Baş sahypa
\
\
Çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
Çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
Çap edildi 14.01.2019
19071

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Ylmy-amaly maslahata ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň tanymal wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan medeniýeti ösdürmegiň, döwlet ideologiýasyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Döredijilik işgärleriniň ýaş wekilleri ýurduň mundan beýlägem rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşmalydyrlar. TDÇA-da geçirilen maslahata gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, döredijilik “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylyndaky çäreleriň aýrylmaz bölegidir. Häzirkizaman döwletiniň ösüşiniň möhüm bölegi bolan ýurdumyzyň medeniýet ulgamy diňe bir jemgyýetiň talaplaryna jogap bermän, eýsem Türkmenistanyň özgertmeler ýolunda mundan beýlägem öňe gitmegi üçin mümkinçilikleri özünde jemleýär. 2019-njy ýylyň şygarynyň diňe bir ýurdumyzyň ýeten häzirki üstünliklerine däl, eýsem milli medeni mirasyň çuňňur köklerine ünsi çekip, ony has giňişleýin we köpgyraňly tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Çeperçilik akademiýasynyň galareýasynda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanyp tematiki sergi gurnaldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary häzirki zaman şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň baý stilistik ugurlaryny görkezdiler. Sergide žiwopis, grafika işleri, kiçi görnüşli heýkeller, keramika, şaý-sepler, gobelenlerdir halylar, ýaş binagärleriň we dizaýnerleriň taslamalary goýlupdyr. 2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan çäreler dowam etdirilýär, oňa ösüşiň hatyrasyna täze üstünliklere ruhlanýan dürli pudaklaryň wekilleri, türkmenistanlylaryň ählisi gatnaşýarlar.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.04
“Galkan” hokkeý toparynyň türgenleriniň we tälimçileriniň hormatyna dabara
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
20.04
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow