Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary
Çap edildi 04.12.2020
4155

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpsanly şäher ilaty gatnaşdy. Birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Şweýsariýa, Italiýa, Hytaý, Türkiýe, Belarus, Gazagystan, Özbegistan we beýleki ýurtlarda üstünlikli çykyş eden “Dehistan” folklor-entografiýa toparynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Artistleriň ýerine ýetiren özboluşly çykyşlary şowhunly tanslar bilen utgaşyp, milli äheňleriniň baýramçylyga mahsus häzirki zaman derejesini aýan etdi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, halkymyzyň ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Adam hakyndaky alada möhüm orun berlen giň möçberli özgertmeler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän giň möçberli işler üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri aýan edildi. Balkanabat giň hem-de nurana köçeleri, ajaýyp seýilgähleri bilen barha gözelleşýän we abadanlaşdyrylan gözel şäherleriň hatarynda ornuny berkidýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň maksatnamasy amala aşyrylýar. Lebap welaýatynyň gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda welaýat merkeziniň demirgazyk-günbatarsynda emele gelen täze ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda noýabr aýynyň aýagynda açylan metjidiň bardygyny bellemeli. Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşen künjekde bolsa kaşaň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu gün bolsa bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilen dört gatly 32 jaýyň 6-sy ulanylmaga berildi. Bu ýerde esasy işleri Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň önümçilik bölümleri ýerine ýetirdiler. Täze toplumyň ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlylygy üpjün edýän ähli şertler döredildi. Şolaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýleriň 36-sy bar. Öýleriň meýdançasy degişlilikde 79, 101 we 119 inedördül metre barabardyr. Giň hem-de ýagty otaglaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylyp, aşhanalary we eýwanlary ajaýyp mebeller bilen üpjün edildi. Geljekde täze ýaşaýyş toplumynda mekdep, çagalar bagy, saglyk hem-de söwda merkezleri, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançalar we durmuş düzümine degişli beýleki desgalar bina ediler. Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda milli Lideriimz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow