselelerini çözmäge gönükdirilen çäreleriň uly möçberini amala aşyrdy. “Ylmy we medeni durmuş habarlary” diýen bölümde geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär. Bu bölümde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň möhüm wakalary öz beýanyny tapyp, olar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn parahatçylyk döredijilik ugrunyň yzygiderliligini, durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklerini beýan edýär. Köpsanly fotosuratlar, şol sanda muzeý we arhiw maglumatlary türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän “Miras” žurnalynyň makalalaryna ajaýyp goşundydyr.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow