Baş sahypa
\
\
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine dabaraly badalga berildi
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine dabaraly badalga berildi
Çap edildi 09.01.2019
20187

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2019-njy ýylyň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de geçirildi. Türkmenistanda her ýyly atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Onuň şygarynda täze tapgyrda milli ösüşiň möhüm ugurlary yglan edilýär. Munuň özi her bir adamyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly işlere dahylly bolmaga hem-de öz şahsy goşandyny goşmaga watançylyk ruhuny we ymtylyşyny artdyrmaga ýardam berýär. 2019-njy ýylyň şygarynyň many-mazmuny halkyň erk-islegi bolup, Watanymyzyň üstünliklerini we gazananlaryny giňden wagyz etmäge, olaryň ählisini açyp görkezmäge, iri möçberli ykdysady özgertmelere we durmuş ösüşine depgin bermäge, şeýle hem parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge ýurdumyzyň goşandyny, milli Liderimiziň başlangyçlaryny ýaýmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň baş şygarynyň mazmunynda, şeýle hem halkyň jebisligi, nesilleriň dowamaty hem-de ýaşlary Watanymyza — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek baradaky pikir durandyr. Mukamlar köşgündäki dabara dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Watanymyzyň taryhda eýelän ornuny täzeden dikeltmekde hem-de onuň dünýädäki abraýyny artdyrmakda, türkmen halkynyň bagtyýar ykbalyny döretmekde bitirýän ägirt uly işleri üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylar “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň täze şöhratly we beýik işlere beslenjekdigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň mizemez agzybirliginden, halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine jebisleşmeginden ybaratdyr. Bu bolsa Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň, ruhy däpleriň gymmatlyklaryna akyl ýetirilmegine, milli mirasa daýanýar. Halkymyzyň hut taryhy gymmatlygynyň, onuň milli özboluşlylygynyň, umumy ösüşlere beslenen üstünlikler we öňdebaryjy ýagdaýlar bilen düýpli ahlak derejeleriň utgaşdyrylmagy döwletimiziň üstünlige we rowaçlyga tarap açarydyr. Häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän esasy ýurtlaryň biridir. Dünýäde güýçli hem-de ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly döwletdir. Döwletimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberli maýa goýumlaryny goýýar. Daşary söwda dolanyşygymyz yzygiderli artýar. Zähmet haklary her ýyl durnukly köpeldilýär. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we sanly ykdysadyýete geçmek işleri depginli alnyp barylýar. Bilim, saglygy goraýyş, ylym we beýleki pudaklarda özgertmeler dowam edýär. Oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul eden çärelerimiz hem öz netijelerini berýär, bugdaýyň we gowaçanyň gowy hasyly alyndy. Ýurdumyzda iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde nebitgaz känleri özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar, iri gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar hem-de olar ulanmaga berilýär. Amala aşyrylýan bu işleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary derejesi saklanýar. Ýurdumyz içerki durnuklylygy we syýasy ulgamynyň berkligi, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza demokratik kadalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Bularyň ählisi halkara giňişlikde özümizi ynamly duýmaga, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär. 2019-njy ýylyň şygary hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” we “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen ynsanperwer ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Çünki rowaçlyk durmuş we ykdysady gülläp ösüşiň, parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýanyň hem-de deňhukukly halkara gatnaşyklaryň kanunalaýyk netijesidir. Hut şonuň üçin hem şu ýylyň nyşanynda täze belentliklere tarap ymtylýan ýurdumyzyň abadançylygynyň we parahatçylyk söýüjiliginiň alamaty hökmünde “Abadançylyk” binasy hem-de zeýtun baldajyklary şekillendirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylym, bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça 2019-njy ýyl üçin giň gerimli meýilnamalar hem-de wezipeler kesgitlenildi. Olaryň ählisi türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny, onuň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de uly bilelikdäki işleriň ugurlaryny görkezmek bilen birlikde, şahsy göreldesi bilen jemgyýetiň döredijilik serişdelerini ulanýar. Kuwwatly, baý döwlet hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli ösüşi köp babatda diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, onuň ruhy-ahlak mümkinçiligi, akyl-paýhas, adam maýasy, halkymyzyň beden we durmuş saglygy bilen şertlenýär. Hormatly Prezidentimiziň bu maksatnamasynda biziň ösüşimiziň ölçegler ulgamy beýan edilendir. Şonda ähli orta möhletli we uzak möhletli döwlet maksatnamalarymyz beýanyny tapýar. Şol maksatnamalaryň maksady Türkmenistany raýatlaryň abadançylygy hem-de ýokary durmuş derejesi, innowasion ykdysadyýet, iň täze tehnologiýalar, ýokary bäsleşikli önümleriň eksporty we ösen durmuş düzümleri bilen üpjün edilýän ýurda öwürmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar. Bu maksatlara ýetmek üçin bizde uly esas döredildi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçen ýylda kuwwatly senagat kärhanalary, ulag we energetika desgalary ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň giňişligindäki ýurtlar üçin strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny agzamak gerek. Bu iri taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykardy, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitdi. Mundan başga-da, Ahal welaýatynda “Türkmen aýna önümleri” önümçilik kärhanasy ulanmaga berildi. Bu kärhana eýýäm daşary ýurtlara iberýän önümleriniň gerimini giňeldýär. Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, Garabogazda karbamid zawodynyň açylmagy türkmen ykdysadyýeti üçin taryhy waka boldy. Şeýle hem geçen ýyl Serhetabat — Turgundy demir ýoly, Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menzili, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyza ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky böleginiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna başlandy. Olaryň düýbüniň tutulyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de taslama gatnaşyjy ýurtlardan gelen belent mertebeli myhmanlar gatnaşdylar. Şeýle hem “Awaza” şypahanasy we onuň bilen adybir akwapark açylyp, olar Hazaryň kenarynda milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş düzümleriniň üstüni ýetirdi. Welaýatlarda köpugurly täze hassahanalar, durmuş ähmiýetli, saglygy goraýyş ulgamyna, medeniýet pudagyna degişli desgalar, millionlarça inedördül metr ýaşaýyş jaýlary we beýlekiler ulanmaga berildi. Senagat düzümleriniň depginleriniň ösdürilmegi, barha täze önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyza makroykdysady görkezijileri durnukly depginde saklamaga mümkinçilik berýär, ýöne biziň gazananlarymyzy sanlar bilen ölçemek mümkin däldir. Çünki olar diňe bir maglumatlarda ýüze çykman, täze döwrüň ruhunda, onuň döredijilik ylhamynda hem-de ägirt uly özgertmeleriň depginlerinde, täze belentliklere hem-de täze sepgitlere ýetmek ynamynda öz beýanyny tapýar. ...Türkmenistanyň ösüşini, köplenç, milli maksatlary jemleýän we ruhlandyrýan janly keşbe öwrülen ahalteke bedewiniň bady bilen deňeýärler. Şoňa görä-de täze, 2019-njy ýylyň ilkinji gününde türkmen atlarynyň şöhratly nesilleriniň ýene-de bir wekiliniň dünýä inmegi özboluşly mana eýedir: milli Liderimiz taýçanaga “Rowaç” diýip, ajaýyp at dakdy. Rowaç — gülläp ösüş diýmek. Munuň özi biziň öňümizde ýene-de ençeme ajaýyp üstünlikler we uly ýeňişler garaşýar diýmegi aňladýar! “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň çärelerine badalga berilmegine bagyşlanan dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow