Türkmenistanda Adalatçynyň işiniň 2018-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty | TDH

Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň 2019-njy ýylyň jemleri boýunça hasabaty



Giriş

Ýurdymyzda geçen «Türkmenistan − rowaçlygyň Watany» ýylynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek babatynda syýasy strategiýalarda hem-de milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi dowam etdirildi. Ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde gazanylanlar, onuň ykdysady kuwwatyny, dünýädäki abraýyny has-da artdyrdy. Geçen ýylyň dowamynda amala aşyrylan bu özgertmeler ähli ugurlara gönükdirilip, adamyň we raýatyň hukuklaryny goramaklygy, ýaşaýyş durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etdi.

Hasabat ýylynda hem, Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer başlangyçlary bilen we bu ugurda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam beriji ýurt hökmünde halkara giňişliginiň üns merkezinde boldy. «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip dünýä we sebit ähmiýetli dürli meselelere, şol sanda adam hukuklaryny öňe sürmek, kanunyň hökmürowanlygy ýaly meselelere bagyşlanan maslahatlaryň, forumlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýurdy bolmagynda galdy.

Geçen 2019-njy ýylda Durnukly ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek babatda hem, Türkmenistan nusgalyk işleri amala aşyrdy. Ýagny BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen ýokary derejeli syýasy forumda Türkmenistanyň Meýletin milli syny hödürlendi. Onda Türkmenistany ösdürmegiň ugurlary hem-de ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatnamasy babatda gazanan esasy üstünlikleri beýan edildi, 2019-njy ýylyň tapgyrlaýyn maksatlary görkezildi.

Geçen ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna hemmetaraplaýyn sanly ulgamy ornaşdyrmak hem döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýagny 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli pudaklary we olaryň döwlet dolandyrylyşyny tehnologik transformasiýa geçirmeklige badalga berildi.

Jemgyýetimizde demokratiýanyň ösmegine, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge we goramaga, döwleti dolandyrmagyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilen, ýagny ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny iki palataly ulgama geçirmek baradaky konstitusion özgertmelere badalga berilmegi hem geçen ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.

Agzalyp geçilenler we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan beýleki möhüm wakalar, adamyň we raýatyň syýasy, raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, döwletimiziň baş wezipesine öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Bu wezipeleriň iş ýüzünde berjaý edilişiniň seljermesine bagyşlanyp, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň (mundan beýläk Adalatçy) bu ýyllyk maglumatynda ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda we geçen 2019-njy ýylda Adalatçy tarapyndan alnyp barlan işler barada beýan edilýär.

Maglumat dokuz bapda beýan edilip, onuň mazmuny ýurdumyzda adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hakyky ýagdaýynyň seljermesini, adam hukuklaryny berjaý etmek babatda gazanylan oňyn netijeleri we ýüze çykýan meseleleri öz içine alýar.

Maglumatyň jemleýji babynda, ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaýyň, alnyp barlan işleriň seljermesiniň netijesinde, şol sanda raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça geçirilen işleriň we degişli döwlet edaralaryndan alnan maglumatlaryň netijesinde, ýurtda adam hukuklary baradaky ýagdaýy has-da gowulandyrmak maksady bilen, bar bolan meseleleri aradan aýyrmak, olary çözmegiň usullaryny işlemek üçin degişli teklipler berildi.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda bu maglumat Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň seretmegine berilýär hem-de Adalatçy şu maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär we ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.

Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, halkara guramalary, raýat jemgyýetçiligi we halk köpçüligi Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2019-njy ýylyň jemine bagyşlanan bu maglumaty bilen tanşyp, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we höweslendirmek çygrynda edilen işler boýunça netije çykararlar hem-de öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam hukuklarynyň üpjün edilşiniň mundan beýläk hem berkemegine ýardam ederler diýip umyt edýäris.

I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde durnukly we yzygiderli ösýär. Syýasatda, ykdysadyýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamynda we medeniýetde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde gazanylan ösüşe daýanyp, Garaşsyz döwletimizi düýpli özgertmek wezipeleri, esasan, ýurdumyzy özüniň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen gülläp ösýän, özüni doly derejede üpjün edýän kuwwatly berkarar döwlete öwürmekdir.

Ýurdumyzda alnyp barylýan bu oňyn içeri we daşary syýasatyň netijesinde, hasabat ýyly adam hukuklary babatda hem ähmiýetli wakalaryň ýyly boldy. Syýasy, ykdysady, durmuş, hukuk özgertmeleri, şol sanda hususy eýeçilige geçilmegi, raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, bularyň hemmesi ýurdumyzda adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmeginiň amatly şertini döretdi.

Bilşimiz ýaly, bu özgertmeler ýurdumyzda amala aşyrylýan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň we meýilnamalaryň esasynda ulgamlaýyn alnyp barylýan işleriň netijesinde durmuşa geçirilýär.

Ýagny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 − 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň

2011 − 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda

2019 − 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 − 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 − 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» ýaly durmuş-ykdysady Maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda şeýle-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýän bolsa, gönümel adam hukuklaryny gyşarnyksyz berjaý etmek maksady bilen kabul edilen we durmuşa geçirilýän Meýilnamalar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny subut edýär.

Şeýlelikde, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 − 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynda», «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2016 − 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 − 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynda», «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017 − 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmegiň çäginde hem hasabat ýylynda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak babatda hem saldamly işler amala aşyryldy.

Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň karary bilen adam hukuklary babatda birnäçe möhüm meýilnamalar tassyklanyldy. Olardan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň 2014 − 2024-nji ýyllaryň dowamynda Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Hereketleriň global meýilnamasynyň çäklerinde we ýurdumyzda raýatsyzlygy aradan aýyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 − 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» tassyklanyldy. Şeýle-de, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda adam hukuklaryny berjaý etmeklige gönükdirilen Meýilnamalaryň birbada üçüsi Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlary bilen tassyklanyldy. Ýagny ýurdumyzyň ilatynyň durmuş we hukuk taýdan goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hukugy bilen baglanyşykly, adam söwdasyna garşy hereket etmek babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 − 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy», şeýle-de halkymyzyň asuda durmuşyny, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wajyp halkara meselesi bolan terrorçylyga garşy göreşmekde döwlet syýasatynyň ulgamlaýyn alnyp barylmagyny üpjün etmek, bu ugurda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, «Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy», ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan enäniň, çaganyň saglygyny gorap saklamak, bu ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy» tassyklanyldy we iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy.

Hasabat döwründe ol maksatnamalaryň çäginde ýurdumyzda adamyň we raýatyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek we goramak maksady bilen, saldamly işleriň durmuşa geçirilenligini bellemegimiz zerurdyr. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçilikleriniň ösüşi üçin oňyn şertleri döretmek bilen baglanyşykly çäreleri durmuşa geçirmek döwletimiz tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we bimöçber işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda adamyň we raýatyň ähli taraplaýyn hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanuny kepillikleriniň üpjün edilýändigine we ol hukuklaryň we azatlyklaryň iş ýüzünde berjaý edilýänligine garamazdan, bu ugurda işlerimizi has-da kämilleşdirmegi talap edýän ýagdaýlar hem ýüze çykýar. Bular barada maglumatymyzyň degişli baplarynda giňişleýin durlup geçilýär.

Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde bolup geçýän özgertmeler halkyň bähbidine amala aşyrylmak bilen, şol bir wagtda, halkyň ýardamy, gatnaşmagy bilen durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň maksadalaýyklygy ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň, jemgyýetçilik ösüşiniň şerti bolmak bilen bir hatarda, halkyň döredijilik kuwwatynyň hem netijesidir. Şeýlelikde, ýurdumyzda alnyp barylýan dürs syýasat, adamy ýurdumyzyň ösüşleriniň işeňňir agzasyna öwürýär. Munuň özi, ýurduň syýasy ösüşi bilen jemgyýetçilik ösüşiniň sazlaşýanlygyny açyp görkezýär.

Bellemeli zatlaryň biri hem, ýurdumyzyň bu özgertmeleriniň sakasynda duran milli strategiýalaryň ählisi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir hem-de 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibine girizilen wezipeleri alamatlandyrýar.

Ýagny, BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan durnukly ösüşiň global maksatlary kabul edilenden soň, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatnamasyny milli derejede ornaşdyrmaga başlady. Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatnamasyny ornaşdyrmak maksady bilen döredilen, düzüminde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, ylmy toparlarynyň, işewürleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolan Pudagara iş topary tarapyndan BMG-niň agentlikleriniň gatnaşmagynda 17 maksadyň her biri boýunça geňeşmeler geçirilip, Durnukly ösüş maksatnamasynyň wezipeleriniň we ugurlarynyň milli maksatlara laýyk gelmeginiň seljermesi amala aşyryldy. Durnukly ösüş maksatnamasynyň milli maksatnamalarda, strategiýalarda, meýilnamalarda beýan edilişiniň derejesine baha berildi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatnamasynyň wezipeleriniň segsen göterimden gowragynyň ýurdumyzyň milli we pudaklaýyn maksatnamalarynda eýýäm beýan edilendigini açyp görkezdi.

Durnukly ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek babatda 2019-njy ýyl hem, ähmiýetli işleriň bitirilen ýyly boldy. Ýagny, geçen ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda «Adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ählumumy gurşap almagy we deňligi üpjün etmek» mowzugy boýunça geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumda Türkmenistanyň Meýletin milli syny hödürlendi. Onda Türkmenistany ösdürmegiň ugurlary hem-de ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatnamasy babatda gazanan esasy üstünlikleri beýan edildi. Has takygy Meýletin milli synda 2019-njy ýylyň tapgyrlaýyn maksatlary görkezildi. Olar ýokary hilli bilim (4-nji maksat), mynasyp iş we ykdysady ösüş (8-nji maksat), deňsizligiň azaldylmagy (10-njy maksat), howanyň üýtgemegine garşy göreş (13-nji maksat), parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralarlar (16-njy maksat), durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk (17-nji maksat). Synyň üsti bolsa, saglyk we abadançylyk meselelerine degişli 3-nji maksat bilen ýetirildi.

Şeýlelikde, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler ýurdumyzyň syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Anyk ugry nazarlaýan bu syýasat döwletiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine daýanýan, bir umumy maksat arkaly baglanyşýan köp sanly dürli ugurlary öz içine alýar. Munuň özi bolsa, halkymyzyň we her bir raýatymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle-de, bu işler ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde öňde goýan maksatlaryna hem-de wezipelerine ygrarlydygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän we Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk häkimiýetiniň bu wekilçilikli edarasy «Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda hereket edýär we onuň işine halkymyzyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagy kanun esasynda göz öňünde tutulandyr.

Halkymyzyň hak-hukuklaryny amala aşyrmaklaryny giňden üpjün etmek maksady bilen, hasabat ýylynda ýurdumyzda başy başlanan jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň biri hem, «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň» derejesini ýokarlandyrmak, kanun çykaryjy edarany iki palataly ulgama geçirmek baradaky konstitusion özgertmelere badalga berilmegidir. Bu konstitusion özgertmeler jemgyýetimizde demokratiýanyň ösmegine, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge we goramaga, döwleti dolandyrmagyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basmagy bilen jemgyýetiň we döwletiň öňünde täze talaplar ýüze çykýar, täze-täze jemgyýetçilik gatnaşyklary döreýär. Şeýlelikde, belleýşimiz ýaly, geçen hasabat ýylynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň täze tapgyry bolan konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmegiň başy başlandy. Ýagny, geçen 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşy üçin möhüm ähmiýeti bolan bu meselä ünsi çekdi. Dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, ýurdumyzyň Parlamentiniň iki palataly ulgama geçmeginiň we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky pikiri öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň teklipleri biragyzdan goldanylyp ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna gadam basyldy. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisinde bu toparyň ýanynda degişli iş topary döredildi. Hasabat ýylynyň dowamynda Konstitusion toparyň iki maslahaty, iş toparyň maslahatlary bolsa yzygiderli geçirilip, netijeli işler alnyp baryldy.

Milli kanunçykaryjy edaranyň işiniň iki palataly ulgama geçmegi, ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň ynsanperwer ýörelgesiniň, adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýandygy baradaky konstitusion kadalaryň mundan beýläk-de gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň we geçirilýän konstitusion özgertmeleriň demokratik-hukuk we dünýewi döwletimiziň täze taryhy döwre gönükdirilen maksatlarynyň ygtybarly hukuk binýady boljakdygy şübhesizdir.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilşiniň ýagdaýyna syn bermegiň netijesinde belläp geçmeli zatlaryň biri hem, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan köpugurly özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmekde alnyp barlan işleriň hem az däldigidir.

Ýagny, 2019-njy ýylda Mejlis tarapyndan jemi 65 sany kanun kabul edilip, olaryň aglabasynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň, halkymyzyň bolelin ýaşaýyş durmuş şertlerini üpjün etmegiň kanuny esaslaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilenligini bellemelidiris.

II bap. Raýatlyk we syýasy hukuklar

Ýurtda adamyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda ýurdumyzda möhüm ädimleriň ädilenligi, ol işleriň häzir hem yzygiderli dowam etdirilýänligi barada aýratyn bellenilmäge degişlidir. Ýagny, Türkmenistanyň 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyny hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyny tassyklandygy, raýatlyk we syýasy hukuklaryň we azatlyklaryň beýleki ähli hukuklaryň hereket etmeginiň hökmany şerti bolup durýanlygy barada geçen ýyllardaky maglumatlarymyzda hem belläp geçipdik. Şonuň üçin hem, Türkmenistan bu halkara resminamalara goşulan wagtyndan bäri, gatnaşyjy döwlet hökmünde adam hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyk getirmek babatda hukuk we syýasy ygrarlylygyny görkezdi. Şeýlelikde, Paktyň esasy düzgünleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan başlap, beýleki degişli kanunçylyk namalaryna ornaşdyryldy we bu işler ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň geçen 2019-njy ýylda alyp baran işleri, ýagny adam hukuklaryny, şeýle-de adamyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny göz öňünde tutýan kadalary özünde jemleýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Has takygy Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň, «Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda», «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda», «Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň kämilleşdirilendigini bellemelidiris.

Adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň berjaý edilişi babatda aýdanymyzda, ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk barada durup geçmelidiris. Mälim bolşy ýaly, adamyň raýatlyk we syýasy hukuklary babatda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi babatda BMG-niň degişli komitetlerine öz milli hasabatlaryny bermek we komitetiň agzalary tarapyndan berlen maslahatlary öwrenmek we onuň üstünde işlemek boýunça ulgamlaýyn iş alnyp barylýar. Şeýle-de halkymyzyň raýatlyk we syýasy hukuklaryny berjaý etmek maksady bilen, halkara guramalary bilen belli bir ugurlar boýunça milli meýilnamalar hem taýýarlanylýar.Ýagny ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda möhüm orun eýeleýän, durnukly ösüşiň esasy şerti we düýp meselesi bolan ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen bagly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşygy dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Bu ugurda 2019-njy ýylyň dowamynda hem ähmiýetli işleriň alnyp barlanlygyny bellemelidiris. Ýagny, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň karary bilen 2019-njy ýylyň ýanwarynda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» tassyklanyldy we netijeli durmuşa geçirilip başlandy. Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däpleriniň belent nusgasyna eýerip, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Permany bilen, häzirki wagta çenli ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň 23 müňe golaýy (22930 adam) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Geçen hasabat ýylynda bu ynsanperwer işler dowam etdirildi we Ýurdumyzyň Prezidentiniň Permany bilen 863 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işler ýurdumyzyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny subut edýär.

Adalatçynyň ýyllyk meýilnamasynda beýleki çäreler bilen bir hatarda Adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek işleri hem göz öňünde tutulyp, bu ugurda birnäçe işler alnyp baryldy.Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny kepillendirýär. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolsa, erkin demokratik saýlawlary gurnamak we geçirmek bilen raýatlarymyzyň bu konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaklaryny üpjün etmelidir.

Mälim bolşy ýaly geçen 2019-njy ýylyň 31-nji martynda ýurdumyzda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.

Bu saýlawlara taýýarlyk görlende we geçirilende raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny amala aşyrmaklaryna döredilen mümkinçiliklere syn bermek maksady bilen, Adalatçy we diwanyň işgärleri tarapyndan birnäçe saýlaw uçastoklaryna barlyp görüldi.

Has takygy 2019-njy ýylyň 30-njy martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän 143-nji orta mekdebiniň binasynda gurnalan 54-nji saýlaw uçastogyna, şol etrabyň Ýalkym ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän 100-nji orta mekdebiň birinji binasynda gurnalan 53-nji saýlaw uçastogyna, şol mekdebiň 2-nji binasynda gurnalan 55-nji saýlaw uçastogynda saýlawlara taýýarlyk görlende degişli kanunlaryň talaplaryna laýyklykda dalaşgärleriň we saýlawçylaryň hukuklarynyň berjaý edilişi bilen tanşyldy.

Saýlawlar güni 31-nji martda bolsa, saýlawlaryň geçirilişini synlamak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etraby boýunça saýlaw uçastoklaryna, ýagny şäheriň 131-nji orta mekdebinde gurnalan 85-nji we 86-njy saýlaw uçastoklaryna baryldy. Şol gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde ýerleşen 81-nji saýlaw uçastogynda hem bolundy.

Saýlaw uçastoklarynda bolnanda, esasan uçastoklarda saýlawçylaryň öz saýlaw hukuklaryny päsgelçiliksiz amala aşyrmaga döredilen şertler, olaryň saýlawçylaryň sanynda tükel bolmagy, dalaşgärleriň terjimehallary bilen doly tanşyp netijä gelmäge döredilen mümkinçilikler, şeýle-de saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylara öňünden ses bermäge, özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmak mümkinçilikleriniň üpjün edilişi, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň bozulanlygy barada şikaýatlaryň gelip gowşanlygy ýa-da ýoklugy, saýlaw toparlarynyň işleriniň kanuna laýyk resmileşdirilişi baradaky meselelere üns berildi.

Netijede uçastoklarda saýlawa taýýarlyk görlende we geçirilende, esasan, kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişinde düýpli kemçilikler ýüze çykarylmady. Uçastok saýlaw toparlary üçin Gollanma laýyklykda bolmaly resminamalaryň käbir nätakyklygy barada dilden bellik edilip, kemçilikler ýerinde düzedildi.

Saýlawlaryň geçişine milli synçylaryň 357-si syn etdi.

Öňki saýlawlarda bolşy ýaly, bu saýlawlarda hem ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynyň 21-sinde wideo kameralar gurnalyp, on-line tertipde saýlawçylaryň ses berişleri Internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň web-saýtynda ilata göni we üznüksiz görkezildi.

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna, ýagny sagat 19:00-a çenli saýlawçylaryň, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna 91,12 göterimi, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň saýlawlaryna 90,86 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,71 göterimi hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 90,90 göterimi gatnaşdy.

Geçen 2019-njy ýylyň dowamynda, şol sanda saýlawlar döwründe saýlaw hukuklarynyň bozulanlygy barada raýatlardan Adalatçynyň diwanyna ýüztutma gelip gowuşmady.

Adalatçynyň adamyň raýatlyk we syýasy hukuklarynyň goralmagy babatda esasy üns merkezinde saklanýan ugry hem iş kesilenleriň, düzediş we dikeldiş edaralarda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrmakdyr. Ýagny, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 21-nji maddasynyň, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda Adalatçy deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerine, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralara päsgelçiliksiz we öňünden duýdurmazdan barmaga we özbaşdak ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary, wezipeli adamlar, döwlet gullukçylary bilen bilelikde olaryň işine barlag geçirmäge ygtyýarlydyr.

Adalatçy kanunda göz öňünde tutulan bu wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň dowamynda şeýle edaralaryň birnäçesine bardy. Ol ýerde saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilişine, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň talaplarynyň ýerine ýetirilişine barlag geçirildi.

Şeýlelikde, Adalatçy iş kesilenleriň saklanýan ýeri bolan, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň MR-E/16 edarasynda bolup, ol ýerde esasan hem iş kesilenleriň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişine, olaryň saglygyny goramak, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, zähmet çekmek şertleri, ýakyn garyndaşlary bilen gysga we uzak möhletli duşuşyklary geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilişi barlanyldy. Barlag döwründe berk düzgünli düzediş edarada jemi 1190 iş kesilenleriň saklanylýanlygy anyklandy.

Şeýlelikde ilki bilen iş kesilenleriň saglyklaryny goramaga döredilen mümkinçilikler bilen tanşyldy. Iş kesilenlere edaranyň lukmançylyk gullugynda 21 orunlyk ýatymlaýyn bejergi almaga, şeýle-de ýatymlaýyn däl lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge we bejergi almaga mümkinçilik döredilipdir. Zerurlyk ýüze çykanda, olaryň gorag astynda edaranyň daşynda ýerleşýän saglygy goraýşyň kesel anyklaýjy merkezlerine çykarylmagy hem ýola goýlupdyr. Iş kesilenlere edaranyň lukmançylyk gullugyna degişli birlikleriň 6-sy, ýagny 4 sany ýokary bilimli, 2 sany ýörite-orta bilimli lukmanlar hyzmat edýär. Edaranyň lukmançylyk bölüminde we derman ammarynda bolan dermanlar barlanylanda, möhleti geçen dermanlar ýüze çykarylmady. Iş kesilenler, olaryň kesel kesgidi baradaky maglumatlar degişli tertipde ýöredilýär. Iş kesilenleriň 22 sanysy dürli keseller bilen maýyplygy boýunça aýratyn hasaba alnan.

Şeýle-de edarada iş kesilenlere türkmen we daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary, gazetdir-žurnallary bilen tanşyp durmaga mümkinçilik döredilipdir. Kitaphana Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýazan kitaplarynyň – 206-sy; ykdysady - syýasy kitaplaryň 253-si; Çeper - edebi kitaplaryň 612 sanysy bilen üpjün edilipdir we ýöredilýän bellige alyş kitapçadan her günde kitaphananyň hyzmatyndan onlarça iş kesilenleriň peýdalanýanlygy görünýär. Olara Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanyň hyzmatyndan peýdalanmaga-da mümkinçilik döredilipdir. Dükanda satylýan azyk harytlarynyň möhletleri seljerilende, möhleti geçen harytlar ýüze çykarylmady.

Ýokarda bellenişi ýaly barlag döwri düzediş edarada iş kesilenleriň 1190-sanysy bolup, olaryň belli bir böleginiň, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň talaplaryna laýyklykda zähmet çekmäge bolan hukuklary üpjün edilipdir. Barlag döwri jemi 202 sany iş kesilenler iş orunlary bilen üpjün edilen. Olardan: Kerpiç hek sehinde 76 adam, demir we alýumin penjire gapy sehinde 16 adam, agaç ussahanasynda 10 adam, tikinçilik sehinde 74 adam, eýer sehinde 9 sany adam, hojalyk hyzmatynda 17 sany adam zähmet çekýär.

Görşümiz ýaly, iş kesilenleriň aglabasy önümçilikde işläp, olara öndürýän önümleriniň mukdaryna görä aýlyk tölenýär. Galan 17 sanysy bolsa hojalyk hyzmaty bölüminde işledilip, olara döwlet býujetinden kesgitlenen aýlyk tölenýär. Olaryň aýlyk haklary nagt däl görnüşinde her bir iş kesileniň atly hasabyna geçirilip, olara atly hasabyndaky pullaryndan hossarlaryna ugratmaga ýa-da edaranyň içindäki dükandan söwda edip nagt däl görnüşinde hasaplaşmaga mümkinçilik döredilipdir.

Edarada iş kesilenleriň kanunçylykda göz öňünde tutulan dine uýmak erkinligine bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, ähli amatlyklary bolan 600 orunlyk metjidiň gurlup ulanylmaga berlenligini we ondan iş kesilenleriň erkin peýdalanýandyklaryny bellemelidiris.

Edarada iş kesilenlerden we olaryň hossarlaryndan gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilende kanunçylygyň berjaý edilişine hem barlag geçirildi. Barlagda hasabat ýylynyň 11 aýynda iş kesilenleriň hossarlaryndan jemi 171 sany arzanyň gelip gowşandygy, olaryň degişli tertipde hasaba alnyp seredilenligi takyklandy. Ýüztutmalaryň aglabasy günä geçmek, möhletinden öň şertli boşatmak, ynanç haty almak, nika bozmak we emläk meseleleri ýaly durmuşy meseleler bolup, olara kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletde we tertipde seredilipdir. Şeýle-de, şol döwrüň dowamynda iş kesilenleriň özlerinden jemi 4 arza gelip gowşup, olar hem nika bozmak we ynanç hatyny almak barada bolup, degişli tertipde seredilipdir.

Mundan başga-da, Adalatçy tarapyndan Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň AH-E/1 edarasynda bolnup, ol ýerde esasan hem tussaglykda saklanýanlaryň ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilişine, olaryň saglygyny goramak, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, zähmet çekmek şertleri, ýakyn garyndaşlary bilen duşuşyklary geçirmek üçin döredilen şertler barlanyldy. Barlag döwründe edarada jemi 338 sany tussag saklanyp, olar derňewdäkilerden we iş kesilenlerden ybarat.

Bu edaranyň hem lukmançylyk gullugynda 24 orunlyk ýatymlaýyn bejergi almaga, şeýle-de ýatymlaýyn däl lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge we bejergi almaga mümkinçilik döredilipdir. Tussaglara edaranyň lukmançylyk gullugyna degişli birlikleriň 8-si, ýagny 5 sany ýokary bilimli, 3 sany ýörite orta bilimli lukmanlar hyzmat edýär. Edaranyň lukmançylyk bölüminde we derman ammarynda bolan dermanlar barlanylanda, möhleti geçen dermanlar ýüze çykarylmady. Tussaglaryň kesel kesgidi baradaky maglumatlar degişli tertipde ýöredilýär.

Bu edarada hem tussaglara kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredilipdir. Kitaphana türkmen we daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary, gazetdir-žurnallar bilen üpjün edilipdir. Kitaphananyň gory jemi 1242 sany kitap bolup, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýazan kitaplarynyň 329 sany, çeper eserleriň 913 sany, olardan türkmen dilinde 790 sany, rus dilinde 423 sany, iňlis dilinde 66 sanysynyň bolmagy ol ýerde saklanýanlara kitaplary diňe bir türkmen dilinde okamaga däl-de, köplenç ulanylýan daşary ýurt dillerinde-de okamaga mümkinçilik döredilipdir.

Ýokarda bellenişi ýaly barlag döwri edarada tussaglaryň 338-sanysy saklanyp, olaryň 196 sanysy iş kesilenlerdir. Iş kesilenleriň belli bir bölegi, has takygy 8 sanysy , hojalyk hyzmatlaryna işe çekilipdir. Ýagny edaranyň hojalyk hyzmatlary üçin döwlet býujetinden kesgitlenen aýlyk haky tölenýän, 19 adamdan ybarat ştat birligi kesgitlenen. Olaryň aýlyk zähmet haklary nagt däl görnüşinde her bir iş kesileniň atly hasabyna geçirilýär. Edarada zähmete çekilen iş kesilenler barada zähmet hukuk gatnaşyklarynyň bozulmasy ýüze çykarylmady.

Düzediş edarasynda saklanýanlar we olaryň hossarlaryndan gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilende kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilşine hem barlag geçirildi. Barlagda hasabat ýylynyň 11 aýynda tussaglaryň hossarlaryndan jemi 57 sany, özlerinden bolsa jemi 55 sany arza hasaba alnyp, olar esasan nägilelik şikaýaty we ynanç haty almak ýaly meseleler babatdadyr. Ýüztutmalara kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletde we tertipde seredilipdir.

Adalatçy edarada saklanýanlaryň şertlerini barlamak we olar bilen aýratynlykda gürrüňdeş bolmak maksady bilen, aýry-aýry tussag otaglarda (kameralarda) boldy. Şol sanda ol ýerde saklanýan 20 sany aýal we 4 sany kämillik ýaşyna ýetmedik bilen hem aýratynlykda duşuşdy. Duşuşykda derňew hereketlerinden nägilelik bildirilen ýüztutma bolup, oňa Adalatçy tarapyndan degişli kanunlaryň kadalary düşündirilip maslahat berildi.

Şeýle hem, barlag güni edarada saklanýanlar bilen olaryň hossarlarynyň duşuşmaklary üçin döredilen şertler, gözden geçiriş nokatlaryna hem barlag geçirildi we duşuşyga gelen hossarlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Bu ýerde kanun bozulmalar ýüze çykarylmadyk hem bolsa, gözden geçiriş nokatlarynda işleriň kämilleşdirilmäge degişlidigi ýüze çykaryldy we bu barada Adalatçynyň degişli teklibi berildi.

Geçen hasabat ýylynyň dowamynda Adalatçy jeza çäresini çekilýän we tussaglykda saklanýan edaralar bilen bir hatarda, ýörite dikeldiş edaralarynda saklanýanlaryň hukuklarynyň berjaý edilişine hem gözegçiligi amala aşyrdy.

Has takygy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň AH-M/4 ýörite dikeldiş merkezinde hem bolup, bejergidäkiler babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şol sanda «Arakhorlykdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň dikeldiş merkezinde bejergidäkileri saklamagyň tertibi hakynda Düzgünnamanyň talaplarynyň berjaý edilişine barlag geçirildi.

Bu ýörite dikeldiş merkezinde saklanylýan bejergidäkileriň hem ýaşaýan ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň berjaý edilişine, saglyklaryny dikeltmek, iýmitlenmek, medeni dynç alyş, sport bilen meşgullanmak, zähmet çekmek, hak hukuklary babatda ýüz tutmak mümkinçilikleriniň döredilişine, ýakyn garyndaşlary bilen duşuşyklary geçirmek üçin zerur mümkinçilikleriň kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda döredilişine barlag geçirdi.

Dikeldiş edarasynda barlag döwri 1216 adam bejergide bolup, olaryň 304 sanysy önümçilikde, ýagny tikinçilik, kerpiç, demir, haly önümler, gamyş sehlerinde iş bilen üpjün edilip, 48 sanysy bolsa, döwlet býujetinden kesgitlenen aýlyk zähmet haky tölenilýän hojalyk hyzmaty işlerine çekilipdir.

Ýörite dikeldiş merkeziniň aýratyn dikeldiş bölüminiň desgasynda Ýewropa bileleşiginiň CADAP taslamasynyň çäklerinde 2012-nji ýylda abatlaýyş işleri geçirilipdir. Ol bölümde bejeriş möhletiniň tamamlanmagyna üç aý galan bejergidäkiler bilen aýratyn iş geçirmek ýola goýulypdyr. Barlag döwri olaryň 20 sanysy şol bölümde bejergi geçýärler.

Barlag döwri merkeziň wezipe birligi 219.5 birlik bolup olaryň 50 sanysy serkerde, 123 sanysy hatarçy seržant, 46.5-si erkin gullukçylar bolup, şol döwre 10 birlik boş duran. Olardan merkezde bejergide bolýanlaryň gönüden göni saglygyny dikeltmek bilen meşgullanýan lukmançylyk gullugyna degişli birlikleriň sany jemi 26 birlik bolup, olaryň 10-sy ýokary bilimli lukmanlar, 16-sy bolsa, ýörite orta bilimlilerdir. Gullugyň hassahanasyndaky we dermanhanasyndaky derman serişdeleriniň möhleti geçeni ýüze çykarylmady.

Merkezde bejergidäkilere kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilipdir.Kitaphananyň gory jemi 2961 sany kitap bolup, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýazan kitaplarynyň 203-si, çeper eserleriň 2758-si, olardan türkmen dilinde 1655 sany, rus dilinde 1006 sany, iňlis dilinde 97 sanysynyň bolmagy ol ýerde saklanýanlara hem kitaplary diňe bir türkmen dilinde okamaga däl-de, köplenç ulanylýan daşary ýurt dillerinde-de okamaga mümkinçilik döredilipdir.

2019-njy ýylyň 11 aýynyň dowamynda bejergidäkileriň hossarlaryndan jemi 121 arza gelip gowşan. Olardan 35 sanysy bejergidäkileri möhletinden öň boşatmak barada; 86 sanysy ynanç hatyny almak ýaly durmuşy meseleler barada.Ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilipdir. Barlag döwri bejergidäkiler bilen, olaryň bolýan otaglarynda, lukmançylyk gullugynda, iş sehlerinde Adalatçy aýratynlykda gürrüňdeşlik geçirdi. Köpsanly soraglar boýunça kanunçylygyň talaplary düşündirildi. Bejergidäkilerden öz hukuklarynyň bozulýanlygy barada duşuşyk wagty Adalatça nägilelik ýüztutmalar gelip gowuşmady.

Barlag döwri dikeldiş merkezinde umuman kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilýänligine garamazdan, bejergidäkiler babatda zähmet howpsuzlygyny berjaý etmek, olaryň sport bilen meşgullanmak, medeni dynç alyş hukuklaryny amala aşyrmak mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmäge degişliligi takyklandy.

Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň AH-M/4 ýörite dikeldiş merkeziniň, AH-E/1, MR-E/16 edaralarynda geçirilen barlagyň netijesinde bu edaralarda, esasan, kanunçylygyň talaplary berjaý edilýän hem bolsa, käbir ýagdaýlar boýunça işleriň kämilleşdirilmegini we yzygiderli gözegçilikde saklanmagy talap edýän ýagdaýlar hem ýüze çykaryldy we bu ýagdaýlary aradan aýyrmak barada Adalatçynyň üç sany teklibi Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryna iberildi.

Olarda, esasan, edaralarda saklanýanlaryň zähmet kanunçylygy esasynda zähmetini we saglygyny goramagyň, tehniki howpsuzlygynyň we önümçilik sanitariýasynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, fiziki maşklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini üpjün edýän zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport meýdançalar bilen üpjün edilmegi, medeni dynç alyş üçin niýetlenen, ýagny medeni hukuklaryny amala aşyrmak üçin ýörite medeni otagyň gurnalmagy barada teklip edilýär.

Şeýle-de, bu edaralarda saklanýanlara hossarlary tarapyndan iberilýän ýollamalary, geçirilýän zatlary we banderollary kanuna laýyklykda gözden geçirmegi döwrebaplaşdyrmak, goşmaça wagty sarp etmezlik, gadagan edilýän zatlaryň geçirilmek howpuny aradan aýyrmak maksady bilen, gözegçilik nokatlarynda ýörite skaner enjamlaryny gurnamak mümkinçiligini öwrenmeklik teklip edildi.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna raýatlyk we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly jemi 62 sany ýazmaça ýüztutma, 60 sany dilden ýüztutmalar gelip gowuşdy. Ýüztutmalar kanunyň talaplaryna laýyklykda seredilip, ýazmaça ýüztutmalaryň 2 sanysy kanagatlandyrylan.

III bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

Ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem il-ýurt bähbitli özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Ýylyň dowamynda öň başy başlanan işleriň aglabasy üstünlikli tamamlanan bolsa, tutumly işleriň başy başlanan ýyl hökmünde-de ýatda galarlyk boldy. Ýagny ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 ̶ 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 ̶ 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» tassyklanandygyny, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegiň 2019 ̶ 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerek.

Bu resminamalaryň kabul edilmegi özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Bu özgertmeleriň maksadynyň özeni bolsa, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekden, raýatlarymyzyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasy şertleriniň biri hem, onda göz öňünde tutulýan wezipeleri amala aşyrmagyň kadalaryny kesgitleýän kämil hukuk binýadynyň bolmagydyr. Bu talaby berjaý etmek maksady bilen, birnäçe täze kanunlaryň kabul edilenligini, hereket edýänlerini kämilleşdirmekde alnyp barlan işleri hem bellemelidiris. Ýagny, hasabat ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Ekologiýa auditi hakynda», «Rasionalizatorçylyk işi hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary bolsa, kämilleşdirilip rejelenen görnüşde kabul edildi, şeýle-de hereket edýän kanunlaryň onlarçasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirildi. Kanunlarymyzyň döwrümiziň talabyna, halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, raýatlarymyzyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan, her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, bilim almaga, saglygyny gorap saklamaga, ýaşaýyş jaýyna, amatly daşky gurşawa, dynç almaga, medeni durmuşa gatnaşmaga, durmuş goraglylyga bolan hukuklarynyň, has takygy olaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň gyşarnyksyz kepili bolup durýar.

Şeýle hem, raýatlarymyzyň agzalan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, her ýylda bolşy ýaly 2019-nji ýylyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 70 göteriminden gowragynyň durmuş ulgamynynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendigini bellemelidiris.

Ýene-de bir agzap geçmeli möhüm görkezijileriň biri hem türkmenistanlylaryň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň her ýylda bolşy ýaly geçen ýyl hem on göterim ýokarlanmagydyr. Şeýle-de, geçen ýylda ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň saklanylmagy ýurdumyzyň durmuş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenildi. Resmi maglumatlardan görnüşi ýaly, 2019-njy ýylda 11 müň iş ornunyň döredilmegi munuň şeýlediginiň subutnamasy bolup durýar.

Şeýlelikde, geçen ýyl hem ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini hem-de telekeçiligi ösdürmek babatda işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Muňa aşakdaky getiriljek mysallar hem şaýatlyk edýär, ýagny geçen 2018-nji ýylda iş gözleýän hökmünde hasaba alnanlaryň sany ýurdumyz boýunça 75315 bolan bolsa, hasabat ýylynda jemi 68988 adam işe ýerleşdirilen.

Bu görkezijileri gazanmakda, häzirki döwür durmuşa geçirilýän, bu ugurdaky ýörite kabul edilen «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 ̶ 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda 2018 ̶ 2020-nji ýyllar üçin ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmek Maksatnamasynyň» möhüm ähmiýetini bellemek gerek.

Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň esasy konwensiýalaryna goşulmak bilen, ol halkara resminamalaryň kadalaryna ygrarlylyk, hemmeler üçin deň amatly zähmet şertlerini döretmek syýasatyny alyp barýar. Munuň şeýledigini Konstitusiýamyzda her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugynyň, şeýle-de mejbury zähmetiň we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleriniň gadagandygynyň kepillendirilmegi doly subut edýär. Şu ýerde hasabat ýylynda ýurdumyzyň halkara borçnamalarynyň, amala aşyrylýan durmuş ykdysady özgertmeleriň talaplaryna laýyklykda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen kanunçylygyň kämilleşdirilenligini, esasan hem, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilenligini, Halkara Zähmet Guramasynyň «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakynda» 144-nji konwensiýasyna goşulmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilenligini hem bellemelidiris.

Görşümiz ýaly hasabat ýylynda hem, ýurdumyzda her bir adamyň zähmet çekmäge bolan kostitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň möçberli işler durmuşa geçirildi. Muňa garamazdan, zähmet meselesi boýunça ýüz tutmalar Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüz tutmalaryň belli bir bölegini düzýär.Ýagny, hasabat ýylynda zähmet meselesi bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň jemi 39 sanysy ýazmaça, umumy sanynyň 11,5% dilden, ýüz tutmanyň 52 sanysy, umumy sanynyň 13,2% bolup, olaryň esasy bölegi bolsa işe ýerleşmek bilen baglanyşyklydyr. Ýüztutmalara kanunyň çäginde degişli tertipde seredilen, şeýle-de maslahatlar berlen, olardan 4 sany ýüztutma kanagatlandyrylan.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň ylyma we bilime bolan hukuklaryny amala aşyrmaga, bilim almaga, ylmy işler bilen meşgullanmaga, ylmyň gazananlaryndan peýdalanmaga-da doly mümkinçilikler döredilendir. Bu mümkinçilikler Watanymyzy ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hatyrasyna amala aşyrylan işleriň netijesinde döredildi.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda Internet binýadyna we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.

Elbetde, bu amatlyklary döretmek üçin her ýyl ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw artdyrylýar. Geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi gowulandyrylýar. Ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini işe ornaşdyrmak üçin şertler döredilýär.

Bu ulgamda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem tehnologiýanyň ösen döwrüniň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyk gelýän kanunçylyk binýady bilen üpjün edilmegini talap edýär. Ýurdumyzyň ylym ulgamynynyň işleri «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» ýaly döwrebap kanunlar bilen kadalaşdyrylýar. Ulgamyň işiniň üpjünçiligini has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hasabat ýylynda «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakynda», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakynda» kararlara gol çekdi. Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 000 000 (otuz bäş million) manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek hakynda Karar kabul etdi.

Döwletimiziň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem, bilimiň hemme basgançaklarda elýeterliligini we ýokary hilliligini üpjün etmekdir.

Ýurdumyzda bilim ulgamyna dünýä ölçeglerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bolan Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Ilat gaznasy (ÝUNFPA), Ösüş Maksatnamasy (ÝUNDP), ÝUNESKO ýaly guramalar bilen bilelikde iş alnyp barylýar.Ýurdumyzyň ençeme bilim edaralary daşary ýurtlardaky onlarça okuw mekdepleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular. Bu ulgamda halkara gatnaşyklarynyň düýpli işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmakda uly ähmiýetli bolup durýar.

Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň çäginiň we ösüşiniň giňeldilmegini nazara almak bilen, mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň sany artdyryldy. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli işleýär. Geçen ýylda bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini, şol sanda döwrebap okuw gollanmalaryny neşir etmek boýunça hem uly işler alnyp baryldy. Bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak işi mekdepleriň okuw dersleriniň meýilnamasyna hem möhüm täzelikleri girizdi. Şolaryň hataryna esasy hünärler bilen birlikde, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýa hünärleri goşuldy.

Ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýokary we beýleki okuw mekdepleriniň binalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Geçen okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, sebitlerde orta mekdepleriň 5-si we paýtagtymyzda çagalar bagy ulanylmaga berildi. Hemmetaraplaýyn ösen, zehinli ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işler oňyn netijesini berýär. Munuň şeýledigine milli we halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary alýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýanlygy hem şaýatlyk edýär. 2019-njy ýylda hem ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde 37 sany altyn, 32 sany kümüş we 73 sany bürünç medallaryň, jemi 142 sany medalyň eýeleri boldular. Halkara intellektual bäsleşiklerinde bolsa, türkmen talyplary jemi 37 medala, şol sanda 9 altyn, 12 kümüş we 16 bürünç hem-de dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Ylym we bilim ulgamynda döredilen mümkinçilikler, ulgamy yzygiderli kämilleşdirmekde alnyp barylýan özgertmeler, olaryň netijelerinde gazanylýan üstünlikler barada ýokarda beýan edilenler ýurdumyzda raýatlarymyzyň ylmy açyşlar bilen meşgullanmaga, ylmyň gazananlaryndan peýdalanmaga, tölegsiz orta bilim almaga, ýokary okuw mekdeplerinde okamaga bolan hukuklaryny doly amala aşyrmaklygyň kepillendirilenligine şaýatlyk edýär. Hasabat ýylynda bilim ulgamyny ösdürmeklige döwlet býujetinden 5368267,5 müň manat sarp etmek göz öňünde tutulyp, onuň 5362937,6 müň manat möçberde, ýagny 99,9 % ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzda bilim ulgamynyň iň bir ileri tutulýan ugurlaryň biridigini subut edýär.

Geçen ýylyň dowamynda bilim ulgamynyň meseleleri boýunça Adalatçynyň diwanyna raýatlardan jemi 1 sany ýazmaça, 1 sany dilden ýüztutmalar gelip gowuşyp, olara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Esasy Kanunymyzyň 5-nji maddasy Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigini ykrar edýär. Raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiligine bolan hukugy Konstitusiýamyza esaslanýan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi we kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen kadalaşdyrylýar. Bu ugurdaky kanunçylyk namalar hem, halkara ülňülerine döwrüň möhüm meselelerine we talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Ondan başga-da, hemmämize mälim bolşy ýaly, raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda uzakmöhletleýin Maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şol Maksatnamalaryň çäginde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, giň möçberli işler amala aşyrylýar. Her ýylda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, 2019-njy ýylda hem Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri on göterim ýokarlandyryldy. «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Düzgünnamanyň esasynda hasabat ýylynda hem ýüzlerçe enelerimiz sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip we terbiýeläp «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri boldular. Bu hormatly ada eýe bolan köp çagaly enelerimiz Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar. Ýurdumyzda raýatlary durmuş taýdan goramak baradaky wezipeler, maglumatda agzalyp geçilen BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen bilelikde taýýarlanan Meýilnamalaryň we durmuş ykdysady Maksatnamalaryň çäginde durmuşa geçirilýär.

Raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiligine bolan hukuklary doly kepillendirilýänligine we ol kepillikleriň iş ýüzünde doly berjaý edilýänligine garamazdan, az hem bolsa, bu ugurda-da Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmalaryň bolanlygyny bellemelidiris. Ýagny, geçen ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna raýatlardan durmuş üpjünçiligi meselesine degişli jemi 2 sany ýazmaça, 1 sany dilden ýüz tutmalar gelip gowuşyp, ýüztutmalara Kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Adamyň ýaşaýyş durmuşynda zerur zatlaryň biri hem onuň ýaşamak üçin amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaýynyň bolmagydyr. Raýatlarymyza bu şerti döretmek ýurdumyzyň Esasy Kanunynda kepillendirilip, bu kada beýleki kanunçylyk namalarymyzda öz beýanyny tapýar we iş ýüzünde berjaý edilýär. Munuň şeýledigini maglumatymyzyň ýokarky baplarynda agzap geçýän birnäçe durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi, raýatlarymyzyň durmuş-ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylýanlygy bilen subut bolýar. Şu ýerde biz geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda meýdany 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berlenligini, netijede müňlerçe maşgalalaryň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilenligini bellemelidiris. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, hasabat ýylynda-da, Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döwrebap obalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy dowam etdirildi. Munuň özi, oba adamlarynyň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmeginiň we beýleki ýaşaýyş durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýanlygynyň mysalydyr.

Şeýle-de, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugyny amala aşyrmaga döredilýän, dünýä tejribesinde seýrek gabat gelýän mümkinçilik, ol hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň, olary satyn almak üçin karz edaralary tarapyndan ýeňillikli göterimler bilen pul serişdeleriniň berilmeginiň dowam etdirilmegidir. Agzalanlar raýatlarymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak babatda ýurdumyzda örän uly möçberde işleriň alnyp barylýanlygyny subut edýär. Muňa garamazdan, Adalatçynyň diwanyna gelip aýdylan ýüztutmalaryň esasy bölegi ýaşaýyş jaý meselesi bolup durýar. Has takygy geçen ýylyň dowamynda jemi 89 sany, ýagny ýazmaça ýüztutmalaryň 26,3%, 128-sany dilden ýüztutma bolup, 32,4% ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy , ýazga durmak ýaly meseleler bolup durýar. Ýüztutmalar boýunça Kanun esasynda netije çykarylyp, olardan 1 sany kanagatlandyrylan. Ýüztutmalaryň bu görnüşi baradaky anyk maglumatlar bilen degişli bapda tanşyp bilersiňiz.

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, halk köpçüliginiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar. Bu işleri amala aşyrmagyň hukuk binýady hem halkara hukuk kadalaryna laýyklykda we döwrümiziň talabyna görä yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de, «Saglyk» döwlet maksatnamasy, jemgyýetiň saglygyny goramagyň dürli ugurlaryny ulgamlaýyn ösdürmek maksady bilen, uzakmöhletleýin Maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýagny «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 ̶ 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 ̶ 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem- de «Türkmenistanda 2018 ̶ 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama» ýaly maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Döwletimizde enäniň we çaganyň saglygyny goramaga döwlet tarapyndan goldaw bermek ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar.Bu işleriň aýdyň beýanynyň biri hökmünde geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň karary bilen «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 ̶ 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» tassyklanmagyny nygtap geçmelidiris.

Saglygy goraýyş ulgamynda möhüm maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, bu ulgam üçin göz öňünde tutulýan serişdeler, has takygy hasabat ýylynda bu ugra 2072413,2 müň manat sarp etmek göz öňünde tutulyp, onuň 2067015,1müň manat möçberde, ýagny 99,7% ýerine ýetirilmegi, adamyň baş baýlygy bolan saglygynyň ýurdumyzda adam hakynda aladanyň ileri tutulýan ugrudygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň beýik sepgitlere ýetenligini dünýä bileleşigi ykrar edýär. Munuň şeýledigine BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda geçirilen guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň bu guramanyň esasy edaralarynyň üçüsiniň agzalygyna saýlanmagy, has takygy, 2020 ̶ 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 ̶ 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 ̶ 2023-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy doly şaýatlyk edýär.

Raýatlarymyzyň saglygyny goramakda bimöçber işleriň alnyp barylýanlygynyň esasynda bu ugurda düýpli meseleleriň ýüze çykmaýanlygyny bellemek bilen, seýregem bolsa, bu ulgamyň işine nägilelik bildirilýän ýüztutmalaryň bolanlygyny bellemelidiris. Ýagny, hasabat ýylynyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna jemi 5 sany ýazmaça ýüztutma gelip gowşup, olara kanunyň talaplaryna laýyklykda seredildi.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň medeni hukuklary Esasy kanunymyzyň we hereket edýän onlarça kanunlarymyzyň we beýleki hukuk namalaryň esasynda kadalaşdyrylýar. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda-da sanardan köp işler geçirildi. Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 ̶ 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli döredijilik çäreleri, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar, sergiler we bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, sazly dabaralar we beýleki çäreler guraldy. Geçen ýylda medeniýet ulgamynyň ministrliginiň we pudaklaýyn edaralarynyň saýtlary açylyp «Rowaçlyk» Internet sahypasynda ýurdumyzyň gazananlary, medeni çäreleri, syýahatçylyk mümkinçilikleri, taryhy-medeni ýadygärlikleri baradaky maglumatlary beýan etmek ýola goýuldy. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň taryhy we şu güni bilen ýurdumyzda we ýurdumyzyň çäginden daşarda ýaşaýanlaryň tanyşmagyna mümkinçilik döreýär. Ýurdymyzyň Konstitusiýsy her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy kepillendirýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan köpmilletli ýurt. Ýurdumyzda alnyp barylýan syýasata we hereket edýän kanunçylyga laýyklykda ýurdumyzda ýaşaýan beýleki milletleriň wekillerine hem medeni hukuklaryny amala aşyrmaga doly mümkinçilik döredilendir. Munuň şeýledigini olaryň ýurdumyzda geçirilýän Goňşy okara, Nowruz baýramçylyklaryna, medeniýet günlerine we hepdeligine, dürli medeni bäsleşiklere, özleriniň milli çykyşlary bilen işjeň gatnaşýanlygy bilen esaslandyryp bolar. Şeýle-de, geçen ýyl hem öňki ýyllarda bolşy ýaly, medeni binalaryň gurlup ulanylmaga berlen we düýbüniň tutulan ýyly boldy. Geçen ýyl ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmeklige 479871,2 müň manat sarp etmek göz öňünde tutulyp, onuň 476530,6 müň manat möçberde, ýagny 99,3 % ýerine ýetirilmegi hem bu ulgamyň işiniň döwlet tarapyndan ýeterlik derejede maliýeleşdirilýänligini görkezýär. Hasabat döwründe raýatlardan medeni hukuklary boýunça Adalatçynyň diwanyna ýüztutmalar gelip gowuşmady.

IV bap. Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme

Ýurdumyzda adam hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini, şeýle-de adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen döredilen Adalatçynyň işi, esasan, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kadalaşdyrylýar. Kanunyň 18-nјi maddasynda Adalatçynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň, olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, gaýry kadalaşdyryјy hukuk namalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kepillendirilen hukuklarynyňwe azatlyklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly wezipeli adamlaryň we guramalaryň hereketlerine (hereketsizligine) we çözgütlerine bolan şikaýatlara seredýänligi kesgitlenen. Şunda, arza beriјi çözgütlere ýa-da hereketlere (hereketsizlige) administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolmadyk ýagdaýynda, Adalatça ýüz tutmaga bolan hukugy şol Kanunyň 19-nјy maddasynda kepillendirilip, şol Kanunyň V baby bilen şikaýatlara seretmegiň tertibi we şertleri, şikaýatlar boýunça kabul edilýän çözgütler, adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça Adalatçynyň hukuklary we borçlary hakynda ýörite kadalar göz öňünde tutulan.

Agzalan Kanunyň kadalaryna laýyklykda, Adalatçynyň diwany döredilenden bäri, şol sanda 2019-nјy ýylda hem, raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalaryna seretmek boýunça işleri alyp barýar.

Şeýlelikde, selјerilýän 2019-nјy ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan ýazmaça ýüztutmalaryň 346-sy hem-de 394 sany dilden beýan edilen ýüztutmalar hasaba alyndy.

Aşakda, ol ýüztutmalaryň çärýekleýin görkezijileri ýerleşdirilen:


Maglumatdan görnüşi ýaly, ýylyň dowamynda ýazmaça gelen şikaýatlaryň sany peseldi. Dilden beýan edilen ýüztutmalaryň sany ikinјi

çärýekde peselen hem bolsa, soňky çärýeklerde olaryň sanlary artdy. Şu ýerde hasabat ýylynyň dowamyndaky ýüztutmalaryň sanynyň, umuman, 2018-nji ýylyň görkezijilerine garaňda, ýazmaça ýüztutmalaryň 27,8 %, dilden ýüztutmalaryň 22,1 % peselenligini hem bellemelidiris.


Bu görkeziјilere, Adalatçynyň diwanynyň ýylyň dowamynda raýatlaryň öz hukuklaryny goramagyň serişdeleri, olara ýüz tutmagyň, şol sanda Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmagyň tertibi barada habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça, diňe bir ýurdumyzyň merkezinde ýa-da habar beriş serişdelerinde däl-de ýurdumyzyň sebitlerinde hem geçirilen düşündiriş işleriniň netiјesi diýip düşünmek hem bolar.

Esasan hem, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda olara, öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, administratiw nama ýa-da administratiw namany kabul etmekden ýüz dönderilmegine, şeýle hem administratiw edaranyň hereketine ýa-da hereketsizligine administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat etmäge bolan hukuklary barada, Adalatçynyň diwanyna ýazmaça ýüz tutan raýatlara maslahat beriş јogap hatlarynda, şeýle-de, Adalatçynyň diwanynda we sebitlerde kabul edişliklerde hem bolnan wagtlary raýatlara düşündirildi.

Indiki görkeziјimizde ýazmaça gelen ýüztutmalaryň sebitler boýunça seljermesiniň netijesi görkezilýär:


Selјermäniň görkeziјilerinden görşüňiz ýaly, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýazmaça ýüztutmalaryň köpüsiniň, ýagny 102 sanysynyň ýa-da 29,5% Aşgabat şäheriniň ýaşaýјylaryndan gelip gowşandygy, 86 sanysynyň ýa-da 24,9% Daşoguz welaýatynyň, 52 sanysynyň ýa-da 15,0% Balkan welaýatynyň, 45 sanysynyň ýa-da 13,0% Mary welaýatynyň, 32 sanysynyň ýa-da 9,2% Lebap welaýatynyň we 29 sanysynyň ýa-da 8,4% Ahal welaýatynyň ýaşaýјylaryndan gelip gowşandygy görünýär.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nјi maddasynda görkezilen kadalara laýyklykda Adalatça ýüz tutulanda, ýüz tutanlaryň hiç bir alamatlaryna garamazdan, artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär.

Adalatçynyň diwanyna ýazmaça, şol sanda köpçülikleýin ýüz tutan raýatlaryň sanyna selјerme geçirilende olaryň ýaşaýan sebitleri, haýsy јynsa we millete degişlilikleri baradaky görkeziјiler hem selјerildi.


Görkezijilerden görnüşi ýaly, diwana dürli milletleriň wekillerinden ýüz tutmalar gelip gowşan. Kanunyň talaplaryna laýyklykda Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar. Şeýle-de Adalatça ýüz tutýan raýatlar ene dilinde ýa-da özlerine düşnükli bolan başga dilde ýüz tutmaga hukuklydyr, şu ýagdaýda olara јogap hatlary döwlet dili bolan türkmen dili bilen birlikde, olaryň bilýän dillerine terјime edilip berilýär.

Raýatlaryň ýüztutmalarynda dürli meseleler gozgalyp, olaryň mazmunyna seljerme geçirildi.


Şu görkezijileriň sanyna raýatyň şol bir mesele boýunça önümçilige alnan ilkinji ýüztutmasyna entek degişli jogap berilmänkä, gaýtadan beren ýüztutmasy birikdirilip seredilenleriniň sany girmeýär.

Selјermeden görnüşi ýaly, raýatlaryň ýazmaça ýüztutmalarynyň esasy bölegi ýaşaýyş јaý meselesi bilen baglanyşykly bolup, olaryň 89 sanysyny ýa-da umumy ýüztutmalaryň 26,3%-ni; kazyýet kararlaryna nägiledikleri baradaky ýüztutmalaryň 64 sanysyny ýa-da 19,0%-ni; zähmet hukugy bilen baglanyşykly meseleler boýunça – 39 sanysyny ýa-da 11,5%-ni; migrasiýa meseleler bilen baglanyşykly 36 ýa-da 10,6%-ni; hukuk goraýјy edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine nägilelik bildirilen şikaýatlaryň 16 sanysy ýa-da 4,7%-ni; kärende we mellek ýerleri bilen baglanyşykly ýüztutmalaryň 15 sanysyny ýa-da 4,4%-ni düzýär. Galan ýüztutmalar günä geçmek, јenaýat işi boýunça, saglyga bolan hukugy we bank meselesine degişli, hersi 5 meseleden ýa-da 1,5%-ni, pensiýa meselesi – 2 sany ýa-da 0,6%-ni we bilim hukugyna degişli 1 mesele ýa- da 0,3%-ni düzüp, 56 sanysy ýa-da 16,6%-i beýleki meseleler bolup durýar.

Beýleki meselelere selјerme berlende, olardan raýatlaryň, edara ýolbaşçylarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň bikanun hereketleri, hususy kärhanalardan zähmet haklaryny öndürip almak, önümçilikde şikes alandyklary üçin günäkär adamlary јogapkärçilige çekmek, diplomyny ykrar etmäge ýardam bermek, kanunçylygy düşündirmek, edara-guramalardan gerekli resminamalaryny almak ýa-da berlen јogaplardan nägiledikleri, maşgala dawasy, aliment almak ýaly we başga-da dürli meseleler barada ýüztutmalar boldy.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýazmaça şikaýatlar boýunça degişli netiјä gelnip, ýagny şikaýatlary bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny hakyndaky talaplar kanunalaýyk berjaý edilen ýagdaýynda, önümçilige kabul edilip, degişli tertipde seredilip, netijesi barada јogaplar berildi. Eger şikaýat kanunda göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilmän berlen bolsa, onda ol şikaýatlar önümçilige kabul edilmän, bu barada Kanunda göz öňünde tutulan bäş gün möhletde ýüz tutana ýazmaça habar berildi. Şeýle-de ýüztutmalaryň belli bir bölegi boýunça, kanunçylyga laýyklykda öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirilip, maslahat beriş јogaplar berildi.

Adalatçynyň diwany tarapyndan önümçilige kabul edilen şikaýatlarda gozgalýan meseleler doly öwrenilip, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, onda görkezilen delilleri barlamaga ýardam berilmegi soralyp, ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerine ýetiriјi häkimiýetiň ýerli edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutuldy we olar boýunça geçirilen barlaglar we gelnen netiјe barada јogap hatlar alnyp, raýatlara degişli јogaplar berildi.

Ol ýüztutmalara seredilmegiň netijesinde olaryň käbirleri kanagatlandyryldy we olar babatda maglumatymyzyň Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri baradaky babynda tanşyp bilersiňiz. Selјerilýän döwürde, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-nјy maddasyna laýyklykda bir sany teklip hem berildi.

Adalatçynyň diwanyna gelen ýüztutmalara seredilmegiň netiјelerine sebitler boýunça aýratynlykda selјerme geçirilmeginiň netijeleri aşakdaky görkeziјide ýerleşdirildi.


Görkezilen selјermä laýyklykda, ýurdumyz boýunça gelen 346 sanyýazmaça ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilen 268-sinden 113-si ýa-da 42,2 % boýunça, olarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam edilmegi üçin, - 112-si we 1 sanysy boýunça teklip bilen degişli edaralara ýüz tutuldy. Iberilen ýüztutmalaryň 107-sine seredilip, olardan 8-si ýa-da 7,5% kanagatlandyryldy, 6-sy bolsa ýylyň ahyryna seredilmän galdyryldy. Edaralara jemi iberlen 137-sany arzanyň 24-si degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi.

Bu görkeziјiler sebitleýin selјerilende, Aşgabat şäheri boýunça gelen 102 sany ýüztutmalaryň 30-sy ýa-da 29,4% «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji we 30-njy maddalaryna esaslanyp, degişli edaralara ugradylyp, olaryň 27-sine seredildi we degişli јogaplar alnyp, olardan 2 sany ýüztutma ýa-da 7,4 % kanagatlandyryldy, 3 sanysy seredilmän ýylyň ahyryna galdy; Balkan welaýaty boýunça gelen 52 sany ýüztutmalaryň 19-sy ýa-da 36,5 % degişli edaralara iberilip, olaryň 18-sine seredilip, şol sanda 4 sany arza ýa-da 22,2 % kanagatlandyryldy, 1 arza seredilmän, ýylyň ahyryna galdy; Daşoguz welaýaty boýunça gelen 86 sany ýüztutmanyň 28-si ýa-da 32,6% degişli edaralara iberilip, 27-si seredildi, şol sanda 2 sanysy ýa-da 7,4% kanagatlandyryldy we 1 sany arza seredilmän, ýylyň ahyryna galdy; Lebap welaýatyndan gelen 32 sany arzanyň 12-si ýa-da 37,5% degişli edaralara iberilip, olaryň ählisine seredildi, kanagatlandyrylany ýok; Mary welaýaty boýunça gelen 45 sany ýüztutmalaryň 11-si, ýa-da 24,5% seredilmegi üçin degişli edaralara iberilip, 10-syna seredilen, kanagatlandyrylany bolman, 1 arza seredilmän ýylyň ahyryna galdy; Ahal welaýaty boýunça gelen 29 sany arzanyň 13-si ýa-da 44,8% seretmeklik üçin degişli edaralara iberilip, olaryň ählisine seredildi we kanagatlandyrylan ýüztutma bolmady. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberlen arzalar boýunça degişli jogap hatlary alyndy we olaryň netijesinde ýüz tutan raýatlara jogaplar berildi.

Selјermeden görnüşi ýaly, gelip gowşan ýüztutmalaryň 31-si ýa-da 9,0% gaýtadan gelen ýüztutmalar bolup durýar, olaryň köp sanlysy Aşgabat şäherinden, ýagny 13-si we Daşoguz welaýatyndan 9-sy bolup, ýüz tutan raýatlara olaryň gaýtadan ýazan arzalarynyň «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nјi maddasynyň 4-nјi bölegine salgylanyp, seredilmän galdyrylandygy barada habar berildi. Şeýle hem, Kanunyň degişli maddalaryna salgylanyp, gol çekilmedik 14 sany, Adalatça ýüz tutmagyň möhleti geçirilip ýazylan 4 sany we Adalatçynyň ygtyýaryna girmeýän meseleleri bilen 29 sany arzalar boýunça ýüz tutan raýatlara ýüztutmalarynyň seredilmän galdyrylandygy barada, Kanunda görkezilen 5 gün möhletde habar berildi.

Şeýle-de, Adalatçynyň diwanyna gowşan ýüztutmalaryň 125-si ýa-da 36,1% boýunça, raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri düşündirilip, maslahat beriş јogaplar berildi we bu berlen јogaplar öz gezeginde ýüz tutanlara öz meseleleri boýunça kanuna laýyk hereket etmeklerine ýardam edýär.

Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilip, olarda görkezilen delilleri barlamaga ýardam bermek soralyp, degişli edaralara iberilendigi barada maglumatda bellenildi we şol ýüztutmalaryň iberilen edaralarynda olara seredilmeginiň netiјeleri boýunça hem selјerme geçirilip aşakdaky görkeziјilere ýerleşdirildi.


Görkeziјilerden görnüşi ýaly, Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýazmaça ýüztutmalaryň önümçilige kabul edilen 268-sinden 112-si «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nјi maddasyna, 1 si bolsa, 30-nјy maddasyna esaslanyp, degişli edaralara, olara seretmekligiň möhletleri görkezilip iberildi, 24 sany arza degişliligi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberilip, olar boýunça degişli јogaplar alyndy.

Degişli edaralara iberilen arzalaryň 49-sy (35,8%) boýunça bellenilen möhletde јogaplary berilmedi. Möhleti bozulyp јogaplary berlen arzalara berlen selјermäniň netijesine görä, olaryň käbirleri boýunça goşmaça ýa-da ýörite barlaglaryň geçirilmeginiň zerurlygynyň ýüze çykanlygy sebäpli, hatda görkezilen möhlet esasly geçirilen. Mysal üçin, Kanunyň 27-nji maddasy esasynda ýüztutmalarda getirilýän delilleri barlamaga ýardam edilmegi üçin Baş prokuratura iberlen 26 sany ýüztutmanyň 16-sy boýunça möhleti geçirilen diýlip görkezilen hem bolsa, olaryň 11-si boýunça goşmaça barlag geçirilenligi sebäpli, möhlet esasly geçirilip jogap berlen. Şol ýüztutmalaryň 4-si boýunça kanagatlanarly јogap hatlary alnyp, olardan 2-si boýunça јenaýat işleri gozgalyp, ýüz tutan raýatlaryň kanuny hukuklary dikeldildi.

Käbir halatlarda bolsa, edara-guramalaryň ýolbaşçylarynyň iberilýän ýüztutmalara görkezilen möhletde we düýp mazmuny boýunça seretmäge jogapkärçiliksiz garamaklary netijesinde, raýatlaryň ýüztutmalaryna möhletinden gijikdirilip seredilýär. Bu ýagdaýlar bir tarapdan raýatlaryň ýüztutmalaryna kanunda göz öňünde tutulan möhletde seretmekligiň olaryň özleri tarapyndan bozulmagyna, şonuň ýaly hem Adalatçy tarapyndan ýüztutma seretmegiň möhletiniň bozulmagyna getirýän bolsa, beýleki bir tarapdan bolsa, gaýtadan ýüz tutmalaryň bolmagyna getirýär.

Şeýle ýagdaýlarda ýüztutma seredip, degişli ýolbaşçylaryň jogap bermeklige ünsüni çekip ýatlatma hatlary hem ugradyldy.

Muňa mysal edip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýјylary O.G., G.T., O.G. we Ý.S.ň ýaşaýyş јaý meseleleri barada ýüztutmalary Adalatçynyň diwanynda hasaba alnyp, Aşgabat şäher häkimligine seretmek üçin iberildi. Bular boýunça geçirilen barlagyň netijesi barada öz wagtynda degişli јogaplaryň alynmandygy sebäpli, selјerilýän 2019-nјy ýylyň dowamynda arzalar boýunça Aşgabat şäher häkimliginiň јogapkär işgärleri bilen birnäçe gezek aragatnaşyk ulgamy arkaly dilden ýatladyldy. Degişli netije bolmandygy sebäpli 09.05.2019ý. soňky ýatlatma haty ugradyldy.

Kä halatlarda bolsa, iberilen ýüztutmalara seredilende, olaryň mazmunynda görkezilýän meseläniň çözgüdi barada däl-de ýüzleý јogaplaryň berilýän ýagdaýlary hem boldy.

Meselem, Balkan welaýatynyň ýaşaýјysy M.S. ýaşaýyş јaý meselesi boýunça ençeme gezek ýazan arzalaryna iş ýerinden we häkimlikden alan јogap hatlarynda özüniň ýaşaýyş јaýa duran nobaty barada dürli maglumatlar görkezýändigi sebäpli, nobat sanyny anyklap bermekligi sorap ýazan arzasy, Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Balkan welaýat häkimligine iberildi. Onuň arzasynda goýýan meselesiniň düýp manysynyň jaýa duran nobatyny anyklamakdygyna garamazdan, welaýat häkimliginiň Adalatçynyň diwanyna iberen јogap hatynda, M.S. ýaşaýyş јaý şertlerini gowulandyrmak üçin Türkmenistanyň Ýaşaýyş јaý kodeksiniň 66-nјy maddasynyň talaplaryna laýyklykda welaýat häkimligine nobata durmak üçin gerekli resminamalaryny tabşyrmaklygyň düşündirilendigi barada görkezilipdir. Munuň özi, hatda raýatyň ýüztutmasynyň mazmunynyň öwrenilmän jogap berlenligini subut edýär. Bu ýagdaý barada görkezilip, arzanyň düýp manysy boýunça јogap bermeklik soralyp, welaýat häkimligine gaýtadan hat iberildi, јogap gelmändigi sebäpli, Adalatçynyň diwanynyň degişli bölüminiň işgärleri tarapyndan birnäçe gezek welaýat häkimiliginiň јogapkär işgärleri bilen aragatnaşyk ulgamy arkaly dilden habarlaşyldy. Munuň hem netiјe bermänligi sebäpli, 07.05.2019 ýylda ýatlatma haty iberildi.

Ondan başga-da, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýјysy T.S. Russiýa Federasiýasynda okaýan çagalaryna pul serişdesini ibermekde ýardam bermekligi sorap, bank edaralaryna ýüztutmalaryna berlen јogap bilen razylaşmaýandygy barada ýazan arzasy Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Merkezi bankyna iberildi, emma ol edaranyň 2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda iberen јogap hatyna, ýene-de T.S.iň kanagatlanman arz edýän şol bir јogap hatynyň nusgasy goşulyp, Adalatçynyň diwanyna iberilipdir. Beýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy, edaranyň јogapkär işgärleri tarapyndan raýatlaryň ýüztutmalaryna seredilende başdansowma çemeleşilýändigi barada pikir döredýär. Adalatçynyň diwany tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi bankyna raýatyň arzasyna düýp manysy boýunça seretmek barada täzeden hat iberildi, emma edara tarapyndan öz wagtynda gutarnykly јogap berilmändigi üçin, raýatyň şu mesele bilen dürli guramalara, şol sanda Adalatçynyň diwanyna gaýtadan ýüz tutmagyna getirdi, bu barada görkezilip, 2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda ýatlatma haty ugradyldy.

Öz wagtynda bank ulgamlary tarapyndan јogap hatlar berilmän, raýatlaryň gaýtadan ýüz tutmaklaryna getirýän halatlary boýunça ýene- de bir mysal.

Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 77-nјi јaýynyň ýaşaýјylary tarapyndan ýaşap oturan јaýlarynyň öň «Senagat» banka degişli bolup, häzirki wagtda bolsa bellenilen tertipde hiç bir edara, gurama tarapyndan hasaba alynmandygy sebäpli, degişli hyzmatlaryň edilmeýändigi, şol sanda 12 gatly јaýyň liftiniň köp wagtdan bäri näsaz işleýändigi, kähalatlarda bolsa. işlemän galýandygy barada ýazan arzasy Kanunyň 27-nјi maddasyna esaslanyp, 2019-njy ýylyň 24-nji awgustynda Merkezi banka iberildi, јogap haty görkezilen wagtynda gowuşman, arza beriјilere јogap iberilmändigi sebäpli, olaryň gaýtadan ýüz tutmagyna getirdi we olaryň soňky ýazan arzasy bilen, 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda ýatlatma hat iberildi. Adalatçynyň iberen öňki we soňky hatlaryna јogap berilmändigi sebäpli, ýüz tutan raýatlaryň arzalary seredilmän ýylyň ahyryna galdyryldy.

Hasabat ýylynyň dowamynda Adalatçynyň diwanynda raýatlaryň dil üsti bilen gelen 394 sany ýüztutmasy hasaba alyndy. Bu ýüztutmalar hem ýurdumyzyň sebitleri boýunça selјerildi.


Seljermeden görnüşi ýaly, dilden ýüztutmalaryň esasy bölegi, ýagny 180-si ýa-da 45,7% Aşgabat şäherinden bolup durýar. Bu ýagdaýyň Adalatçynyň diwanynyň merkezde, ýagny Aşgabat şäherinde ýerleşýändigi sebäpli ýaşaýjylara ýüz tutmak üçin amatly bolýanlygy sebäpli emele gelip biljekligine ünsüňizi çekesimiz gelýär.

Görkezilen ýüztutmalar çärýekleýin we raýatlaryň sany boýunça selјerilip, aşakdaky görkeziјide ýerleşdirildi.


Görkezijilerden görnüşi ýaly ýylyň dowamynda 394 sany dil üsti bilen ýüztutmalar hasaba alnan. Şeýle-de, ýüz tutan raýatlaryň, јynsyna, milletine we beýleki alamatlaryna görä selјerme geçirmegiň netijesinde, ýüz tutan 403 adamyň 252-si aýal, 151-si erkek adamlar bolup, olar dürli milletleriň wekilleridir.

Olardan türkmen – 315; rus – 44; özbek – 18; azerbaýјan – 10; ermeni – 5; ukrain – 2; kürt – 2; gazak – 2; galan 5 raýat – lakes, tatary, buluç, lezgi, sygan milletine degişli bolup durýar.

Ýüz tutup gelen raýatlaryň haýsy-da bolsa bir alamatlaryna görä selјerilmegi, olaryň ählisiniň öz hukuklarynyň amala aşyrmaklary üçin deň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.

Ondan başga-da, raýatlaryň ýüz tutup gelen meseleleri boýunça hem selјerme geçirildi.


Selјermeden görnüşi ýaly, raýatlaryň dil üsti bilen ýüztutmalarynyň hem köp sanlysy ýaşaýyş јaý bilen baglanyşykly meseleler bolup, umumy ýüztutmalarynyň 127-si ýa-da 32,2% ni düzýär ; zähmet meseleleri – 52 ýa-da 13,2%; migrasiýa meseleleri – 49 ýa-da 12,4%, kazyýet kararlaryndan nägilelik meseleleri – 35 ýa-da 8,8%, ýer hukugy boýunça, ýagny kärende we mellek ýer bilen baglanyşykly meseleler – 17 sany ýa-da ýüztutmalaryň 4,3% düzýär. Galan meseleler 94 sany ýa-da 23,8% bolup, ol meseleleriň içinde esasan kanunçylygy düşündirmek, algy-bergi, edara-guramalaryň ýolbaşçylarynyň bikanun hereketleri barada, ygtyýarnama almak, harby biledini ýa-da pasportyny gaýtaryp almak ýaly meseleler bolup durýar.

Adalatçynyň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, raýatlaryň dilden kabul edişligi ýurdumyzyň sebitlerinde hem gurnalyp, welaýatlaryň häkimleriniň «Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça ýörite işçi topary döretmek hakynda» kararlary esasynda döredilen ýörite toparyň agzalary bilen bilelikde raýatlar kabul edildi. Adalatçynyň sebitlerde raýatlary kabul edişligi barada ýerli habar beriş serişdelerinde bildirişler çap edilýär.

Ýurdumyzyň sebitlerinde kabul edişlikler selјerilýän ýylda 2 tapgyrda gurnalyp, јemi 170 raýat dilden kabul edilip, olaryň Mary welaýatynda – 52-si, Lebap welaýatynda – 49-sy, Daşoguz welaýatynda – 31-si, Ahal we Balkan welaýatlarynda hersinde 19 raýatdan kabul edildi. Ýerlerdäki ýüztutmalar hem esasan, ýaşaýyş јaý, zähmet we ýer meseleleri bolup durýar. Ýerlerdäki kabul edişlikler, raýatlaryň meseleleriniň ýerinde seredilmegi üçin amatly bolup durýar. Olaryň käbirleriniň kanagatlanarly çözülenleri hem boldy.

Meselem, Lebap welaýatynyň ýaşaýјysy G.E. özüniň ýokary bilim alandygyna we işe ýollaýyş hatynyň bardygyna garamazdan, işe ýerleşip bilmeýändigi barada ýüz tutdy, onuň meselesi boýunça häkimligiň zähmet we ilatyň iş bilen üpјünçilik bölüminiň јogapkär işgärine tabşyryk berildi we soňra alnan maglumata laýyklykda, raýat «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginiň Suw geçiriјi ulgamlar bölümine suw geçiriјi ulgamlary beјeriјi slesaryň okuwçysy wezipesine işe ýerleşdirilipdir (02.12.2019ý., 541-ş/d belgili buýruk).

Ahal welaýatynyň ýaşaýјysy O. Ç. özüniň ýaşaýan ýerleri boýunça agyz suw çekip bermek barada ýüz tutan meselesi degişli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda öwrenilip, soňra berlen maglumata laýyklykda «Teјenagyzsuw» müdirliginiň işgärleri tarapyndan agyz suw geçiriјi ulgamy geçirilip berlip, raýatyň ýüztutmasy kanagatlandyryldy.

Ýene-de şol welaýatyň ýaşaýјysy G.M. mätäçleriň hatarynda döwlet gaznasyna degişli ýaşaýyş јaý bilen ilkinјileriň hatarynda üpјün edilmeli edilendigine garamazdan, meselesiniň uzak möhletiň dowamynda çözülmeýändigi baradaky ýüztutmasy hem, ýaşaýyş јaý topary tarapyndan gelnen netiјä laýyklykda maşgala agzalary bilen Teјen şäheriniň çäginde ýaşaýyş јaý bilen üpјün edilip, ýüztutmasy kanagatlandyryldy.

V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri

2019-njy ýylyň dowamynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň binýady yzygiderli kämilleşdirildi we pugtalandyryldy. Ýylyň başynda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda geçiren duşuşygynda, deputatlaryň kanunçykaryjylyk işiniň esasy ugurlary barada öz başlangyçlaryny orta atdy. Ýagny, şol ýylyň 1-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» doly möçberde durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmek, hereket edýän milli kanunlaryň kämilleşdirilmegi, hem-de häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyrynyň şertlerinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň işlenilip kabul edilmegi ýaly wajyp wezipeleriň deputatlaryň öňünde durýandygyny belläp geçdi.

Geçen ýylyň dowamynda täze kabul edilen kanunlaryň, şol sanda hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň jemi 65-si kabul edildi. Dürli ugurlary kadalaşdyrýan kabul edilen kanunlaryň arasynda, şu täze kanunlary görkezmek bolar, ýagny «Ekologiýa auditi hakynda», «Rasionalizatorçylyk işi hakynda», «Haryt nyşanlary hakynda», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň kanunlary bolsa rejelenen görnüşinde kabul edildi. Onlarça kanunlara bolsa ýokarda belläp geçişimiz ýaly, durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip kämilleşdirildi.

Adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam etmek Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar we ol wezipeler «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň aýratyn bir baby bilen kadalaşdyrylýar. Şeýlelikde, Adalatçy hem bu wezipesini durmuşa geçirmek maksady bilen, geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kanunçykaryjylyk işine öz ygtyýarlyklarynyň çäginde gatnaşdy.

Ýagny, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň rejelenen görnüşleriniň we «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça iş toparlaryň agzalary bolup, geçirilen maslahatlara işjeň gatnaşdylar. Mundan başga-da geçen ýylyň dowamynda hereket edýän beýleki kanunlary we kodeksleri kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary öwrenildi.

Bu ugurda geçen ýylyň dowamynda taryha giren, esasy belläp geçmeli zatlaryň biri hem, konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylmagyna badalga berilmegi, ýagny Türkmenistanyň Esasy Kanuny - Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň başlanmagydyr.

Bu barada ýokarda belläp geçişimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda, ýurdumyzda kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň hem häzirki döwürde kanun çykaryjylyk işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşup, türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berjek iki palataly ulgama geçilmegi barada başlangyjyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyçlary maslahata gatnaşyjylaryň goldawyna eýe boldy.

Şu nukdaýnazardan, ýurt Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topar döredildi we onuň düzümi tassyklandy. Geçen ýylyň dowamynda bu Konstitusion toparyň alyp baran işine Adalatçynyň, Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň işine bolsa, Adalatçynyň diwanynyň wekiliniň gatnaşanlygyny bellemelidiris.

Şeýle-de, Adalatçynyň diwany tarapyndan adam hukuklary babatda habarlylygy we bilimliligi ýokarlandyrmak babatda ýerlerde geçirilen çäreleriň çäginde, Mejlisiň deputatlarynyň hem gatnaşmagynda hereket edýän kanunlaryň kadalary düşündirilip, ol kanunlaryň ýerlerde işleýşi, olaryň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly teklipleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak işleri geçen hasabat ýylynda hem dowam etdirildi.

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi

Hasabat döwründe, ýurdumyzyň çäginde bolup geçýän giň gerimli oňyn özgertmeleriň netijeleri hem-de halkara ähmiýetli wakalar mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Adalatçy öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bilen bir hatarda biziň jemgyýetimizde geçirilen bu çärelere hem gatnaşdy. Adalatçynyň diwanynyň 2019-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri, ýagny adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam etmeklige gönükdirilen çäreleri hem ýylyň dowamynda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär we goralýar. Munuň şeýlediginiň subutnamalarynyň biri hem, ýurdumyzda her ýyl diýen ýaly müňlerçe adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyny almagydyr.Bu ynsanperwer däp geçen hasabat ýyly hem dowam etdirilip,Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Permany bilen 863 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu şanly waka boýunça, 2019-njy ýylyň 26-njy sentýabrynda BMG-niň sebitleýin we ýurdumyzdaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, hem-de ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu dabaraly maslahata Adalatçy hem gatnaşdy.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, Adalatçy adam hukuklary babatda döwlet edaralarynyň arkalaşykly hereketiniň guralmagyna ýardam etmek boýunça wezipesini ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlislerine hem işjeň gatnaşdy. Adalatçy geçen ýylyň dowamynda jemi Pudagara toparynyň 3 sany mejlislerine gatnaşyp, olaryň gün tertibine laýyklykda adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny amala aşyrmak, halkara guramalaryna berilýän milli hasabatlary taýýarlamak hem-de ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça goýlan birnäçe möhüm meselelerine gatnaşyp, öz pikirini beýan etdi.

Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) ýokary derejeli Syýasy forumynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň birinji tapgyrynyň tanyşdyrylyş dabarasy üstünlikli geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň netijelerini we indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 2019-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu geçirilen maslahata Adalatçy hem gatnaşdy.

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 438-nji belgili «Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça çäreler hakynda» karary esasynda döredilen Iş toparynyň geçen ýylyň dowamynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça geçirilen mejlislerine hem, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Adalatçynyň we diwanyň işgärleriniň işjeň gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

Adalatçy we diwanyň işgärleri beýleki döwlet edaralarynyň geçirýän çärelerine hem gatnaşýarlar. Ýagny geçen ýylyň dowamynda Adalatçy Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlaryna gatnaşdy, Adalatçynyň diwanynyň wekili bolsa ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahatyna gatnaşdy.

Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda ilatyň bilimliliginiň we habarlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etmek wezipesiniň çäklerinde, geçen ýyl hem Adalatçynyň diwanynyň tassyklanan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda degişli işler geçirildi.

Ýagny ýokary okuw jaýlarynda okuw maslahatlaryny geçirmek işleri dowam etdirildi.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde geçen ýylyň dowamynda adam hukuklary babatynda, şeýle hem Adalatçynyň wezipe borçlary, alyp barýan işleri barada Adalatçynyň diwanynyň işgärleri tarapyndan 3 sany okuw sapaklary geçirildi.

Şeýle hem, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gurnalan maslahata gatnaşdylar. Olar Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň instituty barada, onuň döreýiş taryhy, alnyp barylýan işler hem-de «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalary barada akademiýanyň diňleýjileriniň öňünde çykyş etdiler we pikir alyşdylar.

Adalatçynyň diwany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda çaganyň hukuklary babatynda okuw maslahatlaryny geçirmegi dowam etdirdi. Bu okuw maslahatlary Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2018-2019-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Maslahatlaryň gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakynda» konwensiýasynyň kadalary, onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistan tarapyndan milli hasabatlaryň berilmegi, BMG-niň degişli komitetleriniň teklipleri, olary öwrenmek we ýerine ýetirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada gatnaşyjylara düşündirildi. Şeýle-de, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynda» göz öňünde tutulan maksatlar we olaryň durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdyryldy.

Geçirilen okuw maslahatlary ähli welaýatlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýerleşýän Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezlerinde gurnaldy we bu maslahata döwlet edaralarynyň gönüden-göni çagalar we ýaşlar bilen işlemek wezipe borçlaryna girýän jogapkär işgärleri gatnaşdy. Şeýle-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Adalatçynyň ýaşlaryň we çagalaryň hukuklary babatynda Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezlerinde geçirilen duşuşyklary baradaky makalalar welaýatlaryň ýerli habar beriş serişdelerinde, ýagny welaýat gazetlerinde çap edildi.

Mälim bolşy ýaly, Adalatçy her ýyl öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumatyny Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine berýär we şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Adalatçy 2019-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahatyna gatnaşyp, maslahatyň gün tertibine laýyklykda Adalatçynyň 2018-nji ýylda edilen işler boýunça we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty bilen çykyş etdi.

Adalatçynyň her ýylky maglumatyny halk köpçüligine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan bu gün» we «Altyn asyr» elektron gazetlerinde çap edilip, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edildi.

Şeýle hem, Adalatçynyň her ýylky maglumatynda beýan edilenler barada diwanyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylýan «Jemgyýet we kanun» atly gepleşiginde çykyş edildi.

Mundan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri tarapyndan ýurdumyzyň merkezi habar beriş serişdelerinde bellenilip geçilýän we syýasy jemgyýetçilik wakalary mynasybetli degişli makalalar bilen çykyş etdiler. Ýagny, «Türkmenistan» gazetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli hem-de ýurdumyzda geçirilen jemgyýetçilik syýasy ähmiýetli waka bolan Halk Maslahaty babatda, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Çagalary goramagyň halkara günine bagyşlanyp makalalar bilen çykyş edildi.

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň netijesinde, geçen «Türkmenistan ̶ rowaçlygyň Watany» ýylynda hem Bitarap döwletimiziň abraýy halkara giňişliginde yzygiderli ösmegini dowam etdi. Ýurdumyz bu ugra eýermek bilen, özüniň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, «açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan syýasatyny yzygiderli hem-de ynamly ädimler bilen durmuşa geçirýär.

Halkara we sebit edaralary, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we durnuklylyk syýasatyny öňe sürýän Türkmenistan, hemişe döwrümiziň wajyp meselelerini çözmekdäki umumy tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilen düýpli başlangyçlary bilen çykyş edýänligi sebäpli, dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýär we goldanylýar.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etmek Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Adalatçynyň diwanynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatda halkara guramalary bilen ösdürilýän hyzmatdaşlygy hasabat ýylynda hem dowam etdirildi. Olaryň hatarynda BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasyny, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasyny, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyny, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkezini, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetini (GIZ) aýratyn bellemek bolar.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Adalatçysy halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de daşary ýurtlaryň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Geçirilen duşuşyklaryň arasynda şulary bellemek bolar, ýagny Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Peter Buriýan we onuň syýasy geňeşçisi hanym Martina Şmidt, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili jenap Rişard Kommenda we bu Guramanyň sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa boýunça maksatnamalarynyň milli utgaşdyryjysy jenap Bakaý Albanow, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy hanym Paulina Karwowska, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi hanym Natiýa Natswilişwili, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maksatnamalaryna baha bermek boýunça garaşsyz maslahatçysy Zehra Kaçapor Djihiç, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Ýewropanyň täzeleýiş we ösüş bankynyň wekilleri jenap Andres Fransen, hanym Luiza Balbi hem-de hanym Wiktoriýa Nesterowaýte, Italiýa Respublikasynyň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň halkara bilermeni jenap Georgiý Tuguşi bilen duşuşdy, şeýle hem ikitaraplaýyn türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine we adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» gepleşiginiň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy.

Halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik düzümi bilen geçirilen bu ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda, adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary babatda özara gatnaşyklary geljekde hem ösdürmek, şol sanda täze bilelikdäki taslamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek arkaly ösdürmek babatda pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde daşary ýurt hyzmatdaşlaryň Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Halkara guramalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň arasynda, öň özleri bilen şeýle duşuşyklaryň birnäçe gezek geçirilmegiň netijesinde işjeň gatnaşyklar ýola goýulan wekiller, şonuň ýaly-da wezipä täze bellenip, ilkinji gezek duşuşylanlar hem boldy. Olaryň hatarynda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurdumyzda öz wezipesini tamamlan öňki baştutany hanym Şahin Nilofer, şonuň ýaly-da BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze baştutany hanym Kristin Weýgand bilen duşuşyklar hem boldy.

Geçirilen duşuşyklaryň barşynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlanlygy nygtalyp geçildi. Şeýle-de, çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy, olara ýeterlik üns berilmegi we olaryň bähbitleriniň öňe sürülmegi, 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolup durýan Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, şeýlede Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň hem möhüm wezipeleriniň biridigi barada aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (YUNISEF) wekilhanasynyň 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnamasynyň çäginde, Adalatçynyň diwany bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2018-2019-njy ýyllar üçin iş meýilnamasyna gol çekilendigini ýatlamalydyrys.

Hasabat döwründe iş meýilnamanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam edildi, hususanda 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Adalatçynyň diwany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (YUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde çagalaryň we ýaşlaryň hukuklary babatynda habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlary geçirdi. Okuw maslahatlar bäş welaýatyň ählisinde hem geçirilip, olara döwlet edaralarynyň çagalar we ýaşlar bilen işlemek wezipe borçlaryna degişli bolan jogapkär işgärleri çagyryldy. Maslahata döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Okuw maslahatlarynyň gün tertibine «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy», onuň wezipeleri bilen tanyşdyryş we ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada, şeýle hem «Çaganyň hukuklary hakynda» konwensiýanyň düzgünleri we onuň milli derejede ýerine ýetirilişi we BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetiniň teklipleri baradaky meseleler goşuldy.

Ozal hem bellenip geçilişi ýaly, Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýän hyzmatdaşlaryň biri hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkezidir. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 2019-njy ýylda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen taslamalaryň meýilnamasyna laýyklykda, «Adalatçynyň diwanynyň potensialynyň berkidilmegini goldamak» atly taslamasyna özüniň ynsanperwerlik ölçegindäki işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garady.

2019-njy ýylda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlykda ähmiýetli waka bolup geçendigini bellemek gerek. Bu şanly senede ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygy bellenilip geçildi. 2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde bu şanly senä bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatda, Türkmenistanyň Adalatçysy hem gutlag sözi bilen çykyş edip, ÝHHG bilen Adalatçynyň diwanynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň wajyplygy barada belläp geçdi.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2019-njy ýylyň 12-13-nji noýabrynda Adalatçynyň diwany ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde «Türkmenistanda adam hukuklarynyň öňe sürülmegi we goralmagy çygryndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň ýollary» atly iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna halkara bilermenler hökmünde ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky býurosynyň (DIAHB) wekilleri, ýagny adam hukuklary bölüminiň ýolbaşçysy Omer Fişer we adam hukuklary bölüminiň kiçi maksatnama geňeşçisi Marin Konstan gatnaşdylar. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem adwokatlar kollegiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre gatnaşyjylara Türkmenistanda adam hukuklarynyň goralmagynyň we öňe sürülmeginiň netijeliligini mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Adalatçynyň diwanynyň wekilleri ýylyň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan «XXI asyrda telewideniýany

maliýeleşdirmegiň usullary», «Adam söwdasynyň pidalaryna netijeli kömek etmegiň ýörelgeleri», «Adyl kazyýetliligiň jenaýat ulgamynda terrorçylyga garşy öňdebaryjy tejribe hakynda Rabat Memorandumy», «Sanly tehnologiýa eýýamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeler hakynda kanunçylygyň özgerdilmegi», «Zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitleri: ÝHHG-niň öňdebaryjy iş tejribesi», «Žurnalistiň bilimine häzirki zaman çemeleşmeleri» ýaly okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşdylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň «Adalatçynyň diwanynyň potensialynyň berkidilmegini goldamak» atly taslamasynyň çäginde 2019-njy ýylyň 17-18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň we onuň işgärleriniň Slowakiýa Respublikasyna tanyşdyrylyş iş sapary bolup geçdi, onuň maksady Slowakiýanyň Jemgyýetçilik hukuk goragçysy (Ombudsmen) Mariýa Patakýowa bilen tejribe alyşmak we bu ýurduň milli hukuk goragçysy institutynyň işi bilen tanyşmakdy. Bu amala aşyrylan saparyň dowamynda institutyň raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamagynyň tertibi, döwlet we döwlete degişli bolmadyk edaralar bilen gatnaşyklary, adamlaryň kömege mätäç toparlarynyň hukuklaryny goramak, şeýle hem institutyň gurluşy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Adalatçysy iş saparynyň barşynda Slowakiýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň (Parlamentiň) deputatlary, ýagny Durmuş meseleleri boýunça komitetiň başlygy Alýona Başistowa, Wezipeleriň gabat gelmezligi meseleleri boýunça komitetiň başlygy Wladimir Sloboda we şol komitetiň agzasy Magdalena Kuçianowa dagylar bilen duşuşyk geçirilip, onda Parlamentiň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasy bilen özara gatnaşyklary hakynda pikir alyşmalar bolup geçdi. Şeýle-de gürrüňdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň raýatlaryň durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine, olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyna gönükdirilen, giň gerimli özgertmeleri öz içine alýan durmuş syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň Slowakiýanyň Jemgyýetçilik hukuk goragçysy (Ombudsmen) Mariýa Patakýowa bilen duşuşygy


Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylyň 21-nji – 27-nji ýanwary döwründe Türkmenistanyň Adalatçysy Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşdyrylyş iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde «Administratiw iş ýörediş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna düşündirişleri işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň agzalaryndan ybarat türkmen wekiliýeti, Germaniýanyň Federal maliýe kazyýetinde, Berlin şäheriniň administratiw kazyýetinde we beýleki degişli edaralarda bolup, kazyýet we administratiw şikaýatyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň nemes tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2019-njy ýylyň 27-nji – 31-nji maýy döwründe Bangkok şäherinde bolup geçen Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 75-nji mejlisine gatnaşmagyny hem bellemek möhümdir. Bu geçirilen mejlis «Adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ählumumy gurşawy we deňligi üpjün etmek» mowzugyna bagyşlandy. Geçirilen mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysy «Türkmenistanda adamlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we üpjün edilmegi, DÖM-iň gün tertibiniň çäklerinde ýurduň durmuş ykdysady ösüşi» atly maglumaty bilen çykyş etdi. Bu düzüm ähli zady gurşap alýan we durnukly ykdysady we durmuş ösüşine degişli täze we wajyp meseleler hakynda pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Halkara giňişligindäki işjeň hyzmatdaşlygyň dowamynda hasabat ýylynda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň milli hukuk goraýjy edaralary bilen özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşandygyny bellemek gerek. Ýagny, Türkmenistanyň Adalatçysy 20-nji – 22-nji maý döwründe Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Täjigistanyň Ombudsmeniniň edarasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan «Täjigistan Respublikasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarlysy: gazanylanlar we gelejek» atly halkara ylmy maslahatyna, hem-de BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň we Ösüş Maksatnamasynyň başlangyçlarynyň (CASI-NHRI) çäklerinde Merkezi Aziýada milli hukuk goraýjy edaralary goldamak boýunça Merkezi Aziýanyň Ombudsmenleriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy


Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň 24-25-nji iýunynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli hukuk goraýjy edaralarynyň üçünji sebitleýin maslahaty bolup geçdi. Bu duşuşykda «Ýol kartasy» taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we doly işlenilmegine esasy üns berildi. Geçirilen maslahatlaşmalaryň jemi boýunça Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleri «Merkezi Aziýanyň milli hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygynyň ýol kartasyna» gol çekdiler.

Kabul edilen ýol kartasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenlerine tejribe alyşmaga we bilelikdäki sebitleýin çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýän özboluşly meýdança bolup durýar. Şeýle hem, maslahatlaryň çäklerinde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Ženewadaky we Daniýanyň adam hukuklary boýunça institutynyň bilermenleri bilen «Durnukly ösüş üçin adam hukuklary» atly okuw maslahaty geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ombudsmenleriniň şunuň ýaly görnüşdäki duşuşygy milli hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin örän möhümdir.

Subýektlik hukugyny kesgitlemek we raýatsyzlygy aradan aýyrmak meseleleri boýunça «Doglan mahalynda hiç kim unudylmaly däldir» atly ikinji sebitleýin maslahaty


2019-njy ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysy Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Gazagystan Respublikasynyň Nur-Soltan şäherinde bolup geçen, subýektlik hukugyny kesgitlemek we raýatsyzlygy aradan aýyrmak meseleleri boýunça «Doglan mahalynda hiç kim unudylmaly däldir» atly ikinji sebitleýin maslahata gatnaşdy. Maslahat Gazagystan Respublikasynyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasy bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde ýurtlaryň çäginde dogulýan ähli çagalaryň dogluşyny bellige almak we raýatlyga bolan hukugyny üpjün etmekdäki ösüşleri we kemçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin guraldy.

Hasabat döwrüniň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri dürli mowzuklara bagyşlanan köp sanly ylmy maslahatlaryna, «tegelek stollara», okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşdylar, olaryň arasynda adam söwdasyna garşy hereket etmek meselelerine degişlileri hem boldy.

Şeýlelikde, 2019-njy ýylyň 24-25-nji iýunynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan «Adam söwdasyna garşy göreşiň!» atly halkara gününe bagyşlanan maslahata gatnaşdy. Okuw maslahatynyň maksady adam söwdasynyň öňüni almak üçin ilaty habarly etmek boýunça çäreleri netijeli meýilnamalaşdyrmak we durmuşa geçirmek üçin milli hyzmatdaşlaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak bolup durýar.

2019-njy ýylyň 27-28-nji martynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan halkara migrasiýasy, migrantlaryň we adam söwdasyndan ejir çekenleriň hukuklarynyň goralmagyna bagyşlanan okuwyna gatnaşdylar. Okuwyň esasy maksady, migrasiýa pudagynda işleýän döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň migrasiýanyň dolandyrylyşynda halkara hukuk resminamalarynyň, hem-de migrasiýa we adam söwdasy boýunça bar bolan milli hukuk namalarynyň ähmiýeti barada habarlylygy ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hasabat döwrüniň dowamynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan beýleki okuw maslahatlaryna hem işjeň gatnaşdylar. Bular 2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen, bilim edaralarynyň mugallymlary we talyplary üçin ýaşlaryň arasynda adam söwdasynyň öňüni almak we duýdurmak boýunça okuw gollanmasynyň tanyşdyrylyşy, şeýle hem 2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk gulluklarynyň wekilleri üçin adam söwdasynyň mümkin bolup biljek halatlaryny kesgitlemegiň, adam söwdasynyň pidalarynyň şahsyýetini kybaplaşdyrmagyň we olary ugrukdyrmagyň meseleleri boýunça mümkinçiligiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen maslahatlar geçirildi.

Fewral aýyndan maý aýyna çenli döwürde ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitleýin wekilhanasy tarapyndan utgaşdyrylan, Adam hukuklary boýunça milli institutlaryň wekilleri üçin webinarlar geçirildi. Webinarlar Adam hukuklary boýunça milli institutlar üçin çagalaryň hukuklaryna gönükdirilen gurallar barada tanyşdyrylyşy, şeýle hem AHMI-niň çagalaryň hukuklarynyň goralmagy we höweslendirilmegi boýunça birnäçe gowy tejribeleri öz içine aldy.

2019-njy ýylyň 3-nji maýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň Oxford Policy Management (OPM) kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda çagalar babatda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döwlet býujetini dolandyrmak atly okuw maslahatyna gatnaşdylar. BMG-sy tarapyndan her ýylyň maý aýynda geçirilýän Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Ählumumy hepdeliginiň çäklerinde 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk» atly «tegelek stoluna» gatnaşdyrlar.

Şeýle hem, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çärä gatnaşyldy.

Oktýabr aýynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021—2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň strategik ileri tutmalaryny we netijelerini kesgitlemek boýunça maslahatlara işjeň gatnaşdylar. Şeýle hem, Adalatçynyň diwanynyň wekili 16-njy oktýabrda ÝUNISEF-iň çagalaryň dünýädäki ýagdaýy hakynda her ýylky esasy maglumatyny tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärä gatnaşdy.

Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hasabat ýylynyň noýabr aýynda iki sany baýramçylyga bagyşlanan, ýagny 20-nji noýabrda – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen «Çaganyň hukuklary hakynda» Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem 29-njy noýabrda − BMG-niň Ilat gaznasynyň 50 ýyllygyna we ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň 25 ýyllygyna bagyşlanan, «Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA): hemmeler üçin hukuklary we mümkinçilikleri gazanmak üçin hyzmatdaşlyk» atly çärelere gatnaşdylar. Soňra bu aýda Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri üçin usulyýeti işläp düzmek boýunça, şeýle hem DÖM-iň wezipelerine we görkezijilerine syn, durmuş-ykdysady meselelere degişli matrisany täzelemek üçin duşuşyklar tapgyry bolup geçdi.

Şeýle hem, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Administratiw hukugy boýunça «Administratiw önümçiligiň we administratiw iş ýöredişiň gatnaşyjylary» atly X Halkara ylmy-amaly maslahaty bolup geçdi. Merkezi Aziýanyň döwletleriniň onlarça hukukçylarynyň, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň gatnaşan ylmy maslahatynda bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwlet-raýat gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Adalatçynyň diwanynyň wekilleri 2019-njy ýylyň dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasynyň» we «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020—2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» çärelerini durmuşa geçirmekde geljekki işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dekabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gurnalan «tegelek stollara» gatnaşdylar.

Hasabat ýylynyň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň wekili Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň ýanynda döredilen iş toparynyň duşuşyklaryna, ylmy maslahatlaryna we «tegelek stollaryna» gatnaşdy.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasy bilen geçen ýyldaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Hasabat ýylynyň dowamynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekili Rişard Komenda bilen adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygyň birnäçe ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda birnäçe bilelikdäki çäreler hem geçirildi.

Bu bolsa, 2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Adalatçynyň institutynyň ähmiýeti we ygtyýarlylygy» atly bilelikdäki «tegelek stoly» geçirmäge itergi berdi. Bu gürrüňdeşligiň maksady, döwlet edaralarynyň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň, Adalatçynyň institutynyň wezipesi, ygtyýarlylygy we adam hukuklaryny goramagyň gurallary hakynda habarlylygy ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Şeýle-de, bu çäräniň gün tertibine Adalatçynyň diwanynyň ýakyn geljege gönükdirilen meýilnamalary goşuldy, olar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, 2019-njy ýylyň 9-10-njy dekabrynda Adam hukuklarynyň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasy tarapyndan «Adam hukuklary babatda bilim» atly forum geçirildi. Forumyň çäginde adam hukuklary boýunça halkara kadalary, adam hukuklary boýunça bilim bermekde Türkmenistanyň tejribesi we halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri hem bu foruma işjeň gatnaşdylar.

Adalatçynyň «Adam hukuklary babatda bilim» atly forumynda gatnaşmagy


Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanynyň wekilleri dürli halkara çärelerine we okuw maslahatlaryna hem gatnaşdylar. Şeýlelik bilen, 2019-njy ýylyň 26 ̶ 30-njy awgusty döwründe Adalatçynyň diwanynyň wekili Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde gurnalan administratiw hukugy boýunça okuw iş saparynda bolup geldi. Okuw iş saparyny dowamynda Gamburgyň Federal Ýeriniň Ýokary administratiw kazyýetine we Gamburg şäheriniň Administratiw kazyýetine, şeýle hem Gamburg şäheriniň Ýokary okuw mekdebine, Söwda palatasyna barlyp görülmegi netijesinde Germaniýanyň administratiw iş ýörediş hukugynyň tejribesini iş ýüzünde öwrenildi.

2019-njy ýylyň 18-nji noýabr 21-nji noýabry döwründe ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi «Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2016 ̶ 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlyk etmek we milli azlyklaryň hukuklary babatynda 2020-nji ýyldan soňky döwür üçin Adam hukuklary boýunça täze hereketleriň milli meýilnamasyny taýýarlamak» taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň wekiliniň Litwa Respublikasynyň Wilnýus şäherine tanyşdyrylyş iş saparyny gurnady.

Iş saparynyň çäklerinde wekiliýet Litwa Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Milli azlyklaryň işi baradaky Departamentde, Seýmdäki (Parlament) Milli azlyklaryň öýünde we Wisagin raýonynyň ýerli edarasynda, şeýle hem Wilnýusdaky Polşa medeniýet öýünde, Fransiska Skorina adyndaky gimnaziýada bolup, milli azlyklaryň meselesiniň çözülişi bilen tanyşdyryldy, kanunçylyk we milli azlyklaryň medeniýetini öňe sürmeklige gönükdirilen guramalaryň işi ara alyp maslahatlaşyldy.

Soňra, Adalatçynyň diwanynyň wekili 26-27-nji noýabrda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen TransMonEE (has netijeli durmuş adalatlylygynyň maksady üçin transformasion monitoring) her ýylda bolýan ylmy maslahata gatnaşdy. Maslahaty Ýewropa Bileleşiginiň fundamental hukuklar boýunça agentligi bilen bilelikde ÝUNISEF gurnady, oňa Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara guramalarynyň bilermenleri çagyryldy. Maslahatyň esasy maksady, çagalaryň hukuklarynyň goralmagynyň milli gözegçilik ulgamlaryna ýardam etmeli kesgitlemeleri we usulyýetleri hem goşmak bilen, esasy görkezijileriň toplumyny tassyklamak bolup durýar.

Şeýlelikde, geçen hasabat ýyly halkara guramalary we milli hukuk goraýjy edaralar bilen giň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen jemlendi, bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, tejribe alyşmakda we milli hukuk goraýjy edaranyň işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda ýardam boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Adalatçynyň diwany mundan beýläk hem adam hukuklary babatda umumy maksatlara ýetmegiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli tagallalary eder.

VIII bap.Adalatçynyň ýüztutmalary we teklipleri

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda Adalatçynyň öz ygtyýarlygynyň çäklerinde raýatlaryň şikaýatlaryna seredýändigi göz öňünde tutulan bolsa, şikaýatlar şol Kanunda görkezilen tertipde önümçilige kabul edilenden soň, olary barlamakda ýardam edilmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaga hukuklydygy Kanunyň 27-nji maddasynda görkezilen. Şol maddanyň talaplaryna laýyklykda şikaýatlaryň iberilen edara-guramalary tarapyndan, barlagyň netijeleri barada Adalatça onuň bellän möhletinde habar berilmelidigi görkezilen. Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy, Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp, bir aý möhletde seredilip netijesi barada habar berilmegi soralyp, maslahat beriş häsiýetdäki teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da degişli wezipeli adamlara ýüz tutýar.

Bu babatda, seljerilýän ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwanyna gelip, önümçilige kabul edilen arzalaryň käbirleri boýunça ýokarda görkezilen Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, barlag geçirmäge ýardam bermek soralyp, ygtyýarly edaralara ýüz tutuldy we Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp bir teklip berildi. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, barlag geçirilen ýüztutmalar boýunça kanagatlanarly jogaplaryň alnan halatlary hem bolup, seredilen ýüztutmalaryň käbirine Siziň ünsüňizi çekesimiz gelýär.

Ýüztutmalar boýunça geçirilen barlaglarda raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, galybersede, Zähmet kodeksinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kepillendirilen, zähmet çekmäge we zähmetine göra hak almaga bolan hukuklarynyň bozulýan halatlaryna gabat gelindi.

Meselem, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy K.S. we onuň bilen bilelikde 8 sany raýat, özleriniň köpçülikleýin ýazan ýüztutmalarynda, S.A.Nyýazow etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginde mehanizator bolup işläp, özleriniň zähmet haklaryny alyp bilmeýändikleri baradaky ýüztutmalary, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna esaslanyp Daşoguz welaýat häkimligine iberilip, welaýat häkimliginiň iberen jogap hatynda, raýatlaryň ýüz tutmalaryndaky delilleriň tassyk bolup, olar bilen duşuşylyp ýakyn wagtda iş haklarynyň tölenjekdigi barada görkezilip, soňra bolsa raýatlar bilen doly hasaplaşyk geçirilendigi barada Adalatçynyň diwanyna delilhat we ýüz tutan raýatlardan dilhat gelip gowuşdy.

Şeýle-de, şol welaýatyň ýaşaýjylary N.T. we beýlekiler (jemi 6 adam) özleriniň zähmet meseleleri bilen, ýagny Daşoguz Jemagat abatlaýyş gurluşyk trestinde ýerine ýetiren gurluşyk gurnama işleri boýunça zähmet haklarynyň tölenmändigi baradaky arzasy hasaba alnyp, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Daşoguz welaýat häkimligine iberildi we barlagyň netijesi boýunça welaýat häkimliginiň beren jogap hatynda bu ýüztutmada getirilýän delilleriň hem tassyk bolanlygy, ýüz tutanlar bilen doly hasaplaşyk geçirilendigi barada habar berildi we bu barada arza ýazanlara jogap haty berildi.

Görkezilen mesele bilen, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary hem ýüz tutdy, ol ýüztutma hem köpçülikleýin bolup, ýagny Balkan şäher Ýaşaýyş jaýlary ulanyş trestiniň sürüjileri G.B. we beýlekiler, jemi 13 adam, özleriniň zähmet haklarynyň hasaplanylyşyna nägilelik bildirdiler. Ýüztutma, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, seretmek üçin Balkan welaýat häkimligine iberildi we welaýat häkimliginiň iberen jogap hatynda, Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň Derňew bölümçesi tarapyndan barlag geçirilip, onda ýüz tutan raýatlaryň özleriniň günäleri bolmazdan, boş duran wagtlary hakynda dessine iş berijini duýdurandyklaryna garamazdan, olara zähmet haklary tölenende, kanunbozulmalara ýol berlendiginiň anyklanandygy we Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 124-nji maddasynyň 1-nji böleginiň esasynda, ýüz tutanlara töleg edilendigi barada habar berildi we bu barada ýüz tutan raýatlara hat üsti bilen mälim edildi.

Ýokarda görkezilenler, ýagny ýüztutmalaryň köpçülikleýin ýazylmagy we onda görkezilenleriň subut bolmagy, ýeke-bir adamyň däl-de, raýatlaryň kanuny hak-hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna getirilendiginiň mysaly bolup durýar.

Ýene-de, zähmet meselesi bilen ýüz tutan Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy O.D., özüniň Balkan welaýatynyň Oba hojalyk toplumynyň önümleriň hiline we onuň tehnologiýasyna gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işläp, göwreliligi sebäpli, rugsatda wagty işden çykarylandygy barada ýazan ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, barlag geçirmek üçin Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi we geçirlen barlagyň dowamynda, raýat O.D. işden çykarlanda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 241-nji maddasynyň 3-nji böleginiň talaplarynyň bozulandygynyň ýüze çykarylandygy we raýatyň özüniň we «Balkangallaönümleri» ÖB-niň topar agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisinde oňa birleşigiň barlaghana bölüminiň müdiri wezipesi hödürlenip, razylygy bilen işe kabul edilendigi barada habar berildi.

Şikaýatlar meseleleri boýunça seljerilende, raýatlaryň ýüz tutmalarynyň esasan ýaşaýyş jaý meselesidigi ýokarda bellenilip geçildi. Şeýle görnüşli şikaýatlara ýerlerde ýüzleý seredilmegi, olaryň soňra beýleki edara-guramalara, şol sanda Adalatçynyň diwanyna ýüz tutmaklaryna getirýär. Emma, geçirilýän barlaglaryň netijesinde olaryň meseleleriniň ýerlerde gutarnykly çözülýändigi belli bolýar.

Meselem, özüniň ýaşaýyş jaý meselesi bilen ýüz tutan, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy O.G., ýykylmaga degişli edilen ýaşaýyş jaýyna derek öňki ýaşan jaýynyň meýdanyndan kiçi meýdanly, ýagny 14 adamdan ybarat maşgala agzalaryna 1 sany 2 otagly ýaşaýyş jaýynyň berlendigi, netijede özüniň ýaşaýyş jaý şertleriniň ýaramazlaşandygy barada ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanylyp Balkan welaýat häkimligine iberildi we geçirilen barlagyň netijesi boýunça welaýat häkimliginiň beren jogabynda, onuň maşgala agzalarynyň sanyna görä we ýykylan jaýynyň tutan öňki meýdanyndan az bolmadyk meýdanly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip, talabynyň kanagatlandyrylandygy barada habar berildi. Ýüz tutan raýat bu barada jogap haty bilen habarly edildi.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, wezipeli adamlaryň käbirleriniň öz üstüne ýüklenen wezipe-borçlaryny kanuna laýyk ýerine ýetirmän, ýa-da wezipelerinden bikanun peýdalanyp raýatlaryň hak-hukuklarynyň bozulmagyna getirýän halatlaryna hem gabat gelindi.

Meselem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy М.К., özüniň 2-nji topar maýyplygyndan peýdalanyp, ejesinden galan ýaşaýyş jaýyny G. atly aýal maşgalanyň wezipeli adamlara daýanyp, elinden alandygy we şahsy pasportyny we ýaşaýyş jaýa degişli resminamalaryny bermeýändigi baradaky ýüztutmasy Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna barlag geçirmek üçin iberildi. Barlagyň netijesinde, T.B.-yň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň dolandyryjysynyň orunbasary wezipesinde işlemek bilen, M.K. degişli bolan Aşgabat şäheriniň 30-njy ýaşaýyş toplumynda ýerleşen ýaşaýyş jaýyny onuň Daşoguz welaýatynyň Ruhy keselleri bejeriş dispanserinde wagtlaýyn mejbury bejergi alýandygyndan peýdalanyp, tabynlygynda suwagçy bolup işleýän J.B. bikanun ýaşamaga berip, M.K-nyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getirendigi anyklanan. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokuraturasy tarapyndan Т.В.-yň garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 181-nji maddasynyň 1-nji bölegi bilen jenaýat iş gozgalyp, oňa şol madda bilen günä bildirilip, derňew hereketleriniň dowam etdirilýändigi we raýata ýaşaýyş jaýynyň gaýtarylyp berlendigi, onuň şahsy pasportyny we ýaşaýyş jaýynyň resminamalaryny tapmak barada Bagtyýarlyk etrap polisiýa bölüminiň Jenaýat agtaryş bölümine aýratyn tabşyryk berlendigi barada habar berildi we bu barada arza bilen ýüz tutana ýazmaça mälim edildi.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ý.H., kiçi ýaşly ogluny öňki adamsynyň özünden rugsat almazdan bikanun daşary ýurda äkidendigi baradaky ýüztutmasy Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Geçirilen barlagyň netijesi boýunça gelen jogap hatynda, Aşgabat şäheriniň harby prokuraturasy tarapyndan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 214-215-nji maddalarynyň talaplaryna laýyklykda arza boýunça geçirilen barlagyň dowamynda Ý.H.-nyň öňki adamsy T.H.-yň Russiýa Federasiýasynda bolan döwri, Moskwa şäheriniň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan, hamana Ý.H.-nyň razylygy bolan ynanç hatyny galplaşdyryp ýasadyp, agzalan ynanç hatyň galpdygyny äşgär bilsede, ogly T.H.-y Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilindäki migrasiýa gözegçilik nokadyndan görnetin galp resminamalary peýdalanyp, Aşgabat-Moskwa halkara howa gatnawy bilen Türkmenistanyň çäginden bikanun alyp gidendigi anyklanyp, Aşgabat şäheriniň Harby prokuraturasy tarapyndan T.H.-yň garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 218-nji maddasynyň 3-nji bölegi bilen jenaýat işi gozgalyp, iş boýunça Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokuraturasy tarapyndan deslapky derňew hereketleriniň alnyp barylýandygy barada habar berildi. Bular barada ýüz tutan raýata ýazmaça mälim edildi.

Bank ulgamynyň käbir jogapkär işgärleriniň öz wezipe borçlaryna jogapkärçiliksiz çemeleşmeleriniň, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna getirendigi hem mälim boldy.

Muňa mysal edip, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary Ý.M. we W.D., özleriniň daşary ýurtda okaýan çagalaryna pul serişdesini geçirip bilmeýändikleri barada ýazan ýüztutmasy Adalatçynyň diwany tarapyndan Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Ýüztutma boýunça berlen jogap hatda, Türkmenbaşy şäher prokuraturasy tarapyndan geçirilen barlagyň dowamynda kanun bozulmalaryň ýüze çykarylanlygy we kanun bozulmalary düzetmek barada «Türkmenbaşy» Döwlet täjirçilik bankyna berlen teklipnamasynyň netijesinde, Türkmenbaşy şäher şahamçasynyň daşary ýurt pul amallary bölüminiň esasy hünärmeni G.M.-е «berk käýinç» düzgün-nyzam temmi çäresi berlip, agzalan bankyň şahamçasyndan ýüztutanlara milli pullary daşary ýurt puluna çalşylyp, «Western Union» töleg ulgamy arkaly daşary ýurtda okaýan çagalaryna iberilendigi barada habar berildi. Yüz tutan raýatlara bu barada jogap haty berildi. Soňra agzalan raýatlardan Adalatçynyň diwanyna minnetdarlyk haty gowuşdy (14.05.2019 ý.).

Kähalatlarda raýatlar, özleriniň ýüztutmalarynda meseleleri boýunça anyk ýagdaýlary görkezmän, ýüz tutýan edaralary tarapyndan öz meseleleriniň hamana çözülmän galdyrylyp, özleriniň ýa-da maşgala agzalarynyň hukuklarynyň bozulandygy barada görkezýärler. Emma, arzalary boýunça geçirilýän barlaglaryň dowamynda, olaryň özleriniň hukuk bozulmalara ýol berendikleri ýüze çykarylýan ýagdaýlary hem boldy.

Meselem, Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy В.А-iň, özüniň oglunyň urulyp, saglygyna bilkastlaýyn agyr şikes ýetirilendigi baradaky waka boýunça degişli hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan günäkär adamlara çäre görülmeýändigi barada ýazan arzasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna iberildi. Arza boýunça geçirilen barlag boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň beren jogap hatynda, В.А.-iň ogly М.А. özüne degişli ownuk şahly mallaryny tokaý hojalygynyň gorag zolagynyň nahalhanasynyň içinde bikanun bakyp ýören wagty, şol hojalykda tokaýçy bolup işleýänler A.G. we H.G. dagylar tarapyndan duýduryş berlendigine garamazdan, olar bilen dawalaşyp, çopan taýagy bilen tokaýçylar H.G.-yň eline urup, saglygyna orta agyrlykda ten şikesini ýetirendigi, A.G.-yň bolsa saglygyna zyýan ýetirilmän, ýeňil ten şikesini alandygy, şeýle hem tokaý hojalygyna jemi 10.052,40 manatlyk maddy zyýan ýetirilendigi anyklanyp, waka boýunça degişli polisiýa bölümi tarapyndan ýüz tutanyň ogly М.А.-iň garşysyna Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 108-nji maddasynyň 2-nji bölegi bilen jenaýat işi gozgalyp, derňew hereketleriniň dowam edilýändigi barada habar berildi we bular barada arza bilen ýüz tutana ýazmaça mälim edildi.

Ýa-da bolmasa, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Ş.A.-yň, Daşoguz şäheriniň Merkezi daýhan bazarynda özi bilen söwda edýän tanyşy А.В. özüne yzygiderli hapa-paýyş sözleri aýdyp, azar berýändigi barada degişli hukuk goraýjy edaralaryna birnäçe gezek ýüz tutandygyna garamazdan, oňa çäre görülmeýändigi barada ýazan ýüztutmasy, Kanunyň 27-nji maddasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine iberildi we delilleri boýunça geçirilen barlagyň dowamynda, Ş.A.-nyň А.В. bilen öňden bar bolan oňşuksyzlyklary sebäpli özara sözleri azaşyp, bazaryň çäginde dawalaşandyklary we waka boýunça Daşoguz şäheriniň Polisiýa bölümi tarapyndan barlag işleri geçirilip, olaryň ikisiniň hem garşylaryna administratiw tertibinde iş toplumy gozgalyp, olara çäre görlendigi, soňra Ş.A. şol bazara haryt satyn almaga baran G.O. bilen sözleri azaşyp, urşandyklary we bu waka boýunça hem Daşoguz şäheriniň Polisiýa bölümi tarapyndan barlag geçirilip, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksiniň 31-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendi esasynda jenaýat işini gozgamakdan ýüz dönderilendigi hem-de wakalar boýunça geçirilen barlag işlerinde polisiýa edaralarynyň işgärleri tarapyndan kanun bozulmalara ýol berilmändigi anyklanyp, şeýle-de, Ş.A.-nyň А.В. bilen yzygiderli oňşuksyz dawalarynyň dowam edýändigi sebäpli, taraplar Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirligine çagyrylyp, olar bilen öňüni alyş ähmiýetli düşündiriş işleri geçirilip, kanunçylygyň bozulmagyna ýol berilmezligi barada resmi duýduryş teswirnamalarynyň düzülendigi barada degişli maglumatlar berildi. Barlagyň netijesi boýunça arza ýazana jogap haty berildi.

Seljerilýän döwürde, Adalatçy tarapyndan Kanunyň 30-njy maddasyna esaslanyp, Aşgabat şäher häkimligine raýat B.G.-nyň ýaşaýyş jaý meselesi bilen ýüz tutan arzasy boýunça teklip iberildi.

Ýagny, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy B.G., özüne 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan berlen umumy ýaşaýyş jaýynda iki sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bilen ýaşap oturandygyny göz öňünde tutup, Merkezi Geňeşiň Aşgabat şäher häkimligine agzalan jaýa özüni ýazga goýmak barada haýyşnama bilen ýüz tutandygyna garamazdan, Aşgabat şäher häkimliginiň Yaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirligi tarapyndan resminamalarynyň kabul edilmeýändigi barada ýüztutmasynda görkezipdir.

Ýagny Aşgabat şäher häkimliginiň degişli hatynda ministrlikleriň we pudak edaralaryň garamagynda duran ýaşaýyş jaýlary bilen ýüze çykýan, ýagny, şol öýlere raýatlary ýazga goýmak, gulluk we ýaşaýyş jaý hukuknamasyny resmileşdirmek, atdan-ada geçirmek, alyş-çalyş ýaly meseleleri resmileşdirmek üçin ýolbaşçynyň, ýa-da olaryň resmi taýdan berkidilen orunbasarynyň goly bilen Aşgabat şäher häkiminiň adyna haýyşnama bilen ýüz tutulan ýagdaýynda, Aşgabat şäher häkimliginiň ýaşaýyş jaý meseleleri boýunça jemgyýetçilik iş toparynyň maslahatynda serediljekdigi barada habar berlipdir. Şol sebäpli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Yaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan, özleriniň guramalarynda 10 ýyl zähmet çeken B.G.-nyň 2000-nji ýyldan bäri özlerine degişli bolan umumy ýaşaýyş jaýynda iki sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bilen ýaşaýandygy we ony şol ýere ýazga goýmak barada Aşgabat şäher häkimligine haýyşnama iberilipdir, emma Aşgabat şäher häkimliginiň Yaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirligi tarapyndan olaryň resminamalary degişli tertipde kabul edilmekden ýüz dönderilipdir.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna esaslanyp, ýokarda görkezilenleri nazara alyp, B.G.-nyň ýaşaýyş jaý meselesine ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda seredip, kanuna laýyk netije çykarmak barada Aşgabat şäher häkimligine teklip ugradyldy.

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan berlen jogap hatynda, B.G.-nyň Aşgabat şäher häkimliginiň Yaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirligine resminamalaryny doly, şol sanda pudak edaranyň ýolbaşçysynyň goly bilen haýyşnamasyny, tabşyranyndan soňra, ýaşaýyş jaýlary baradaky jemgyýetçilik iş toparynyň maslahatynda serediljekdigi barada habar berildi.

«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etmek boýunça hukuklary hem göz öňünde tutulan. Bu kadanyň çäginde Adalatçy adam hukuklaryny goramak babatda halkara guramalary we döwletara edaralary, daşary ýurt döwletleriniň adam hukuklary boýunça milli edaralary bilen aragatnaşyklary hem-de olar bilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak meseleleri boýunça özara ýardam etmek ýola goýulan.

Ýagny, Adalatçynyň diwanyna dürli ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň üsti bilen, öň Türkmenistanda ýaşap, häzirki wagtda öz ýurtlarynda ýaşaýan raýatlaryň dürli meseleleri bilen ýüzlenmeleri gowşup, olara Adalatçy, ýüzlenmelerde raýatlaryň görkezen käbir meseleleri boýunça degişli edaralardan gerekli resminamalary sorap almak üçin, ýa-da ýüztutmalarynda görkezen meseleleri barlanylmaga degişli bolsa, onda olaryň barlanylmagyna ýardam edilmegini sorap, degişli edara-guramalaryna ýüztutmalaryna seredilmegiň netijesinde seredýär.

Seljerilýän döwrüň dowamynda Adalatçynyň diwanyna beýleki ýurtlardan jemi 7 sany hat gowuşdy we olaryň 6-sy boýunça degişli jogap hatlary iberildi. Şeýle görnüşli, ýüzlenme hatlarynda raýatlaryň esasy goýýan meseleleri durmuş üpjünçilik hukuklary bilen baglanyşykly, ýagny pensiýa meseleleri, migrasiýa, ýa-da zähmet gatnaşyklarynda bolan (öňki işläp giden) edaralaryndan, ýa-da bolmasa raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralaryndan gerekli resminamalaryny almaga ýardam bermek ýaly meseleler bolup durýar.

Şeýle hyzmatdaşlyga oňyn garalýar we ol oňyn netijelerini berýär, munuň şeýledigini, Adalatçynyň diwanyna şol ýüzlenmeleri iberen beýleki ýurtlaryň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekillerinden minnetdarlyk hatlarynyň gelip gowuşmagy hem tassyklaýar.

Adalatçynyň diwanyna gelip gowuşýan ýüztutmalara seredilmeginiň netijeleri boýunça ýokardaky mysallary getirmek bilen raýatlarymyzyň öz hukuklarynyň goralmagy baradaky ýüztutmalary boýunça oňyn çözgütlere we goýberilýän sowuk salalyklara ünsi çekmek bilen, adam hukuklarynyň bozulmazlygyna ýardam etmek maksat edinildi.

IХ bap. Netije we teklipler

Görşüňiz ýaly, Adalatçynyň geçen 2019-njy ýylda, ýagny «Türkmenistan ̶ rowaçlygyň Watany» ýylynda alyp baran işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty dokuz sany aýry-aýry baplarda beýan edilýär. Bu baplarda görkezilen giňişleýin maglumatlar barada gaýtalap durmasagam, geçen ýylyň hem ähli ugurlar boýunça ýatda galyjy wakalara baý, ägirt uly işleriň amala aşyrylan, başy başlanan ýyly bolandygyny bellemelidiris.

Watanymyzyň ykdysady, syýasy, sosial ösüşleri, halkara derejesinde abraýynyň artmagy, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň we goralmagynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Milli kanunçylygymyzyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, dürli ugurlar boýunça, şol sanda adam hukuklary babatda milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, ol kepillikleriň iş ýüzünde berjaý edilýänliginiň subutnamasydyr. Aýdylanlar ýurdumyzda adam hukuklary baradaky ýagdaý, şeýle-de Adalatçynyň 2019-njy ýylyň dowamynda eden işleri we gelen netijeleri esasynda aşakdakylary teklip etmegi makul bildik.

Maglumatyň degişli baplaryndan görnüşi ýaly, ýerlerde raýatlarymyzyň ýüztutmalarynyň esasy bölegine kanunyň talaplaryna laýyk seredilýän hem bolsa, Adalatçynyň diwanyna gelýän ýüztutmalarda degişli guramalara ýüz tutup, kanuny möhletde we anyk jogap alyp bilmeýändikleri sebäpli ýokary guramalara ýüz tutmaly bolýandyklary barada hem görkezilýär. Munuň şeýledigini maglumatda getirilen mysallardan görnüşi ýaly Adalatçynyň diwanyndan iberilen ýüztutmalara hem möhletiniň geçirilip ýa-da ýüz tutmanyň meselesine gabat gelmeýän, düýp mazmuny öwrenilmän berilýän jogaplar hem tassyklaýar. Bu ýagdaýyň raýatlarymyzyň nägileligine, olaryň hukuklarynyň bozulmagyna, şeýle-de gaýtadan ýüz tutmalaryň döremegine getirýänligini bellemek bilen, agzalan kemçilikleri aradan aýyrmak, raýatlaryň ýüztutmalaryna kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde netijeli seretmegi gazanmak maksady bilen şulary teklip edýäris:

- ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere raýatlaryň ýüztutmalaryna kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde, şeýle-de düýp mazmuny boýunça we netijeli seretmekligi guramagy we yzygiderli gözegçilikde saklamagy.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň amatly ýaşaýyş jaý şertlerini üpjün etmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän işler sanardan kän. Bu uly işleriň anyk mysallary maglumatymyzyň öňki baplarynda görkezilýär. Şeýle-de bolsa, bu mesele boýunça ýüztutmalar Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýüztutmalaryň esasy bölegini tutýar. Hasabat ýylynda raýatlardan gelen ýüztutmalara geçirilen seljermäniň netijesinden görnüşi ýaly, ýazmaça ýüztutmalaryň 89 sanysy ýa-da 26,3%, dilden ýüztutmalaryň 127 sanysy ýa-da 32,2% ýaşaýyş jaý meselesi bilen baglanyşykly bolup durýar. Ýüztutmalarda, esasan, raýatlarymyz ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny resmileşdirmek, ýazga durmak ýaly meseleleri gozgaýarlar. Elbetde, bu ýüztutmalaryň hemmesi esasly ýa-da raýatlaryň hukuklary bozulan ýagdaýlar bolup durmaýar. Ýöne seljermäniň netijesi olaryň ýüztutmalary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, häkimlikleriň ýanyndaky ýaşaýyş jaý toparlary tarapyndan kanunyň talaplaryna laýyklykda kabul edilip, seredilip we degişli jogap berilse, bu mesele boýunça görkezilen sanlaryň emele gelmezligini, raýatlaryň bolsa, öz wagtynda kanuna esaslanan jogaplaryny alyp netijä gelmeklerini üpjün etjekdigi şübhesizdir. Görkezilenlerden ugur alyp, raýatlaryň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge ýardam etmek maksady bilen şulary teklip edýäris:

- ýaşaýyş jaý toparlarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýatlaryň ýaşaýyş jaý meselelerine kanunalaýyk tertipde we möhletde seretmegini we netijesi barada raýata degişli tertipde habar berilmegini;

─ ýaşaýyş jaý toparlary tarapyndan raýatlaryň ýaşaýyş jaýa nobatlylygynyň berk berjaý edilmegini.

Ýurdumyzyň durmuş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hem ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň saklanylmagy bolup durýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän Maksatnamalar, döredilýän iş orunlary, bu ugurdaky wezipeleriň oňyn çözgüdidir. Şeýlelikde, geçen ýyl hem ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini hem-de telekeçiligi ösdürmek babatda işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Munuň şeýledigine geçen hasabat ýylynda iş gözleýän hökmünde hasaba alnanlaryň sany ýurdumyz boýunça 75315 bolan bolsa, ýylyň dowamynda jemi 68988 adamyň işe ýerleşdirilendigi hem şaýatlyk edýär.

Şeýle-de bolsa, zähmet meselesi bilen ýüztutmalar geçen hasabat ýylynda Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan ýüztutmalaryň belli bir bolegini emele getirdi. Ýüztutmalara geçirilen seljermäniň netijesinden görnüşi ýaly ýazmaça ýüztutmalaryň 39 sanysy ýa-da 11,5%, dilden ýüztutmalaryň 52 sanysy ýa-da 13,2% zähmet meselesi bolup durýar. Bu ýüztutmalaryň esasy bölegi işe ýerleşmek meselesidir. Şeýle-de, maglumatda ýerleşdirilen görkezijilerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde kabul edilenleriň hem aglabasy, has takygy 45 sany adam, ýa-da 26,7 % işe ýerleşmek meselesi boýunça bolup durýar. Görşümiz ýaly bu ugurda köp işleriň alnyp barylýanlygyna garamazdan, degişli ulgamlaryň mundan beýlägem öz işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Görkezilenleriň esasynda şulary teklip edýäris:

- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik müdirlikleriniň we bölümleriniň işini, olara edara-kärhanalaryň boş iş orunlary barada berýän maglumatlarynyň hakykata laýyklygyny, iş gözlenýänleriň hatarynda duran raýatlara berilýän işe ýollanmalaryň netijesini yzygiderli gözegçilige almagy;

- «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň buýrugy bilen 2016-njy ýylyň ýanwarynda kärhanalaryň işgärleriniň umumy sanyndan 5% möçberde zähmet çekmäge mümkinçiligi bolan maýyp adamlar, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary ýa-da maýyp çagalary terbiýeleýän ýalňyz we köp çagaly ene-atalar üçin iş orunlaryny döretmegiň tertibini kadalaşdyrýan Düzgünnamanyň talaplarynyň berjaý edilşini yzygiderli gözegçilikde saklamagy;

- Azatlykdan mahrum ediş jeza çäresinden boşan iş kesilenler, şeýle-de arakhorlykdan, neşekeşlikden ejir çekýänleriň ýörite dikeldiş merkezlerinden boşanlaryň, gaýtadan jenaýata baş goşmazlygyny ýa-da oňa gaýdyp barmazlyklaryny, olaryň doly dikelip, durmuşa uýgunlaşmagyny, zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen, olary iş bilen üpjün etmek çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy.

Bilşiňiz ýaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak dowam edýär. Hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmegiň ähli mümkinçiliklerini döredip, ykdysadyýetde döwletiň ornuny azaltmak maksat edinilýär. Bu işleriň üstünlikli amala aşýanlygy, geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginde ýokary netijeleriň gazanylandygy görkezýär. Ýagny, önümçiligiň düzüminde önümleriň 65,3 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşdi. Hususy pudagyň ösdürilmegi bilen raýatlarymyzyň iş orunlary bilen üpjünçilik ýagdaýy hem gowulanýar. Aýdylanlar bilen bir hatarda hususy pudaga degişli kärhanalaryň, şeýle-de raýatlaryň arasynda emläk, zähmet hukuk gatnaşyklary ýaly ugurlarda nägilelikleriň, jedelleriň, kanun bozmalaryň ýüze çykýan halatlary hem bolýar. Hasabat ýylynda bu meseleler bilen baglanyşykly Adalatçynyň diwanyna hem ýüztutmalar boldy. Ýöne ol ýüztutmalar «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kadalaryna laýyklykda, ýagny Adalatçynyň Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, diňe döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlaryna seredýänligi sebäpli önümçilige alynmady we seredilmedi.

Ýokarda bellenilip geçilenleri we ýurdumyzda hususy eýeçilige geçmegiň mundan beýläk hem giňeldilýänligini göz öňünde tutup teklip edýäris:

- Hususy görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň we ol ýuridik şahslar bilen hukuk gatnaşyklarynda bolýan raýatlaryň hukuklarynyň goragyny amala aşyrýan garaşsyz edaralar ulgamynyň halkara tejribesini öwrenmegi we ýurdumyzda şol edaranyň döredilmeginiň möhümligini we mimkinçiligini öwrenmegi;

Maglumatymyzyň degişli baplarynda bellenilip geçilişi ýaly, raýatlarymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen onlarça uzakmöhletleýin Maksatnamalar amala aşyrylýar. Şol Maksatnamalaryň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, täze obalaryň, täze şäherleriň gurluşygy alnyp barylýar, düýbi tutulýar, ähli amatlyklary bolan ulag serişdeleri satyn alynýar, raýatlarymyza hemme ugurlar boýunça hyzmat ediş ulgamlary ösdürilýär, döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan sanly ulgama geçmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar.Görkezilenlerden ugur alyp teklip edýäris:

─ binalaryň, jaýlaryň, ulaglaryň, habar beriş, aragatnaşyk serişdeleriniň we durmuş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ilatyň islendik toparlary üçin, şol sanda maýyplygy bolan adamlar üçin elýeterli bolmagyny göz öňünde tutulmagyny we berk berjaý edilmegini;

─ maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini dowam etdirmek, olaryň hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, elýeterlilik talaplarynyň berjaý edilmezligi üçin jogapkärçiligi girizmek mümkinçiligine seretmegi;

Maglumatdaky görkezijilerden we getirilen anyk mysallardan görnüşi ýaly, bank ulgamynyň işine nägileçilik bildirilýän ýazmaça, dilden, toparlaýyn ýüz tutmalaryň hem sany artyp başlady. Olar, esasan hem, raýatlarymyzyň daşary ýurtda okaýan çagalaryna pul geçirmek, wiza kartlary almak meselesinde duş gelýän bökdençlikler barada bolup durýar. Raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bank ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen, teklip edýäris:

- raýatlarymyzyň bökdençsiz bank ulgamynyň hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanmak hukuklarynyň kanunçylygymyzda göz öňünde tutulan kadalarynyň berk berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi.

Geçen hasabat ýylynda gelip gowşan ýüztutmalara geçirilen seljerme hem öňki ýyllardaky ýaly ýüz tutmalaryň emele gelmeginiň esasy sebäplerini takyklamaga mümkinçilik döretdi. Has takygy ýüztutmalaryň belli bir böleginiň döremegine raýatlaryň öz hukuklary we borçlary babatda, şeýle-de ýerlerde olaryň ýüztutmalaryna seredýän jogapkär wezipeli adamlaryň degişli kanunçylyk namalarynyň kadalaryndan habarlylyklarynyň ýeterlik derejede däldiginiň sebäp bolýanlygy barada netijä gelmäge esas boldy. Şeýle-de, bilşimiz ýaly, ýurdumyzda gysga wagtyň içinde sanly ulgama geçmek maksat edinilýär. Sanly ulgama geçmegiň özi, raýatlarymyzyň ýüze çykýan meseleleri babatda sanly ulgamyň hyzmatyndan peýdalanmaga, has takygy, edara guramalar bilen sanly aragatnaşykda bolmaga, islendik maglumatlary sanly ulgam arkaly almaga mümkinçilik döreder. Raýatlarymyzyň we wezipeli adamlaryň adam hukuklary babatda habarlylygyny we bilimliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm özgertmeleriň netijesinde teklip edýäris:

- Adam hukuklary babatda ilatyň we degişli jogapkär wezipeli adamlaryň habarlylygyny we bilimliligini ýokarlandyrmak babatda ministrlikler, pudak edaralary, welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, hukuk goraýjy edaralar, habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan üznüksiz, ulgamlaýyn iş alyp barmak boýunça anyk çäreleri göz öňünde tutýan bitewi bir döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň mümkinçiligine seretmegi.

Ýokarda görkezilenler bilen Adalatçy 2019-njy ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaý barada taýýarlan maglumatyny tamamlap, şu maglumatda beýan edilenleri we teklipleri döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň özleriniň gündelik, şeýle-de geljekde meýilleşdirýän işlerinde göz öňünde tutup, netijeli iş alyp barjakdyklaryna ynanýar.

Ýurdumyzda döredilen syýasy we maddy mümkinçiliklerden peýdalanyp, Adalatçy hem, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklarynyň çäginde, diwanyň işgärleri bilen agzybirlikde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň üpjün edilmegine, goralmagyna, berjaý edilmegine gönükdirilen wezipelerini mundan beýläk hem gyşarnyksyz berjaý etjekdigine ynandyrýar.

MAZMUNY

Giriş

I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy

II bap. Raýatlyk we syýasy hukuklar

III bap. Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

IV bap. Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça seljerme

V bap. Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

VIII bap. Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri

IX bap. Netije we teklipler

 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter