Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
Çap edildi 15.01.2023
2046

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi raýat jemgyýetiniň, hukuk döwletiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

9-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň, pagtaçy kärendeçileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalary berk berjaý edilmelidir, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyryny ýygnap almak işleriniň depgini güýçlendirilmelidir, ýazky ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmelidir. Bulardan başga-da, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama laýyklykda, welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkimlere tabşyryklar berildi.

11-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz käbir ýurtlaryň diplomatik wezipä bellenilen doly ygtyýarly wekillerini kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň hususy bölegi uly goşant goşýar. Şunuň bilen birlikde, taraplaryň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanyp boljakdygy, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk we dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hasaba almak bilen, bu mümkinçilikleriň işjeň herekete girizilmelidigi nygtaldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Şeýle hem diplomat Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Duşuşykda ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.

Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde dürli pudaklarda, şol sanda işewürlik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir.

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, gurluşyk-senagat we energetika pudaklarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmak mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Ýurdumyzyň Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna taýýarlyk görmek, 20-nji martda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty, şeýle hem aprel we maý aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara olimpiadalary guramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Mejlisde harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berildi. Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nazara alyp, bu işleri halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolsa B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy hem-de degişli işler ýerine ýetirildi.

Mejlisde Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berildi. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan”, “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeler esasynda işlenip düzüldi. Resminama ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» we “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler beýan edilýär. Resminamada halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, ol Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady, eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary, banklary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. Onda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem göz öňünde tutulýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine welaýatlarda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek, tehniki goldawy bermek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Teсhnologies Сo., Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda geçiren Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolunda täze ädim boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine ünsi çekdi. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümini we ygtyýarlyklaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar. Täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy; Türkmenistanyň Prezidenti; Mejlisiň Başlygy; Ýokary kazyýetiň başlygy; Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary; Mejlisiň deputatlary; Ministrler Kabinetiniň agzalary; Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy; Baş prokuror; adalat ministri; welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri; welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary; etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary; syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary; welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilse, dogry bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak; döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak; Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner. Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.

Maslahata gatnaşyjylar öňe sürlen teklipleri dolulygyna goldadylar. Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň döredilmegi jemgyýetiň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerine eýerip, möhüm çözgütleri kabul etmäge, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, çözgütleriň erkin ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi üçin mümkinçilikleri üpjün eder. Milli parlamentiň bir palataly ulgama öwrülmegi döwletimiziň dünýäniň durmuş-ykdysady we sanly tehnologiýalar giňişligine goşulyşýan şertlerinde halkara ülňülere laýyk gelýän kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwlet dolandyryşynyň çeýe ulgamyny döretmäge ýardam eder.

Maslahatyň netijeleri boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda bilelikdäki Karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklip bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Konstitusion topara «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de olara garamak we kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek bilelikdäki maslahatyna bellenen tertipde hödürlemek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerime eýe bolan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, saýlaw kanunçylygynyň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek 2023-nji ýylyň 26-njy martyna, ýekşenbe gününe bellenildi.

14-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek hakynda gelip gowşan teklipleri öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça döredilen iş toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek hem-de kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly özgertmäni goldap, gelip gowuşýan köp sanly teklipler seljerildi.

15-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem welaýatyň edara ediş merkezinde gurulmagy meýilleşdirilýän baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Munuň özi döwürleriň we nesilleriň arasyndaky baglanyşygyň dowamatlylygynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň täze belentliklerini ugur edinýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow