Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy
Teswirlemeler
Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy
Çap edildi 12.07.2019
26139

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejede netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Ministrler Kabinetiniň birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp, 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz dürli edaralaryň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň öňünde geljek döwür üçin anyk wezipeleri goýup, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça BMG, ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA we beýleki abraýly guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeň häsiýetini belledi. Şolar energetika, suw, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden, ulag düzümini kemala getirmekden, bilim hem-de medeniýet ulgamlaryny ösdürmekden, adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmekden, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan hem-de häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolan netijeli köpýyllyk hyzmatdaşlygyny aýratyn bellemek gerek. Şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň barşynda 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň düzümine, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça toparynyň hem-de 2020 — 2023-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça toparynyň düzümine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu waka ýurdumyzyň diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligini alamatlandyryp, däbe öwrülen gatnaşyklar üçin täze sepgitleri açyp, türkmen döwletiniň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişlikde belent abraýynyň tassyknamasyna öwrüldi. Umuman, geçen ýyl ýurdumyz 2019 — 2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-nyň agzalygyna saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ozal hem — 2013 — 2015-nji ýyllar üçin BMG-niň bu esasy edarasynyň düzümine saýlanypdy hem-de BMG-niň Durnukly ösüş boýunça Bütindünýä sammitine taýýarlyk görülmegine gatnaşdy. Häzir döwletimiz Milletler Bileleşiginiň birnäçe düzüm edaralarynyň agzasy bolmak bilen, şolaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar. Türkmen paýtagtynda ýerleşen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistana Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, Halkara Energetika hartiýasynyň Baş sekretarlary, beýleki abraýly düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri geldi. Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara hem okgunly ösüş mahsus bolup, dürli ugurlarda amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen hepdäniň ahyrynda Mejlisde we Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Federika Mogerini bilen duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek. ÝB-niň diplomatiýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Ýewropa Bileleşigi türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, tutuş dünýä bileleşiginde biynjalyk döredýän möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, sebitde we dünýäde durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär hem-de şolary goldaýar. DIM-de geçirilen duşuşygyň çäklerinde «Türkmenistanyň Hökümetiniň we Ýewropa Bileleşiginiň, Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetini döretmek, onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda» Ylalaşyga gol çekmek dabarasy-da boldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär. Biziň ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bu wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşip, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň halklaryny birleşdirýän taryhy taýdan kemala gelen dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar hem-de dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň netijeleri hem-de şu ýyl Arkalaşykda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen beýleki çäreleriň netijesi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Güýzde türkmen paýtagty GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini kabul eder, şoňa taýýarlyk görmek ýokary guramaçylyk derejesinde amala aşyrylýar. Hazar sebiti bilen bagly meseleler hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, Hazaryň ägirt uly kuwwatyny aňrybaş derejede ulanmak boýunça yzygiderli çäreleri görmek bilen, gojaman Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesiniň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başyny başlan birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Ony geljek aýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy kabul eder. 29-njy iýunda Aşgabatda öňde boljak şanly waka bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Oňa iri daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň — dürli ýurtlardan habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazetleriň we žurnallaryň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň halkara bähbidi sebitiň çäklerinden çykyp, diňe kenarýaka döwletleriň däl-de, eýsem, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag we suw diplomatiýasy ýaly ugurlaryň ähmiýetiniň artandygyny belleýär. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan tebigy baýlyklaryny umumy bähbit üçin ulanmaga çalyşmak bilen, ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde energiýa howpsuzlygynyň ählumumy gurluşyny kemala getirmäge uly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary kabul edildi. Ähli gatnaşýan taraplaryň bähbitleriniň deňagramlylygyna esaslanan bu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip hem-de anyk teklipleri yzygiderli öňe sürmek bilen, ýurdumyz ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany amala aşyrýar, energiýa serişdeleriniň köpugurly eksport düzümini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirýär. Şunda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisini mysal hökmünde görkezmek bolar, onda Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek pikiri hem öz beýanyny tapdy. Ýene bir aýdyň mysallaryň biri gurluşygy dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna «mawy ýangyjy» uzakmöhletleýin ugratjak täze energetika ulgamy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli wezipeleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Şu ýyl türkmen gazynyň Russiýa Federasiýasyna iberilip başlanmagy-da bellärliklidir. Türkmenistanyň we RF-nyň arasynda 2028-nji ýyla çenli gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygyň çäklerinde degişli şertnama gol çekildi. Maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGC-2019) dünýäniň gaz senagatynyň ösüşiniň ýagdaýyny we geljegini, netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çäre boldy. Bu ýöriteleşdirilen forum eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Türkmenistan uglewodorodlaryň gazylyp alynýan mukdaryny artdyrmak hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, halkara ölçeglere kybap gelýän bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürýän, ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän, gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek, täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ahal welaýatynda özboluşly senagat toplumynyň — ekologiýa taýdan arassa sintetik ýangyç — tebigy gazdan benzin öndürýän toplumyň ýakynda ulanylmaga berilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Täze kärhana — dünýäde ilkinji desga «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd» (Ýaponiýa) hem-de «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Mundan başga-da, Türkmenistan energetika ulgamynda hem-de elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeldýär. Şunda TOPH gaz geçirijisiniň geçýän ugrunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamyny mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu elektrik geçiriji ulgam onuň düzümine girýän desgalary energiýa bilen üpjün etmekden başga-da, elektrik energiýasyny Pakistana hem-de Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ýetirmäge şert döreder. Şeýle hem şol ugur boýunça optiki-süýümli ulgam çekiler, ol üç döwletiň arasynda maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekden başga-da, sebit birleşmelerini işjeňleşdirmäge hyzmat eder. Pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy enjamlaryň esasynda degişli düzüm yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, şunda dünýä belli «General Electric» amerikan kompaniýasy ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Global özara gatnaşyklarda ulag diplomatiýasy ýaly täze ugur hem mäkäm ornaşýar. Bu mesele boýunça Türkmenistan BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlady. Ýurdumyz bu meselä jogapkärçilikli çemeleşmek bilen, soňky ýyllarda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi, olar dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy. Durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen tarapyndan teklip edilen taslamalarynyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr, döwletleriň onlarçasy onuň awtordaşy boldy. Taryhy nukdaýnazardan, sebit we yklym söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň çägi gadym döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegini düzüpdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzir ýurdumyz ady rowaýata öwrülen ýoly täze görnüşde dikeltmek bilen, köpugurly multimodal ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň başyny başlady. Şunda milli Liderimiz Merkezi Aziýa sebitiniň ähmiýetli ornuny belleýär, şonuň çäginden asyrlaryň dowamynda kerwen ýollary geçipdir. Hut şu ýerde, Gündogaryň we Günbataryň arasynda tebigy köpri emele gelip, ösüşiň merkezine öwrüldi. Häzir Bitarap döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen, halkara üstaşyr-ulag we logistika merkeziniň derejesinde ynamly berkarar bolýar. Türkmenistanda bar bolan ýollary, şol sanda awtomobil ýollary, polat ýollary, şeýle hem ugurdaş inžener-tehniki desgalary döwrebaplaşdyrmak we täze ýollary gurmak boýunça maksada gönükdirilen işleri amala aşyrylýar. Şolar goňşy döwletlere çykmak bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerini birleşdirer. Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň, Marynyň, Türkmenabadyň Halkara howa menzilleri, şeýle hem Daşoguzyň howa menzili milli ulag-logistika ulgamynyň aýrylmaz halkalary bolup durýar. Howa gämileriniň üsti dünýä belli «Boing» kompaniýasynyň täze uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Türkmen uçarmanlarynyň ýerine ýetirýän uçuşlarynyň çägi giňelýär: geçen aýyň ahyrynda Aşgabat — Tokio ugry boýunça ilkinji gatnaw amala aşyryldy. Milli floty we tutuş degişli düzümi hem ösdürmäge uly üns berilýär. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy möhüm düzüme öwrüldi. Ol 2018-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanylmaga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu port Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak üçin möhüm şertleri döredýär, sebitara we yklymara gatnaşyklara täze strategik mümkinçilik mahsus bolýar. Elbetde, ýurdumyz sebit we yklymüsti ulag ulgamyny döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunda Demirgazyk — Günorta we Günbatar — Gündogar ugry boýunça üstaşyr-ulag geçelgeleri möhüm orun eýelär. Şolaryň hatarynda Ýewropa çykýan Ýakyn Gündogar, Günorta — Gündogar hem-de Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryny birleşdirýän Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) hem-de Merkezi Aziýa döwletlerine Pars aýlagyna çykmaga mümkinçilik berýän Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ýollary bar. Halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ýurdumyz suw diplomatiýasyna hem daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de beýleki iri forumlarda öňe süren başlangyçlary suw meselesiniň tutuş toplumy boýunça sebit we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugur boýunça köptaraplaýyn aragatnaşygyň täze syýasy-diplomatik görnüşini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Suw Strategiýasyny taýýarlamak boýunça teklibi beýan etdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň gös-göni suw we ekologiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan şunda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen, halkara hukugyň kadalarynyň esasynda hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda şolary çözmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şunda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy milli derejedäki işleriň degişli ölçeglerine berk daýanmalydyr. Şolar biri-biriniň üstüni ýetirýän, biri-birinden aýrylmaz işler bolup, şunda her bir döwlet öz ornuna we jogapkärçiligine doly derejede düşünmelidir. Dürli pudaklarda milli meýilnamalary amala aşyrmak bilen, Türkmenistan olary Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ekologiýa özeni bilen, hususan-da, suwy rejeli peýdalanmak bilen deňeşdirýär. Ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda, gidrotehniki desgalary, suw hojalyk desgalaryny gurmakda we ulanmakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň baý tejribesi toplanyldy, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş meýilnama durmuşa geçirilýär. Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak boýunça ägirt uly taslama bu ugurda möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu wezipeleriň amala aşyrylmagyna döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berýär. Emeli suw howdanynyň, aslynda, çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologiýa, ykdysady we durmuş meseleleri, şol sanda oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragy zaýalanmakdan goramak, zeý suwlarynyň basan ýerleriniň müňlerçe gektaryny ekin dolanyşygyna goşmak, esasy we hojalygara şor suw akabalarynyň zolagynda şora durnukly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, öri meýdanlary suwlulandyrmak, balyk hojalygyny ösdürmek, suw ätiýaçlyklarynyň goruny döretmek ýaly meseleleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu täsin desganyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge hyzmat etmek bilen, Türkmenistanda, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýändigini ynamly aýtmak bolar. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda alyp barýan işlerini bellemek gerek. 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-nyň başlygy bolmak bilen, Türkmenistan bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge düýpli çemeleşmesini görkezýär, ol ýörite işlenilip taýýarlanan konsepsiýada öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aral meselesiniň möhümligi Merkezi Aziýanyň çäklerinden alyslara çykýar. Bu bolsa abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, BMG bilen özara gatnaşyklarda yzygiderli döwletara hyzmatdaşlygy üçin mäkäm binýady döretmegiň wajypdygyny şertlendirýär. Bu ugurda Türkmenistanyň görýän anyk çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy türkmen tarapynyň başyny başlan «Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany kabul etdi. Şeýle hem ýurdumyz BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklip bilen çykyş etdi. Bu resminama Aral deňzi sebitinde ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça anyk meýilnamalary öz içine alýar. Türkmenistan öz tarapyndan Aral ýakasynda ekologiýa, durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer ýagdaýy gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär, bu bolsa sebitde däl-de, eýsem, dünýä möçberinde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, şu maksatlar bilen ýurdumyzda giň gerimli çäreler toplumy, şol sanda tozanly ýellerden we jöwzadan goranmagyň wezipesini ýerine ýetirýän bagy-bossanlyga büremek, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Kanallaryň we beýleki suw howdanlarynyň töwereginde ekilýän gök ösümlikler bolsa kenarlary berkitmäge, toprakda çygyň saklanmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Araly halas etmegiň asylly maksatlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklamak bilen, geljekde hem suw diplomatiýasyny ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýär, bu bolsa, ozaly bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde zerur bolup durýar. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň beýleki döwletleri, şol sanda ýakyn goňşular bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň aýrylmaz bölegidir. Bu babatda ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere möhüm orun berilýär. Fewral aýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Şonda Owganystanyň Prezidenti bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Aşgabat duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygy ynamly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky aýgytly ädim boldy. Ol iki halky birleşdirýän köpasyrlyk dostluk, doganlyk gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy taýdan kemala gelen ruhy-medeni gatnaşyklar bilen şertlendirilendir. Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly syýasy-diplomatik serişdeler bilen kadalaşdyrmak nukdaýnazaryndan çykyş etmek bilen Türkmenistan goňşy ýurdy durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge uly goşant goşup, ony sebit we halkara goşulyşmak çärelerine çekmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de amala aşyrýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, owgan halkynyň parahatçylyga we ylalaşyga ymtylmagyna raýdaşlygyny beýan etmek bilen, biziň döwletimiz geljekde hem oňa hemmetaraplaýyn goldawy hem-de zerur ynsanperwer kömegi berer. Häzirki wagtda Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu babatda, şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasyndaky gepleşikleriň netijeli bolandygyny bellemek gerek. Netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen jemleýji ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna ýokary derejedäki duşuşygyň öň ýanynda Aşgabatda geçirilen türkmen-bahreýn işewürler maslahatynyň barşynda gol çekilen ähtnamalaryň we ylalaşyklaryň girendigi guwandyrýar. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklar hem täze mazmuna eýe boldy, şunda ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýlan Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk aýdyň mysal bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen hem-de nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýan öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işlerini görkezmek bolar. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde gazy gaýtadan işleýän zawod hem-de Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody bar. Taraplaryň ikisiniň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga tarap ugur alandygy aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda tassyklanyldy. Geljekki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna degişli gazanylan ylalaşyklar hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkiden we üstüni ýetiren resminamalar toplumy ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesi boldy. 23-nji iýunda milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary boldy. Bu döwlet bilen Türkmenistanyň arasynda ýakyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Göni ikitaraplaýyn gatnaşyklar anyk netijeleri ugur edinýän, däbe öwrülen dostlukly, strategik türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Kazanda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen gepleşikler munuň nobatdaky subutnamasy bolup, olaryň jemleri boýunça dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam etjek resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Umuman, şu ýyl bu duşuşyk Türkmenistanyň Baştutanynyň Tatarystanyň ýolbaşçysy bilen eýýäm ikinji duşuşygydyr, ol aprel aýynyň ahyrynda Aşgabada gelmeginiň çäklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Mahlasy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda netijeli, täzeçil daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly saýlap alan döredijilikli ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýar, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşant goşýar.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow