Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary
Medeniýet
«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary
Çap edildi 04.08.2020
4441

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýyl häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan milli medeni we taryhy gymmatlyklara täzeçe baha bermäge mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumadamzat gymmatlyklary bilen baglanyşykly pikirleri jemgyýetçilik durmuşynda döwrüň ýörelgelerine kuwwatly itergi berdi. Şunda türkmen jemgyýetiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde taryhy tejribe möhüm orny eýeleýär. Žurnalyň täze sanynyň mazmunyny taryhçy alymlaryň, arheologlaryň, etnograflaryň we medeniýeti öwrenijileriň, dilçileriň hem-de edebiýatçylaryň makalalary düzýär. Olar häzirki zaman ynsanperwer ylymlarynyň ösmegi üçin häsiýetli bolan umumy kanunalaýyklyklary beýan edýär. Däp bolan «Açyşlar we täze işläp düzmeler» bölüminde Magtymguly Pyragynyň döwrüni we döredijilik mirasyny ylmy taýdan öwrenmegiň netijeleri baradaky makalalar toplumy çap edilýär. Şolarda tutuş dünýäde beýik nusgawy şahyryň şahsyýetine, garaýyşlaryna hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine beslenen ajaýyp eserlerine bildirilýän uly gyzyklanma öz beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda bu mowzuk aýratyn derwaýysdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda ajaýyp filosofyň we şahyryň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmegiň, onuň baý döredijiligine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu babatda «Magtymguly Pyragynyň pelsepewi pikiriniň çuňlugy we şahyrlyk hyýalatynyň gudraty» atly makala uly gyzyklanma döredýär. Makalada ýazuw edebiýatynyň we dilüsti halk döredijiliginiň halkymyzyň beýik oglunyň — häzirki zaman türkmen edebi dilini esaslandyryjynyň döredijilik mirasyna täsiri bellenilýär. Şol sebäpli hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň dili häzirki wagtda ýakyn garyndaşlykda bolan türki dilli halklaryň ählisine düşnüklidir we ýakyndyr. Makalanyň awtory bu nukdaýnazary taryhy maglumatlar arkaly tassyklap, ýazuw çeşmelerine salgylanýar we beýik söz ussadynyň ruhy garaýyşlarynyň many-mazmunyny hem-de dünýäni çeperçilik taýdan beýan etmegiň stilistikasyny açyp görkezýär. Türkmen halkynyň edebi mirasy köpöwüşginliligi hem-de köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi öwrenilýän döwrüň şygryýetinde ruhy başlangyçlaryň çuňňur çeşmelerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şu ewolýusion prosesde eshatologik we liriki poemalary döreden Magtymgulynyň döredijiligine aýratyn orun degişlidir. Şähryslamyň küýzegärçilik önümleri baradaky makalanyň awtory dürli çeşmelere hem-de arheologik gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan gadymy gymmatlyklara salgylanyp, senediň bu görnüşiniň ösüş taryhy barada gyzykly maglumatlary getirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Bu maksatnama laýyklykda öwrenilmegi meýilleşdirilen ýadygärlikleriň sanawyna Şähryslam orta asyr şäheri hem girizildi. Makalada bellenilişi ýaly, bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan taryhy tapyndylaryň agramly bölegi küýzegärçilik önümleri bolup, olar bezeg usuly bilen tapawutlanýar. Anyklanylyşy ýaly, orta asyr senetçileri reňkleri ulanmagyň, guşlary, haýwanlary suratlandyrmagyň, küýzelerde nagyşlary çekmegiň ýörite usullaryny ulanypdyrlar. Şol usullar bolsa nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Getirilen maglumatlar orta asyrlarda bu şäheriň iri söwda-ykdysady merkezleriň biri bolandygy baradaky netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Şäherde ussat senetçiler ýaşapdyrlar. Olaryň ýokary ussatlyk derejesi barada milli Liderimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltlik eserinde ýazýar. «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölüminde «Abu Aly Ibn Sina Nesiminiň dünýägaraýşynda» atly makala ýerleşdirilipdir. Onda orta asyr yslam filosofiýasynyň meşhur şahyryň edebi eserlerine täsiri seljerilýär. «Türkmenistanda pul-haryt gatnaşyklarynyň gözbaşy» atly makalada milli gymmatlyklaryň arasynda gadymy pullary, olaryň üsti bilen pul-haryt gatnaşyklaryny öwrenýän numizmatika ylmynyň ähmiýetiniň uludygy nygtalýar. Makalada bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň çäginde pul dolanyşygy biziň eýýamymyzdan ozalky IV asyryň ahyrynda başlanypdyr. Häzirki Türkmenistanyň çäklerinde iň gadymy teňňe görnüşli metal pullar Murgap derýasynyň aşak akymynda ýerleşen Marguş şalygynda we Demirgazyk Baktriýada (häzirki Gündogar Türkmenistanda) ulanylypdyr. Olar gurşun ergininden guýma usulynda ýasalan ortasy deşikli görnüşde bolupdyr. Şeýle irki teňňeler Marguş şalygynyň Ajyguýy diýen ýerinde (Amyderýanyň orta akymynyň sag kenarynda ýerleşýän häzirki Magdanly şäheriniň töwerekleri) meýdan işleri wagtynda hazyna görnüşinde tapylypdyr. Makalanyň awtorynyň nygtaýşy ýaly, Magdanly şäheriniň ady hem ýöne ýerden bolmasa gerek. Şol ýerde gadymy döwürlerden bäri baý gurşun magdan käni ýerleşipdir. Megerem, hut şu ýerde gurşun ergininden galyba guýlup ýasalan ikbaşlar Margiananyň söwda merkezlerine getirilendir we pul birligi hökmünde peýdalanylandyr. Bulary gadymy Marguş siwilizasiýasynyň soňky döwri bilen, ýagny (miladydan öňki II müňýyllygyň ahyrlary) bilen senelemek mümkin. Gadymy Hytaýda şeýle metal ergininden guýma usulynda ýasalan ilkinji teňňeler hem şol döwürde, ýagny miladydan öňki XII asyrda ýüze çykypdyr. Şoňa görä-de, töleg serişdesi bolup hyzmat eden Baktriýanyň, Marguşyň we Hytaýyň metal ergininden guýma usulynda ýasalan pullaryny dünýäniň iň gadymy teňňe görnüşli pullary diýip hasap etmek mümkindir. Belli bir agrama, görnüşe, gymmata eýe bolup, töleg serişdesi hökmünde ulanylan puluň bu görnüşi jemgyýetiň ösüş derejesiniň ýokarlanyp, alyş-çalşyň haryt-pul dolanyşygyna bolan zerurlygy döreden mahalynda, synplar we häkimiýet dörände ýüze çykypdyr. Teňňe görnüşli metal pullary zikgelemek häkimlikleriň garamagynda we ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdyr. Makalada bellenilişi ýaly, adamzat jemgyýetiniň taryhynda teňňe zikgesiniň oýlanyp tapylmagy we durmuşa ornaşdyrylmagy adamlaryň durmuşynda iňňän ähmiýetli wakalaryň biridir. Barlag işleri baý materiallara esaslanýar. Munuň özi bolsa okyjylara puluň gelip çykyşynyň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. «Ylmy we medeni durmuş habarlary» bölüminde geçen ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-ylmy we medeni durmuşyndaky bolan wakalara syn berilýär. Bu bölümde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-tehniki ösüş we durmuş ugurly syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň gazananlaryny ulanmak babatda amala aşyrýan syýasatynyň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýän möhüm ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapýar. Köp sanly suratlar türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Miras» žurnalynyň awtorlarynyň makalalarynyň üstüni ýetirýär. Munuň özi bolsa žurnalyň dünýäniň köp ýurtlarynda giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow