Baş sahypa
\
\
Mary welaýatynyň orta asyr ýadygärliginde lukmançylyga degişli tapyndylar ýüze çykaryldy
Mary welaýatynyň orta asyr ýadygärliginde lukmançylyga degişli tapyndylar ýüze çykaryldy
Çap edildi 09.02.2018
18185

9-njy fewralda geçirilen hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer B. Abdyýewa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar barada habar berdi. Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän orta asyrlar döwrüne degişli bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäklerinde alnyp barylýar. Geçen ýylyň baharynda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň, “Gadymy Merw” hem-de “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleriniň we arheologlarynyň bilelikdäki topary bu ýerde täze barlaglara başladylar. Geçen ýylyň güýz möwsüminde galanyň günorta-gündogar çetinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde täsin tapyndylar ýüze çykaryldy. Bu ýerde bişen kerpiçden gurlan gala diwarynyň we oňa ýanaşyk gurlan otaglaryň birnäçesiniň üsti açyldy, galanyň daş ýüzünde bişen kerpiçden örülip ýasalan suw geçirijiniň hem-de keramiki turbalaryň üsti açyldy. Bulardan başga-da, arheologik gazuw-barlag işleriniň dowamynda bişen kerpiçden gurlan, otaglarynyň ýerleşişi adaty ýaşaýyş jaýlaryndan tapawutlanýan orta asyr desgasynyň üsti açyldy. Onuň otaglarynyň birinden köpsanly aýna önümleriniň bölekleri we abat saklanyp galan özboluşly çüýşe gaplaryň hem-de ownuk metal gurallaryň birnäçesi çykdy. Barlaghanada geçirilen deňeşdiriş-seljerme işleri bu täsin tapyndylaryň tebipleriň we lukmanlaryň guraly bolup hyzmat edendigini tassyklamaga mümkinçilik berýär. Habar berilişi ýaly, bu tapyndylar zerur bolan berkidiş işleri geçirilenden soň, ýurdumyzyň muzeýleriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüler. Häzirki wagtda bu tapyndylar “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda saklanylýar hem-de şol ýerde zerur bolan ilkinji berkidiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gadymy taryhyny şöhlelendirýän hem-de türkmenleriň ýokary medeniýetiniň, olaryň ylmy ösdürmäge hem-de umumadamzat siwilizasiýasyna goşandynyň wajyp subutnamalary bolan Daňdanakan galasynda ýüze çykarylan täze tapyndylaryň möhüm ähmiýetlidigini belledi hem-de bu ugurda arheologlaryň-alymlaryň alyp baran işlerine mynasyp baha bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňky habarlar
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
top-arrow