Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Ykdysadyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 12.01.2021
11380

Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümleri, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki gatnaşyklaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Daşary ýurt maýalaryny hem-de Diýarymyzyň telekeçilik ulgamynyň serişdelerini çekmek üçin ýurdumyzda döredilen amatly ýagdaýyň esasynda maýa goýum işini işjeňleşdirmek bu özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamyny ösdürmekde “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyöjylaryň meýilanamalary häzirki zaman işewürlik ugurlaryny hem-de bank ulgamynda dolandyryş işini goldamak boýunça çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow